HABARLAR

Sarpaly senet

Sungata öwrülen gözellik Iliň däbi bihal däl! Gör-ä, halkyň hakydasyna ornan däp-dessurlara heňňam hem kär edip bilmez eken.

Sungat baýramynyň joşguny

22-nji iýunda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi mynasybetli teatryň sahnasynda sungat ussatlarynyň we belli döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy. Konsertde ýurdumyzyň döredijilik toparlary, meşhur aýdymçylar, opera ussatlary, estrada ýyldyzlary, belli tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ýygnananlaryň ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylan «Alkyş Size, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly watançylyk aýdymy konsertiň ajaýyp jemlenmesi boldy. Medeni forumyň çäklerinde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Älem nury» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeliginiň açylyşynyň çäklerindäki dabaralar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, 14-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginiň golaýynda ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 s

Medeniýet — milletiň mertebesi

Şu günler ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň şanly dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanýan giň gerimli dabaralar halkymyzyň ruhy hazynasyny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünärini kämilleşdirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ilatyň medeni derejesini ýokarlandyrmaga giň gerimli mümkinçilikleri döredýär. Milli medeniýet halkyň taryhyny we şu gününi, dünýägaraýşyny, ruhy galkynyşyny, özboluşlylygyny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli medeniýetimizi ösdürmek we onuň gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak babatda uly işler alnyp barylýar. Şunda gözel paýtagtymyz Aşgabatda gurlan Medeniýet şäherçesi we uly sport ýaryşlary bilen halklary has-da ýakynlaşdyrýan Olimpiýa şäherçesi, Arkadag şäheriniň täsinligi, ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi, täze gurlan teatrlardyr muzeýler, täsin seýilgähler we gojaman Hazaryň kenaryndaky akylyňy haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün mähriban halkymyzyň gözel kalbynyň owazyny, dünýägaraýşyny, ruhy baýlygyny özleriniň ajaýyp keşbi, gözelligi, myhmansöýerligi, şanly wakalary

Şa serpaýynyň eýeleri

Tahyr HOJAÝEW,Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň halkara habarlar merkeziniň baş redaktory:

Ýaponiýada ýaňlanan owazlar

Golaýda Ýaponiýanyň Tokio we Sukuba şäherlerinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan medeni çäreler ýapon halkyny türkmen medeniýeti, edebiýaty, sungaty bilen tanyşdyrmakda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmek, dostana gatnaşyklary jebisleşdirmek ugrunda alyp barýan daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişine goşant goşmakda ähmiýetli wakalara baý boldy. Medeni çäreleriň ýapon paýtagtynda ýerleşýän «Okura Tokyo» myhmanhanasynyň «Orçard» konsert merkezinde geçirilen açylyş dabarasyna, sergä we konserte ýurduň Parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriň hem-de beýleki edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň Ýaponiýadaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, bu ýerde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Munuň özi milli gymmatlyklarymyzyň ýokary kämillik derejesiniň dünýädäki ykrary bolmak bilen, döwlet Baştutanymyzyň medeni diplomatiýasynyň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy. Ýaponiýanyň Medeniýet işleri boýunça agentliginiň baş direktory Hirohira Nakahara, «Min-On» konsertler assosiasiýasynyň prezidenti Koji Ýamaguçi bilen geçirilen duşuşyklarda ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan syýasy g

Egsilmez hazyna

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň milli mirasyny, medeniýetini, akyldarlarymyzyň we şahyrlarymyzyň edebi döredijiligini ylmy taýdan öwrenmeklige we wagyz etmeklige aýratyn ähmiýet berýärler. Ynha, bu gün hem ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giň dabaralar bilen bellenilýär. Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, aýratyn hem, ýaşlar üçin egsilmez hazyna bolup durýar. Dünýäniň ylmy-medeni ösüşine mynasyp goşant goşan beýik türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijiligine bagyşlanyp halkara ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär, olaryň ylmy we edebi mirasy halka ýetirilýär. Muňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe meşhur türkmen alymlary, şahyrlary Mahmyt Kaşgarla, Mahmyt Zamahşara, Abusagyt Abylhaýra, Nejmeddin Kubra, Muhammet Gaýmaz Türkmene, Magtymguly Pyraga bagyşlanyp geçirilen Halkara ylmy maslahatlar hem aýdyň subutnamadyr.

Döwrümiziň galkynyşy ylham joşgunynda

Şu günler ýurdumyzda eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli geçirilip gelinýän Medeniýet hepdeligi uly ruhubelentlige beslenýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, hepdelige welaýatymyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri hem gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hepdeligi ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri kabul etdi. Munuň özi şu gezekki hepdeligiň esasy aýratynlygy hökmünde öňe çykýar. Täze şäheriň döwrebap medeni ojaklarynda geçirilen dabaralara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy aýratyn öwüşgin çaýdy.

Pyragynyň toýy

Pederleriň arzuwyna gowuşyp,Pyragynyň toýun toýlaýas bu gün.Döwre gurap, aýdym aýdyp, degişip,Pyragynyň toýun toýlaýas bu gün. Ýodalary sepläp nurana ýola,Ýetirip goşgulaň ajap ykbala,At-abraý eçilip bagtyýar ile,Pyragynyň toýun toýlaýas bu gün.

Seždegähimiz Pyragy

Bitiren uly işleri iline-gününe, Watanyna, has giň manyda bolsa tutuş adamzada bimöçber peýda getiren şahsyýetleriň birnäçesiniň keremli türkmen topragynda ýaşap, döredip geçendigi örän buýsandyryjydyr. Şeýle ägirtleriň biri-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. XVIII asyr türkmen halkynyň bagt ýyldyzynyň dogan asyrlarynyň biridir. Belli söz ussady Döwletmämmet Azadynyň maşgalasynda dünýä inip, atasyndan edep-terbiýe alan geljekki beýik söz ussady beýleki okuw mekdepleri bilen birlikde şol döwürde meşhur ylym-bilim ojagy bolan gadymy Hywadaky Şirgazy han medresesinde ylmyň çuňluklaryna aralaşýar. Käbesiniň aradan çykandygy zerarly Gerkez iline dolanmaly bolan şahyr bu bilim ojagyna hoşallygyny ajaýyp goşgy setirlerinde şeýle beýan edýär:

Döwrüň belentligine göterilýän sarpa

Medeniýet meselesi Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany bolup işlän ýyllarynda aýratyn üns beren meseleleriniň biri boldy. Hut şeýle bolansoň şol ýyllarda biz medeniýet ulgamynda uly ösüşleri gazandyk, milli we medeni gymmatlyklarymyzy täzeden dikeltdik. Ata-baba dowam edip gelýän halypa-şägirtlik dessury ýörelgelerimiz hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen baý many-mazmuna eýe boldy. Halypalara hormat goýmak däbi — ata-babalarymyzyň sarpalanylan gymmatlyklarynyň biri. Gahryman Arkadagymyz hem bu däbe berk eýermek bilen, halypa-şägirtlik ýörelgesine täzeçe badalga berdi.