Älemgoşar öwüşginli Baş arçanyň ýalkymy
Berkarar Diýarymyzyň çar künjünde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak çäresi geçirildi. Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk Hazar giňişliklerini gulaçlap, bezemen gämili Balkan topragyna geldiler. Olar deňziň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözellikleri bilen tanyşdylar. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna baryp gördüler. Türkmenbaşy, Magtymguly etraplarynyň çäklerindäki dag gözelliklerini synladylar. Magtymguly Pyragy muzeýiniň taryhy gymmatlyklary, şeýle-de sebitiň bagtyýar durmuşynyň beýany bolup durýan medeni-durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gözellikleri, mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Balkanabat şäheriniň binagärlik gözelligi hem olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.