Bilelikdäki filmiň Daşkentdäki görkezilişi
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem tamamlanyp barýar. Bu ýylda beýik türkmen şahyrynyň at-owazasy, sözüň doly manysynda, dünýä ýaň saldy. Onuň hormatyna Zeminiň çar künjeginde dürli mazmunly çäreler ýaýbaňlandyryldy. «Magtymguly — biziňem şahyrymyz!» diýýän özbek doganlarymyz bolsa görnükli akyldaryň ýubileýini öz ýurdunda has uludan dabaralandyrdylar. Şu ýylyň fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny tutuş ýurtda giňden bellemek hakynda Karara gol çekendigi hemmämize mälimdir. Şol Kararda özbek we türkmen kinematograflary tarapyndan şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan filmi surata düşürmek hem möhüm wezipeleriň biri hökmünde bellenildi. Şunlukda, bilelikdäki tagallalar esasynda «Magtymguly Pyragy» atly çeper film döredilip, ol paýtagtymyzda geçirilen «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň çäginde ilkinji gezek görkezildi. Golaýda bolsa Özbegistanyň Milli kino köşgünde bu film özbek kinosöýüjileriniň dykgatyna ýetirildi. Mälim bolşy ýaly, şanly ýylyň dowamynda türkmen kinematograflary Türkiýede, Özbegistanda, Azerbaýjanda, Hindistanda, Eýranda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Russiýa Federasiýasynyň