HABARLAR

«Ak guşlar ganat ýaýyp bezeg bersin asmana»

Neda BERGER,Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy: — Arkadag şäherinde Wena baly eýýäm ikinji gezek geçirilýär. Bu şäherde VI Wena balynyň geçirilmegi, halklaryň baý medeni durmuşyna aýratyn bir bezeg berýär. Iki ýüz ýyla golaý taryhy bolan Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlarynyň biridir. Ol wagtyň geçmegi bilen özüniň meşhurlygyny ýitirmän, eýsem, Awstriýanyň, hatda Ýewropanyň çäklerinden hem daşary çykyp, dünýäniň köp ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän medeni çärä öwrüldi. Wena balynyň geçirilmegi öz gözbaşyny Gahryman Arkadagyň 2008-nji ýylda Wena bolan saparyndan alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagyň ýardam-goldawlary bilen bilelikdäki döredilen türkmen-awstriýa «Galkynyş» simfonik orkestri hem bu ulgamda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nyşanydyr. Iki halkyň medeni gatnaşygy 16 ýyla golaý wagt bäri dowam edip gelýär. Bu Wena baly hem ýatdan çykmajak taryhy waka bolup, dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar. Diňe bir bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen çäklenmän, türkmen halkynyň baý mirasyny dünýä tanatmaga hem ýardam edýär.

Teatr sungatynyň sütüni

Maşgala terbiýesiniň aýratynlygy

Halkymyz özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala terbiýesine uly sarpa goýup gelipdir. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Ine, şonuň üçin türkmen halky maşgalany ojak, saçak ýaly mukaddesliklere deňeýär. Türkmen maşgalasynyň terbiýesi Nuh pygamberden, Oguz hanyň ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýar. Maşgala terbiýesiniň aýratynlygy barada mesele gozgalanda, öňi bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göteren halkdyrys!» diýen sözleri seriňe gelýär.

Döredijilikli zähmetden galkynyp

Ata-babalarymyzdan miras galan ruhy gymmatlyklarymyzy çuňňur öwrenmek, ony mundan beýläk-de kämilleşdirmek medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde belent borç bolup durýar. Muňa gowy düşünýän Halaç etrap medeniýet merkeziniň sungat ussatlary hem şu günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerini, milli gymmatlyklarymyzy giňden wasp edip, naýbaşy eserleri bilen halkymyza ruhy lezzet paýlaýarlar. Etrapda hereket edýän folklor, aýdym-saz, teatr, tans toparlarynyň agzalary toý-baýramçylyklaryň şanyna dürli medeni çäreleri guraýarlar. Kuwwat Möwlamberdiýewiň ýolbaşçylyk edýän «Lebap gülleri» halk aýdym we tans toparynda Rüstem Muhammedow, Jumageldi Babaýew ýaly zehinli ýaşlaryň 10-dan gowragy bar. Olar «Ýaşa, Arkadag!», «Humaý gözli», «Zenan göründi», «Türkmenistanym», «Watanym», «Ýigitler», «Çapak» diýen şirin labyzly aýdym-sazlardyr göwün göteriji tanslary bilen oba zähmetkeşleriniň arasynda, etrap we welaýat derejelerinde geçirilýän çärelerde çykyş edýärler. Zehinli aýdymçy Saparmyrat Tekäýew bolsa «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşdy. «Akdere» folklor toparyna indi köp wagtdan bäri Maýa Goçowa ýolbaşçylyk edip gelýär. Ol toparyň agzalary bilen ajaýyp döwrümiziň belent se

Wena baly: dostluk mukamy

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Açylyş dabarasynyň dowamynda Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanlaryna hoşallyk beýan edildi hem-de oňa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň bu halkara çäräniň ähmiýetini artdyrýandygy nygtaldy.

Älem içre sazlaşyk

Çeşmeleriň ajap hiňlenmeleri,Bilbilleň nagmasy geler ýol aşyp.Asman monjuklaryn dakyp boýnuna,Tomus agşamlary, men size aşyk. Kalba syrdaş bolup arzuwlan aýym,Diňläp meniň ýürekdäki namamy.Öwsüp duran güýzüň mahmal şemalyGetirip dur ýollanylýan salamy.

Aşgabat

Öwşün atýar binalaň Günüň tylla nuruna,Çalym edýär gündizleň Köpetdagyň garyna,Giňden açyk ýollaryň myhmanlaryň baryna,Gözelligiň soltandyr ýürekleriň törüne,Aziýanyň arzyly şäheri — Aşgabadym,Baky bagtyň soňlanmaz bahary — Aşgabadym. Baglaryňda bilbiller şat, erkana saýraýar,Hoş owazly nagmalar çar tarapa ýaýraýar,Gujagyňda bagtyýar durmuş joşýar-gaýnaýar,Täsinlige aşyklar ilki seni saýlaýar,Belent ymaratlaryň şäheri — Aşgabadym,Görke gelýän gündizleň säheri — Aşgabadym.

Teatr durmuşynda

Bir söýginiň kyssasy Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Saňa ýetermi owazym» atly dramanyň ilkinji görkezilişi boldy.

Dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alan akyldar

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. 11-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen we dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemlän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum hem Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligini giňden wagyz etmekde we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Medeniýet halkyň kalbydyr

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň giň gerimli ösüşleri milli medeniýetimiz we sungatymyz arkaly giňden şöhlelendirilýär. Ajaýyp döwrümiziň beýik ösüşleri, düýpli özgertmeleri döredijilik adamlarynyň eserlerinde aýdyň beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» ýaly ajaýyp eserleriniň çuňňur mazmunynda şeýle buýsançly hakykatlar täsirli beýan edilýär. Milli Liderimiziň ajaýyp eserleri adamlara akyl-paýhas paýlaýan, ruhubelentligi, halallygy, ynsanperwerligi ündeýän bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Agzybir halkymyzyň medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, ösüp gelýän ýaş nesillerde Watana, halal zähmete, milli gymmatlyklarymyza söýgini artdyrmakda medeniýet ulgamynyň işgärleri uly işleri durmuşa geçirip, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakda yhlasly zähmet çekýärler.