HABARLAR

Öňdebaryjylar höweslendirilýär

Ýakynda Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde günorta arakesmesi wagtynda etrap häkimliginiň iş meýilnamasy esasynda etrap medeniýet bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşiginiň bilelikde guramagynda galla oragyna gatnaşýan zähmetkeşleriň armasy ýetirilip, aýdym-sazly medeni-dynç alyş çäresi geçirildi. Bu medeni dynç alyş çäresine etrabyň il-sylagly ýaşululary, Galla oragy möwsümine gatnaşýan kombaýnçylar, sürüjiler we öňdebaryjy kärendeçiler gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň, folklor hem-de tans toparlarynyň çykyşlary, sahna wäşileriniň gülküli sahna oýunlary bu ýere gatnaşjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Belent heýkel döwürleriň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde döredilen Magtymguly Pyragynyň belent heýkeli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp miwesi bolup, çar ýana şöhle saçýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabaraly ýagdaýda açylan nusgawy şahyryň äpet ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy paýtagt şäheriň milli binagärlik keşbine aýratyn bezeg berdi. Magtymguly Pyragynyň ör-boýuna galyp duran nurana ýadygärligi halkymyzyň beýik söz ussadyna, onuň baý many-mazmunly çeper döredijiligine belent sarpasyny aňladýar. Medeni-seýilgäh toplumynda dostlukly halklaryň meşhur şahsyýetleriniň, şahyrlarynyň, akyldarlarynyň döwre gurap oturan heýkelleriniň deňinden geçeniňde, ylham ýaýlasynda seýil edýän ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň aýdyň beýany bolan bu görnüşler ýüreklerde çäksiz buýsanç döredýär.

Türkmeniň ruhy çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky bu mukaddes toprakda ýaşap geçen beýik şahsyýetleriň sarpasyny belende göterýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilmegi, bu senäniň bellenilýän ýylynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli şahyry, ruhy çyragy, durmuş mekdebi. Beýik akyldar üç asyrdan bäri her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda ýaşaýar. Jemgyýetçilik aňynyň ösüşine örän uly goşant goşan, nusgawy edebiýatyň esaslandyryjysy Magtymguly Pyragy, sözüň doly manysynda, milletimiziň milli mertebesidir. Şahyryň ajaýyp döredijiligi we baý edebi mirasi diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, tutuş älem ylmynyň we ruhyýetiniň altyn hazynasyna öwrüldi.

Maslahat geçirildi

Welaýat häkimliginiň, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň bilelikdäki meýilnamasy esasynda, Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän aladalardan ugur alnyp, olaryň aňynda watançylyk ýaly ýokary ahlak häsiýetleri terbiýelemek, Watana wepaly, edepli, ruhubelent we sagdyn bedenli bolup kemala gelmegini gazanmak maksady bilen geçirilen maslahata etrabyň dürli ýerlerinden ýaşlaryň köp sanlysy gatnaşdy. Maslahatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ösüş-özgertmeler, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler dogrusynda söhbet açylyp, ýaşlar hakda edilýän aladalara aýratyn üns çekildi. Ýaşlary bezeýän oňat gylyk-häsiýetler, watansöýüjilik, milli edep-terbiýe kadalary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen baglanyşykly aýdylanlar maslahata gatnaşanlarda uly täsirleri döretdi. Maslahatda kämil bilimli, hünärli bolmak, Watana wepaly nesiller, ökde hünärmenler bolup ýetişmek babatynda döredilýän giň mümkinçiliklerdir şertlerden netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti barada aýdylan öwüt-ündewler ýaşlarda gyzgyn goldaw tapdy.

Ruhubelentlige beslendi

Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Kim çalasyn?!» ady bilen sportuň hereketli oýunlarynyň birnäçe görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan guralan ýaryşa merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşda güýçli toparlar öňe saýlandy. Netijede, «Ruhubelent» topary birinji, «Güneş» topary ikinji, «Gökdere» topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýörite sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde waspnama

25-nji iyunda Arkadag şäherinde teleradio žurnalistleriniň gatnaşmaklarynda «Magtymguly umumadamzat şahyry» atly brifing geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän bu döredijilik dabarasynyň uly ähmiýeti bardyr. Türkmen jemgyýetiniň ägirt uly mümkinçiliklerini aýdyň beýan edýän we halkymyzyň ruhy durmuşynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen bu dabara uly many-mazmuna eýe boldy. Dabaranyň dowamynda çykyşlara giňden orun berildi. Milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmegiň, ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň, dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmegiň möhüm wezipesi bolup durýar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän dürli medeni çäreler, halkara maslahatlar, sergilerdir festiwallar şu maksatlara gönükdirilendir.

Uly täsirleri döretdi

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaşlaryň ýangyn howpy boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen geçirilen duşuşyga merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar gatnaşdy. Duşuşykda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, berk bedenli, sagdyn ruhly, geljekde durmuşa taýýar düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalar dogrusyndaky täsirli gürrüňe üns çekildi, okuwçy ýaşlara ýangyn söndüriji enjamlaryň doly we dogry ulanylyşy öwredildi, ýangyn howpy dogrusynda giňişleýin düşünje berildi.

Dünýä belli aýdym-saz festiwaly

Tomus pasly howa durumynyň asuda bolmagy bilen, köplenç açyk howada geçirilýän dabaralara, medeni çärelere baý möwsüm hasaplanýar. Bu döwürde adamlar hem zähmet rugsadyna çykyp, dynç alyş möwsümine gadam basýarlar. Şeýlelikde, dünýäde adamlaryň rahat dynç almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin dürli dabaraly çäreler guralýar. Dünýäniň ýurtlarynda dürli medeni çäreleriň geçirilmegi ýygjamlaşýar. ABŞ-nyň Miluoki şäherinde geçirilýän «Summerfest» aýdym-saz festiwaly hem ýüzlerçe aýdymçydyr sazandalaryň, aýdym-saz muşdaklarynyň bolsa ýüz müňlerçesini özünde jemleýän ajaýyp dabaradyr. Festiwal 1968-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. 1999-njy ýylda özüniň şüweleňdir şagalaňy, geriminiň giňdigi hem-de köp gün dowam edýändigi bilen tapawutlanan «Summerfest» festiwaly Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan hem orun aldy.

Aýdym-sazly dabara

Biz — şadyýan çagalar TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 6-njy çagalar bagynda körpeleriň arasynda “Biz — şadyýan çagalar” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky 4-nji, 5-nji, 6-njy çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär

Türkmenistanda 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Ozalky saýlawlarda bolşy ýaly, şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň hem baş maksady gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleri türkmen jemgyýetiniň durmuşynda mundan beýläk-de berkitmegiň üýtgewsiz şerti bolup çykyş edýän giň bäsdeşlik esaslaryny döretmekden ybaratdyr. Şu günler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawlara taýýarlyk möwsümi dowam edýär. Onuň çäklerinde milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk ukyplary, olaryň maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalar olaryň maksatnamalarynyň esasy mazmunyny düzýär. Gyzyklanma bildirilip geçirilýän söhbetdeşlikleriň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna jogap berýärler, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özge