HABARLAR

Täze ýyla täze arzuwlar bilen

Bosagada täze — 2025-nji ýyl. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatdyr etraplarynyň, obadyr şäherleriň, öý-ojaklaryň Täze ýyl öwüşginine beslenmegi, söwda dükanlarynda, ak bazarlarda Täze ýyl söwdasynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy bu ajaýyp baýramyň barha golaýlaýandygyndan habar berýär. Täze ýyl maşgala baýramy hökmünde her öý, her ojakda uly şatlyk bilen garşylanyp, uludan bellenilýär. Aýratyn-da, körpe neslimiziň Täze ýyly garşy alşy üýtgeşik. Bagtyýar körpeler gyş paslynyň ilkinji gününden täze ýyldyr Aýazbaba baradaky goşgulary ýatlap, Täze ýyl sowgatlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ynha, ýene-de sanlyja günden Aýazbabadyr Garpamyk içi sowgatly horjunyny egnine atyp, döwletli öýlerimiziň gapysyndan girer. Aýazbabanyň paýlaýan Täze ýyl sowgatlary bu maşgala baýramçylygynyň esasy şatlygy hem bezegidir. Biz toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara baý bolan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly dabara bilen ugradýarys. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilen ýyly her birimiziň durmuşymyzda aýratyn ýatdan çykmajak taryhy ýyl boldy.

Täze ýylyň ýalkymy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-şowhuny çar tarapa ýaň salýar. Täze ýyl arçalarynyň owadan bezegleri ýürekleri buýsandyrýar. Dürli görnüşli oýnawaçlardyr çyralar bilen bezelen arça diňe bir çagalaryň däl, ulularyň hem göwünlerini göterýär. Baş arçanyň daşynda körpeler üçin Aýazbabadyr Garpamyk hem-de ertekiler dünýäsiniň gahrymanlary bilen bilelikde şatlanmak has ýakymly. Şu günler ýurdumyzda bosagada duran Täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin taýýarlyk işleri batly depginler bilen alnyp barylýar. Tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl mähriban Diýarymyz, bagtyýar halkymyz üçin hemmetaraplaýyn üstünlikli, düşümli ýyl boldy. Her bir baýramçylyklarda, şanly senelerde özboluşly toý lybasyna beslenýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbinde hem golaýlap gelýän Täze ýyl baýramynyň öwüşgini özboluşly şöhlelenýär. Ak şäherimiziň binagärlik keşbinde ýokary ussatlyk bilen döredilen ajaýyp öwüşginler, «Täze ýylyňyz gutly bolsun!», «2025» ýazgylary bolsa her bir adamda ýakymly täsirleri döredýär, şatlykly pursatlary bagyşlaýar. Täsin görnüşde bezelen dürli öwüşginli yşyklar, baýramçylyk çyralary Täze ýylyň täsirini we joşgunyny has-da artdyrýar.

Baýramçylyk dabaralarynyň şatlyk-şowhuny

Täze ýyl baýramy şatlyk-şowhunyň, ruhubelentligiň, täze arzuw-umytlaryň baýramy hasaplanylýar. Bu baýramçylyga nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan körpeje ýaş nesillerimiz bilen bir hatarda, islendik ýaşdaky adam hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelýän günlerinde bolsa, bu ajaýyp baýramçylygyň şowhuny has-da artýar. Ine, şeýle ajaýyp günlerde ajaýyp baýramçylyk bolan Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzda dürli dabaralar, çäreler, şowhunly konsertler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň hatarynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan daşary ýurtly belli estrada aýdymçylarynyň konsertlerini görkezmek bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Täze ýyly garşylaýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin daşary ýurtly sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi baýramçylygyň şowhunyny artdyrýar. Bu baýramçylyk konsertleri mähriban halkymyzda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary galdyrýar hem-de kalplarynda guwanç, buýsanç duýgularyny oýarýar. Ýurdumyzda ýokary ruhubelentlikde geçirilýän şeýle baýramçylyk dabaralarydyr konsertler halkymyzyň agzybirligini, asudalygyny, bagtyýarlygyny alamatlandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bi

Ýurduma toý bolup gel, Täze ýyl!

Rowaçlyklara beslenjek Täze — 2025-nji ýyly dabaraly garşylamak maksady bilen welaýatymyzyň ähli ýerlerinde şatlyk-şowhuna beslenen dabaralar geçirilýär. Bagtdan paýly ildeşlerimiz baýramçylyk dabaralaryna egsilmez hyjuw bilen gatnaşýarlar. GÖKDEPE. Etrabyň Medeniýet köşgündäki baýramçylyk dabarasy ruhubelentlige beslendi. Täze ýyl baýramçylygyna mahsus äheňde bezelen owadan zala ýygnanan bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, öňdebaryjy oba zähmetkeşleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar toý gutlaglaryny beýan etdiler.

Çagalara şatlyk paýlan dabara

Welaýatymyzyň dürli etraplaryndan çagalaryň uly topary paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet gurjak teatrynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdylar. Ruhubelent çagalar üçin bu çäräni Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi we welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurady. «Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!» atly dabara gatnaşyjylar ilki bilen gurjak teatrynyň artistleriniň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan şüweleňli çykyşlaryna tomaşa etdiler. Çagalar üçin özboluşly toý sowgady bolan täsirli çykyşlar ýaş nesle ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berdi. Baýramçylyk şüweleňi teatryň eýwanyndaky Täze ýyl arçasynyň ýanynda dowam etdi. Bu ýere Aýazbabadyr Garpamygyň gelmegi çagalaryň şatlygyny goşalandyrdy. Welaýatymyzyň bagtyýar çagalary Aýazbaba we Garpamyk bilen baýramçylyk arçasynyň öňünde tans oýnadylar, şatlandylar.

«Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!»

Täze ýyl baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň edara-kärhanalarynyň, orta mekdepleriniň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda etrabyň «Bagt köşgi» toý mekanynda «Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hünärmenleri, işjeň agzalary Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýolladylar. Bagtyýarlyk, saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ösüşlere beslenen özgertmeleriniň durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikleri arzuw edip, olar ýaşlar baradaky ýadawsyz aladasy, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler.

Ýyl ýyla badalga

Ýene-de sanlyja günden ajaýyp taryhy wakalary, dünýä ähmiýetli beýik işleri, ýakymly pursatlary, göwün göteriji belent sepgitleri bilen hakydalarymyzda hemişelik yz goýjak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhyň altyn sahypalaryndan orun alar. Döwletimiziň, milletimiziň halkara giňişligindäki şöhratyny has belentliklere göteren bu ajaýyp ýyl bilen hoşlaşyk pursady ýakynlaşdygyça, ýakymly ýatlamalar seriňe köp dolýar. Göwünlere ganat bagladýan ol ýatlamalar Täze ýyly şatlyk-şagalaň bilen mynasyp garşylamaga ruhy joşgun berip, geljek ýylyň mundan-da rowaç boljakdygyna ynamyňy pugtalandyrýar. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna bedew badyny beren 2024-nji ýyl täze ýylda ýetilmeli belent sepgitlere badalga bolar. Tamamlanyp barýan ýylda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde sebit hem-de dünýä döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklarymyz has giňedi. Hemişelik Bitarap döwletimiz iri halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen tutuş adamzadyň bähbidini araýan oňyn meselelerde birek-birege ynamdar hyzmatdaşa öwrüldiler. Bitarap Türkmenistan diňe bir öz bähbidini däl, eýsem, ähli ýurtlaryň hem-d

Bazarlarda bereket bar

Iş bilen öý aralygyndaky gatnawym Teke bazarynyň üstünden düşensoň, Täze ýyl baýramynyň ýakymly täsirinden kalbyny pürepürleýänleriň ilkinjileriniň biri bolsam gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny jemleýji aýyň ilkinji günlerinden ak bazaryň gözümi dokundyrýan harytlarynyň üstüniň Täze ýyl baýramynyň buşlukçylary bilen ýetirilendigini görüp, çaga sabyrsyzlygy bilen jadylaýjy pursatlara garaşýaryn. Süýjüliklerden dos-doly sowgatlyklar, ertekilerdir multfilmlerdäki gahrymanlaryň keşbindäki lybaslar, dürli ululykdaky täsin arçalar we olaryň bezegi üçin niýetlenen älemgoşar öwüşginli zerler, oýnawaçlar, yşyklar, mahlasy, adyny tutan zadyň bar. Baýramçylyk ruhuny bagyşlaýjy bazara baryp, barha gyzyşýan söwda, bol harytlaryň köpdürlüligine, elýeterli nyrhlaryna guwanyp, her biriniň deňinde biygtyýar, nähili aýak çekenimi-de duýman galýaryn. Ter miweleriň, gök we bakja önümleriniň melul ediji hoşboý müşki-anbary, olaryň gaplamalarynyň, şire suwlarynyň şirin-şekerligi işdä beleň berýär. Şeýle pursatlarda satyjylaryň hoşamaýlyk bilen harytlaryny mazamlamalary-da hoşuma gelýär. Goruny toýlarynda gowzadýan halkymyzyň ýurdumyzyň söwda nokatlarynda dolup-daşmasy — bagtyýarlygyň, eşretli durmuşyň hakykat ýüzünde şöhlelenmesinden bir pur

Täze ýyl şygyr setirlerinde

Hiç kimsäniň göwün islegin ýykman,Barymyza bar getirer Täze ýyl.Gözel Şagulyýewa. Howlugýarys Täze ýyly görmäge.Howlugýarys ömri öňe sürmäge.Gara Seýitliýew.

Täze ýyl henekleri

Täze ýyl baýramynyň bosagasynda aýgytlaýjy oýna çykmaga taýýarlanýan hokkeý toparynyň tälimçisi janygyp oýunçylaryny ruhlandyrýar: — Men size ynanýan. Ba-ar gujur-gaýratyňyzy görkeziň-de, bu oýunda ýeňiş gazanyň. Meniň Täze ýylyma ýeňşi sowgat etjekdigiňize birjigem şübhäm ýok.