HABARLAR

Edep — altyn, terbiýe — hazyna

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän gyz-gelinleriň arasynda ene-mamalarymyzdan miras galan milliligi, asyllylygy, ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik. Duşuşykda çykyş edenler maşgala agzybirligi, maşgalada çaganyň we ene-atanyň orny barada giňişleýin durup geçdiler. Her bir maşgalada çaga terbiýesine aýratyn üns berilmelidigini  ündediler. Milliligimize, asylly däp-dessurlarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow konsertiň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi

TOÝLARY-TOÝLARA ULAŞÝAN, DIÝARYM Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyzyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere, toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle bagtyýarlygyň saýasynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bolelin, eşretli ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Wagyz-nesihat çäreleri

EDEP-TERBIÝELILIK — ÝAŞLARYŇ ÝARAŞYGY Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmäge gönükdirilen wezipelerinden ugur alnyp terbiýeçilik çäreleri geçirilýär. Golaýda şeýle çäreleriň biri etrapdaky 10-njy orta mekdepde geçirildi. Çäräni TKA-nyň etrap birleşmesi TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurady. Oňa ýokarda atlary agzalan guramalaryň işgärleri, 1,15-nji orta mekdepleriň mugallymlary, 10-njy orta mekdebiň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Parahatçylykda çagalaryň sesi

Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralan «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileriniň sylaglanylyş dabarasy Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde geçirildi.

Ajaýyp kitap halkymyza sowgat

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň guramagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Beýik ýüpek ýoly» myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň hünärmenleri we il ýaşululary gatnaşdy. Dabarada çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere, taryhy wakalara  beslenýän günlerinde,  Halkara Bitaraplyk baýramynyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň halkymyza gowuşmagynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wakalaryň biri  bolandygyny nygtadylar. Olar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şanly taryhy hem-de häzirki ösüşi barada giňişleýin maglumatlary öz içine alan eseriň ylmy we taryhy nukdaýnazardan dünýä jemgyýetçiligi üçin hem baý çeşme bolup durýandygyny bellediler.

Arkadag şäheri Quality Choice Prize 2024 baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň ilkinji “akylly” we durnukly ösýän Arkadag şäherine duşenbe güni Wenada Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň (ESQR) “Hil taýdan saýlama baýragy 2024” (Quality Choice Prize 2024) atly abraýly sylagy gowşuryldy. Çäräniň guraýjysy bolup çykyş eden Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýeti her ýyl şähergurluşyk, saglygy goraýyş we energiýa tygşytlylyk ýaly ugurlarda hil dolandyryşda ýetilen üstünlikleri höweslendirýär. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy habar berýär. Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa tejribeler bilen utgaşýan ýokary şähergurluşyk ülňüleriniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin sylaglanyldy. Bu baýrak durnukly şähergurluşyk nusgasy hökmünde şäheriň ýeten sepgitlerini nygtaýar.

Gökdepede Gurbanguly Berdimuhamedowyň Käbä zyýaratyna bagyşlanyp sadaka berildi

Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna bagyşlanyp sadaka berildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi. Halkara “Bitewi suw” sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna amala aşyran saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Mekke şäherine zyýarat etdi. Mukaddes Käbäniň ýanynda ol Türkmenistanyň gülläp ösmegini, halkyň abadançylygyny, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň öňe gitmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini dileg edip namaz okady.

Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkezi açyldy

Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkeziniñ täze iki gatly modul görnüşli binasy ulanmaga tabşyryldy. Resmi türkmen metbugat gullugyna görä, açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniñ wekilleri, Halk Maslahatynyñ agzalary we Türkmenistanyñ Mejlisiniñ deputatlary, Daşoguz welaýatynyñ Kärdeşler arkalaşyklar bileleşikleriniñ, Türkmenistanyñ Demokratik partiýasynyñ Daşoguz welaýat komitetiniñ hünärmenleri, il-ýaşulylar, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.

Ruhy gymmatlyklary sarpalap

Mälim bolşy ýaly, 11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde sadaka berlip, oňa Milli Liderimiz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz, şeýle hem köp sanly ildeşlerimiz gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna berlen bu sadaka halkymyzyň asyrlarboýy eýerip gelýän ruhy däp-dessurlarynyň, häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir güwäsine öwrüldi. Sadaka gatnaşan ýaşuly nesliň wekilleri ýürek sözlerini şeýle beýan edýärler: