HABARLAR

Ýigrimimiň pikirleri

■ Men saňa duşanymda bir tokga polatdym. Meni mähriň bilen eretdiň-de, galyba saldyň. Men gylyç boldum. Öz ýasan zadyňy geň görüp, eliňe aldyň. Ilki bilen kesen zadym seniň eliň boldy. Bagyşla meni! ■ Maňa: «Egoist» diýmäň! Özüňi söýmegem bir sungat.

Üýtgeşik zehinli talybyma (Oýlanma)

Salam, Saýathan! Gowumy ýagdaýlaryň, Hudaýberen gyzy?

Çagalar şadyýan dynç alyşda

Tomus paslynyň şu ajaýyp günlerinde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alyşda bolýan mekdep okuwçylarynyň ençemesi wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Olaryň saglyklaryny berkidip, täze okuw ýylyna uly güýç bilen başlamaklary üçin döredilýän şertler çagalarda ýakymly ýatlamalary galdyrýar. Ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri bu ýerde ýygy-ýygydan bolup, çagalaryň gowy dynç almagyna, peýdaly işler bilen meşgullanmagyna ýakyndan ýardam berýärler. Golaýda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň işjeň agzalary paýtagtymyzyň medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň wekilleri bilen bu merkezde bolup, milli oýunlarymyz boýunça dürli bäsleşikleri geçirdiler. Çagalaryň dürli kitaplary okamagy guralyp, gürrüň bermek ukyby boýunça, gyzjagazlaryň arasynda el işlerini etmekde, alaja işmekde, örmekde başarnyklaryny synap görmek, surat çekmek bäsleşigi guraldy. Bäsleşigiň dowamynda küşt, düzzüm, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, matanyň ýüzüne milli nagyşlarymyzy salmak, örmek, işmek, okan eserini gürrüň bermek boýunça çagalar özara bäsleşdiler. Has başarjaň, ukyply çagalar öňe sa

Wagyz-nesihat maslahaty

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň welaýat prokuraturasy we adalat bölümi bilen bilelikde guramagynda jemgyýetimizde hukuk tertibini üpjün etmek, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň ýoly bilen» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesinde geçirilen maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli kanunçylyk ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýratyn bellenildi. Çykyş edenler ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny goramak, raýat jemgyýetini berkarar etmek babatynda hukuk goraýjy edaralar tarapyndan alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler.  Şunda  raýat hukuk gatnaşyklarynyň uly orna eýedigini bellediler. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi babatda alnyp barylýan işleriň bagtyýar ildeşlerimizde çäksiz hoşallyk duýgusyny döredýändigi bellenildi.

Täsirli geçen çäre

Etrek etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, «Watana bolan söýgüsi üçin», «Magtymguly Pyragy» medallarynyň eýesi, şahyr Ahmetberdi Mededowyň «Yşk dünýäsiniň gujagynda» diýen täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler şahyry täze kitabynyň neşir edilmegi bilen gutlap,  galamynyň ýiti, kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Täsirli geçen duşuşyk

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda agzalan kitaphanada ýaş okyjylaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşykda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup kemala gelmegi ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda söhbet açyldy. Häzirki günlerde mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýändigi, bagtyýar çagalaryň şadyýan dynç almagy, saglygyny berkitmegi babatynda ýurdumyzda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigi barada aýtmak bilen, duşuşykda çykyş edenler ýaşlaryň kitaphana ýygy-ýygyndan gelmeginiň hem guwandyryjy ýagdaýdygyny bellediler. Kitaphana işgärleri ýaşlara kitaphananyň işi, kitap gory we dörebap hyzmatlar hakda gyzykly gürrüň berdiler.

Şadyýanlygyň mekany

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde tomsuň häzirki gyzykly günlerinde welaýatymyzyň dürli ýerinden gelen mekdep okuwçylarynyň uly topary dynç alyş günlerini ruhubelentlikde geçirýär. Munuň üçin merkezde giň şertler bar. Merkezde jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem täsirli bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar, sport ýaryşlary we beýleki baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Ol ýerde zähmet çekýän terbiýeçi mugallymlar bolsa, her bir çäräniň netijeli we ýatda galyjy bolmagy ugrunda tagalla edýärler.

Okuw maslahatlar — işjeňlige eýe

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň iş meýilnamalarynyň çäginde şu günler etraplaryň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň, daýhan birleşikleridir daýhan hojalyklarynyň işçi-hünärmenleriniň arasynda okuw maslahatlar geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we Tejen etrap birleşmeleriniň guramagynda biziň etrabymyzda hem Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň kadalaryny, zähmeti goramak we sagdyn howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly kanunçylyk namalaryny düşündirmek maksady bilen okuw maslahatlary geçirilýär. Okuw maslahatlary işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak babatda we özara tejribe alyşmakda ähmiýetli bolup durýar. Onuň barşynda zähmeti goramak boýunça kadalaryň, düzgünleriň berjaý edilişi, zähmeti goramagyň degişli talaplara laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, degişli gollanmalaryň dogry ýöredilişi barada aýratyn gürrüň edilýär.

“Ýaşyl ýaýladaky” sport ýaryşy

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde “Biz sagdyn nesiller” ady bilen kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşa gatnaşmaga höwes bildiren çagalar köp boldy. Ýaryşyň açylyş dabarasynda bagtyýar ýaşlara sport bilen yzygiderli meşgullanmak we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça gymmatly ündewler aýdyldy hem-de üstünlik arzuw edildi. Bu bolsa çagalara ýeňiş gazanmaga hyjuw berdi.

3 duşuşykda ýeňiş gazanan topar esasy wagtda belli bolmady

Ko­pa Ame­ri­ka­da çär­ýek fi­nal­da Ar­gen­ti­na bi­len Ek­wa­do­ryň ýy­gyn­dy­sy du­şuş­dy. Oý­nuň 35-nji minutynda ar­gen­ti­na­ly go­rag­çy Li­sand­ro Mar­ti­nes ta­pa­wut­lan­dy. Ek­wa­dor­ly­lar bu go­la oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ryn­da, has ta­ky­gy, 90+2-nji mi­nut­da Ho­se Rod­ri­ge­siň go­ly bi­len jo­gap ber­di. Ne­ti­je­de, oý­nuň esa­sy wag­ty 1-1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Oýun­dan soň goş­ma­ça wagt be­ril­mez­den (di­ňe fi­nal oý­nun­da ber­ler) gö­nü­mel pe­nal­ti ur­gu­la­ry­na ge­çil­di. Pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da-da ar­gen­tin­le­riň il­kin­ji ur­gu­sy­ny uran su­per ýyl­dyz Lio­nel Mes­si­niň to­py sü­tün­den yzy­na gaýt­dy. Ýö­ne soň­lu­gy bi­len Ar­gen­ti­na­dan Al­wa­re­siň, Ma­kAl­lis­te­riň, Mon­tie­liň hem-de Ota­men­di­niň ur­gu­la­ry dürs bo­lup, Ek­wa­dor­da­nam 1-2-nji ur­gu­la­ry uran Me­na bi­len Min­da­nyň pe­nal­ti­le­ri­ni-de ar­gen­ti­na­ly der­we­ze­çi, pe­nal­ti sak­la­mak­da ök­de ha­sap­lan­ýan Emi­lia­no Mar­ti­nes sow­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Ek­wa­dor­dan Ýe­boa­nyň hem-de Hor­di Kai­se­do­nyň ur­gu­la­ry dürs bol­sa-da, bu ola­ra ýe­ter­lik bol­ma­dy. Pe­nal­ti­ler­de