HABARLAR

Ýangyndan ägä boluň!

Watandaşlarymyzyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çärelerine garaýşynyň giň bolmagy möhümdir. Bu, elbetde, jemgyýetimiziň geljeginiň has-da sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek biziň her birimiz üçin hökmany zerurlykdyr. Şonuň üçin, biziň wezipämiz, öýlerimizde we iş ýerlerimizde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ygtybarly üpjün etmek, şonuň bilen birlikde her bir adam olary bilmäge, şeýle-de şol düzgünleri doly, dürs ýerine ýetirmäge borçludyr. Ýangyn hadysasy ýüze çykanda, Ýangyn howpsuzlyk gullugyna öý we iş telefonlary arkaly 01 ýa-da öýjükli ykjam el telefonyndan 001 belgisine jaň edip, habar bermeli. Ilkinji nobatda, garrylary, hassalary, çagalary howpsuz ýere çykarmaly. Elektrik germewlerindäki awtomatiki abzallary öçürmeli. Güýçli tüsselemede öýden çykylanda gözleri, dem alyş ýollaryny suwda öllenen islendik esgi bilen tüsseden gorap, gapyny gulplaman pugta ýapmaly.

Beýik halkyň taryhy hem beýikdir

Döredijilik ynsan ömrüniň manysy hakynda oýlanmaga, geçmişe nazar aýlamaga ýardam edýän ylahy güýçdür. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň halkymyza gowuşmagy kalba ylham bagyşlaýan wakalaryň biri boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda belent maksatly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan taryhy özgertmeleriň rowaçlanýan ajaýyp döwründe edebiýata, medeniýete, milli gymmatlyklarymyza belent hormat-sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda: «Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler. Gerdişinde gadymyýetiň aýanu-syrly habarlaryny saklaýan mukaddes topragymyzda daş-töweregiň gözelliklerini synlaýan mahalym, çuňňur oý-pikirlere hemra bolýaryn. Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin. Şunda adamzat taryhyndaky iň gadymy medeni ojaklaryň hut şu topraklarda döräp, soňra töwereklere, sebitlere, dünýä ýaýrandygy hakyndaky hakykata buýsanýaryn. Dogrudanam, taryh şu ýerden başlaný

Baýramçylyk buýsanjyna beslenen dabaralar

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Halkara Bitaraplyk gününi, baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk senesini dabaralandyrmak maksady bilen, baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki «Berkarar» toý mekanynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Halypa hatyrasy

Aky agaly günler Rejepguly Ataýewiň daýaw göwresi, gürrüňdeşine talapkär nazarlary bardy. Ol welaýatymyzda iň abraýly hojalyk ýolbaşçylarynyň biridi, döwlet baýragynyň laureatydy. Bu sylag oňa obany suwlulandyrmak boýunça tutuş ýurda görelde bolarlyk işleri bitirenligi üçin berlipdi. Akylly-paýhasly, bar zat hakynda alada edýän adamdy. Şonuň üçin onuň oba adamlarynyň arasynda abraýy juda uludy.

Magtymguly Pyragyly Diýarym

Halkara at-abraýy, belent mertebesi bilen ady dünýä dolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz gülläp ösüşleriň has täze sepgitlerine eýe bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan ajaýyp görkezijiler hemmeleriň kalbyny belent buýsanja gaplaýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda döwletimiziň gerimli ösüşleriniň gadamy has-da batlanýar. Çünki, diňe bir türkmen halkynyň däl, bütin Gündogaryň akyldar şahyry hökmünde abraýy belende göterilen Magtymguly Pyraga goýulýan sarpanyň şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaralandyrmak baradaky belent buýsanç bilen utgaşmagy ýurdumyzy gaplap aldy. Beýik akyldaryň uly toýuny zähmet sowgatlary bilen şöhratlandyrmak bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şol borçdan ugur alyp, biz hem ýaşlara ylym bermek babatdaky işimize ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşmäge çalyşýarys.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Akyldar şahyrdan söz açsak... Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlen şygara beslenmegi şahyra goýlan uly hormat-sarpadyr.

Bagşynyň iň agyr synagy

Gaýynatam, Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýew öz şägirtlerine berýän öwütlerinde, öýümize myhman bolan belli bagşy-sazandalar bilen edýän söhbetlerinde bagşy-sazandalaryň edebi hakynda has köp ýanjardy. Ol: «Bagşy öz edebinden çüýreýändir» diýip, köp gaýtalardy. Bir gezek şeýle söhbetleriň birinde: «Toýuň bagşysynyň iň agyr synagy nämedir?» diýip, oturanlara ýüzlendi. Menem boşan çäýnegi alyp, bosagadan ätläp, bir zada güýmenen bolup sägindim. Bu sowal mende-de uly gyzyklanma döretdi. Şägirtleriniň biri «Dessan aýtmak» diýse, biri «Jemleýji aýdym aýtmak» diýdi, gaýynatam olary ünsli diňledi. Soňra birsalym dymdy-da:

Düşündiriş işiniň ähmiýeti

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny gazanmak hemişe derwaýys mesele bolup, döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu wezipäniň oňyn çözgütlerine badalga berilýär. Bu mesele “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da möhümligine galýar. Bölümçämiziň gözegçileri ýollara we köçelere berk gözegçiligi ýola goýmak bilen, düşündiriş çäreleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyna-da uly ähmiýet berýärler. Şeýle çäreleriň çagalar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtamalydyrys. Şonuň üçinem biz etrabymyzdaky mekdeplerde, çagalar baglarynda düşündiriş işini göwnejaý ýola goýýarys. Çagalar bilen duşuşyklarymyzda diwarlyklardyr beýleki görkezme esbaplarynyň kömegi bilen köçäni ýa-da ýoly kesip geçmegiň, gatnawly köçeleriň gyrasyndan ýöremegiň, çatryklardaky ýolyşyklaryň, ýol belgileriniň çagalara degişlileriniň talaplaryny düşündirýäris.

Bilim edaralarynda ýangyn howpsuzlygy

Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Murgap etrap ÝHB-niň DÝGB-niň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory Kakaly KELOW bilen duşuşyp, bilim-terbiýe edaralarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — Mekdeplerde we çagalar baglarynyň jaýynyň golaýyna barylýan ýollaryň, geçelgeleriň, ýangyna garşy peýdalanmak üçin niýetlenen suw çeşmeleriniň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilip durulmalydyr. Ähli howuzlar wagtly-wagtynda suwdan doldurylyp durulmalydyr. Jaýlaryň ätiýaçlyk çykalgalary elmydama açyk ýagdaýda saklanylmalydyr. Olarda ýangyn söndüriji tehnikalar päsgelçiliksiz barar ýaly boşluklar bolmalydyr. Mekdep jaýlarynda himiýa barlaghanalary, fizika otaglary, okuw usulhanalary ýangyn howpuny döredýän esasy ýerlerdir. Adatça, ol ýerlerde ýanyjy materiallar, maddalar, ýeňil ot alýan suwuklyklar, gaz we spirt bilen ýakylýan çyralar, elektrik gurallary hem-de beýlekiler peýdalanylýar. Şonuň üçin tejribe geçirilip gutarylandan soň seljerişhanadaky we ussahanalardaky iş stollary tertibe salynmalydyr hem-de jaýyň içi süpürilip ýygnalmalydyr.

Ýadygärlikler toplumyna syýahat edildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna syýahat guraldy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan syýahata Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap birleşmeleriniň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdy. Syýahatyň barşynda ýadygärlik toplumyna aýlanyp görüldi. Olara ýadygärligiň gurluş aýratynlyklary we oňa degişli toplanan ylmy maglumatlar barada gürrüň berildi. Geçmişde “Gözellik öýi” diýen at bilen meşhurlyk gazanan ýadygärlikler toplumynyň baý taryhynyň bardygy, onuň binagärlik sungatynyň ajaýyplyklaryny özünde jemleýändigi barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.