Tagallalar birleşdirilýär
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri, hususan-da, goňşy ýurtlar, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär. Dürli döwletler bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda deňhukukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň tutuş adamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagy Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz şu günler welaýatymyzdaky edara-kärhanalarda, bilim-terbiýeçilik ojaklarynda bolup, wagyz-nesihat çär