HABARLAR

Sungat festiwaly — halklaryň dostlugy

Häzirki wagtda netijeli daşary syýasatyň möhüm bölegi bolan medeni diplomatiýa uly üns berilýär. Şoňa görä-de, 18 — 20-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan bu festiwal köňülleri birleşdirip, halklary ýakynlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Biz Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris» diýip nygtaýşy ýaly, bu döredijilik çäresi TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze belentliklere çykarylýandygyny aýdyň görkezdi. Halkara teatr festiwaly tomaşaçylary gyzyklandyrýan sahna oýunlaryna baý bolup, onuň çäklerinde täze sahna eserleri görkezildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň forumy, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň suratkeşleriniň ussatlyk sapagy, meşhur aktýorlardyr halypa teatr işgärleri bilen d

Gadymyýetiň şöhratly sahypalary

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda jemgyýetçilik-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmäge, medeni mirasy, taryhy ýadygärlikleri düýpli öwrenmäge, rejelemäge, olary bütin dünýäde wagyz etmäge uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy oktýabrda Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşygyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ylmy duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar. Forumyň çäklerinde myhmanlar üçin gadymy Änew galasyna we meşhur Seýit Jemaleddin ýadygärligine gezelenç guralyp, olary ylmy esasda öwrenmek barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen foruma türkmen we rus alymlary gatnaşdylar. Şeýle-de sanly ulgam arkaly Italiýanyň we Çehiýa Respublikasynyň alymlary hem goşuldylar. Gazetimiziň şu sanynda foruma gatnaşyjylaryň käbirleriniň pikir-garaýyşlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Çykalga

(Hekaýa) Magtymgulynyň oba oglanlaryny okadyp başlan ýyllarydy. Şol ýylam gyşyň kyrk çillesi diýseň gazaply geldi. Gije-gündizläp ýagan gar eremän, ýer bagyrtlap ýatdy. Gijeleriň şatylama aýazy hemmeleriň ýüregine dowul salýardy. Okuwa gatnaýan çagalaryň gün-günden azalmagy şahyry hem oýa batyrýardy. Serine her hili pikirler gelip geçýärdi. «Howa sowuk, köp hojalyklarda odun gutardy diýen ýaly. Okuwdan rugsat sorap, çagalaryny meýdana odun ýygmaga alyp gidýän ata-eneleriň sany köpeldi. Az çaga bilen okuwy dowam etdirmek gelşiksiz, galyberse-de, gatnaşmadyklar geçilenleri özleşdirip bilmez. Beýle ýagdaýda okuwy dowam etdirmek gowy däl. Eýsem, näme etmeli?!»

«Amaly-haşam sungatynyň eserlerinde halypa-şägirtlik ýolunyň dowamy»

Şeýle at bilen Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde sergi gurnaldy. Sergide muzeý gaznasyna degişli milliligimiziň nusgasy bolan el halylarymyz, amaly-haşam sungatyna degişli eksponatlar, surat şekilleri, nakgaş eserleri, küýzeler, şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi. Bu sergä Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

TEATR FESTIWALY — SUNGATYŇ TOÝY

18-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy toý-baýramly Diýarymyzyň medeni durmuşyndaky möhüm wakalaryň biri boldy. Festiwal Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky  Baş akademiki drama teatrynda öz işine başlan halkara teatr baýramçylygynyň açylyşynda Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň hem-de Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparlarynyň we sirk artistleriniň edebi-çeper çykyşlary has-da ruhubelent pursatlara eýe boldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň çykyşlary, dessançy bagşylaryň belent heňde ýaňlanan aýdymlary, dürli edebi kompozisiýalaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi  halkara  teatr toýuna gelen daşary ýurtly myhmanlaryň göwnüni göterdi. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek bilen bagly alyp barýan gerimli işleriniň waspy dürli dillerde beýan edildi.Ýurdumyzyň hem-de türki dilli sebitleriň sungat işgärleriniň bilelikde ýerine ýetiren «Dost-doganlyk mukamy» atly şo

Paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirildi

18-19-njy oktýabrda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry festiwalyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.

Halkara teatr festiwaly — ajaýyp sungatyň waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýetimiz, sungatymyz we edebiýatymyz halkara derejesinde ösdürilýär, şonuň bilen bir hatarda teatr sungatymyz hem täze döredijilik gözlegleri bilen has-da kämilleşdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä halklarynyň köpdürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak halkara medeni çäreleriň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şeýle ýokary derejeli halkara medeni çäreleriň hatarynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyny hem görkezmek bolar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öz gözbaşyny gadymy halk döredijiliginiň hazynasyndan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatyny dünýä ýaýmakda, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhy-medeni köklerini, milli medeniýetini we edebiýatyny, sungatyny giňden wagyz etmekde Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dünýä halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyk

Teatr sungatynyň halkara toýy

Düýn —18-nji oktýabrda Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Ol teatr sungatynyň ýurdumyzda tutulýan toý-dabaralarynyň başyny başlady. Birnäçe gün dowam etjek bu halkara festiwaly Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Daşary işler ministrlikleri doganlyk döwletler bilen hyzmatdaşlykda guraýar. Halkara festiwal Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu döredijilik çäresine gatnaşmak üçin ýurdumyza Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, şeýle-de Türkiýeden teatr toparlary, ýazyjylar, suratkeşler, muzeý hünärmenleri geldiler.

Medeniýetleriň sazlaşygy

Goşgularymyzda «Medeniýet sözünden ömür gülleýär, medeniýet sözünden döwür gülleýär» diýip beýan edişimiz ýaly, medeniýet sözünden we ruhy gymmatlyk we hazyna bolup durýan medeniýetiň özünden ömürler gülleýär, döwürler gülleýär. Ähli halklaryň medeniýetleriniň arasyndaky sazlaşygyň güýjünden köp halatlarda dürli dillerde ýaňlanýan aýdymdyr goşgulara terjime hem gerek bolmaýar. Şu ýylyň 16-17-nji oktýabry aralygynda geçirilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dowamynda hem biz hut şeýle sazlaşygy duýduk we ýakymly duýgulary başdan geçirdik.

Bir sahna, bir ýürek...

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Türki halklaryň sahna ussatlaryny bir ýere jemlän bu teatr festiwalynyň açylyş dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň şeýle-de ýurdumyzyň teatr toparlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Teatryň öňündäki meýdançada edebi-çeper çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra festiwala gatnaşýan teatr toparlary teatryň faýesinde guralan sergini synladylar.  Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Türki halklaryň milli medeniýetinden, özboluşly teatr sungatyndan söz açýan çykyşlar öz gerimini giňden aldy. Ýurdumyzyň artistleridir tansçylaryň aýdym-sazly çykyşy, doganlyk halklaryň sungat ussatlarynyň Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» goşgusyny bilelikde ýerine ýetirmegi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Paýtagtymyza doganlyk döwletlerden gelen teatr toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýd