HABARLAR

Täze ýylyň şatlyk-şowhuny — bagtyýarlygyň şuglasy

Her bir ýyly ösüşdir özgerişler, uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Mälim bolşy ýaly, her bir maşgalada uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Täze ýyl baýramy bosagada. Durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan uly üstünlikler bolsa agzybir halkymyzyň Täze — 2025-nji ýyly mynasyp, ýokary ruhubelentlikde garşylamagyna amatly şert döredýär. Agzybir halkymyzyň bagtly, bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýan Täze ýyl baýramy asylly ýörelgeler bilen utgaşyp, has-da ýokary ruhubelentlige we şatlyk-şowhuna beslenýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 15-nji dekabrda paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Arkadag şäherinde Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylyş dabaralary geçirildi.

Asylly ýörelgelere eýerip

Beýik ösüşlere eýe bolýan ýurdumyzda türkmen halky maddy we ruhy özgerişlerde täze belentliklere göterilip, bolelin durmuşda ýaşaýar. Çünki halkymyz berkarar Watanyň bagtly geljeginiň ýalkymyndan nurlanyp, täze döwür, gülleýiş zamanasynyň şöhratly üstünliklerinden rowaçlanyp, döwletimiziň bagta gujak açýan ak ýollaryndan şanly geljegine tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Bu günki gün bedew bady bilen halkara derejesindäki ösüşlere beslenýän edermen, zähmetsöýer türkmen halky ýagty ertirine — alyslara, ýüzýyllyklara nazar aýlaýar. Bu bolsa beýik maksatlar bilen halkara jemgyýetçiliginiň öňünde uly mertebä göterilen Türkmenistanyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmakdan, bagtyýar türkmen halkyny adamzat ösüşiniň täze belentliginde ýaşatmakdan ybaratdygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Çünki beýik özgerişleri, belent maksatly işleri diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer millet amala aşyryp bilýär. Dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň döwrebap ösdürilmegi ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Şeýle hem dünýäniň ençeme abraýly guramalary bilen Türkmenistanyň özara bähbitli ýakyn hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynyň rowaçlanmagy aýratyn bellenmäge mynas

Göwher sözüň ýakymy

Şu gün welaýat häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa milli parlamentimiziň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, edara-kärhanalaryň, syýasy partiýalardyr iri jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim we terbiýeçilik edaralarynyň wekilleri, ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Baş arçanyň yşyklary ýakyldy

Diýmek, Diýarymyza Täze ýyl gelýär 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy.

Nebitgazçylar döwlet sylagyna mynasyp boldular

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýewe, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewe, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýewe hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Baýramsoltan Gurbanowa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli artist-wokalisti Kakageldi Hommadowa, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Dabaraly çärede Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, döwlet sylagyna mynasyp bolan ýolb

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz senagaty we ylymlar dünýäsi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa mekdebimiziň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatda mugallymlar çykyş edip, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty we geologiýa babatda alnyp barylýan işler, täze mümkinçilikler we ýetilen sepgitler barada nygtalyp geçildi. Bu maslahat dürli pudaklardaky we ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, nebitgaz ykdysady hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça gazanylan tejribeleri paýlaşmaga ýardam berdi. Maslahatyň dowamynda öňe sürlen teklipler we pikir alyşmalar oňa gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi.

Ylmy seljermeleriň önümçilige oňyn täsiri

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. YBTGI-niň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ýurt abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilişi, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetde tutýan möhüm orny, häzirki wagtda Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda alnyp barylýan ylmy işler, toplumyň pudaklarynyň täze tehnologiýalar, enjamlar bilen yzygider üpjün edilişi, ylmyň soňky gazananlarynyň, şol sanda ylmy seljermeleriň önümçilige ýetirýän oňyn täsiri barada çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň dowamynda ýaş alymlar, ylmy işgärler özleriniň alyp barýan ylmy seljermelerini kärdeşleri bilen paýlaşdylar we özara pikir alyşdylar. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaraly çäräniň barşynda zähmet üstünlikleri bilen tapawutlanýan göreldeli işgärleriň birnäçesine guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Baýramçylyk saçaklaryňyz bereketli bolsun!

Her bir ynsanyň sabyrsyzlyk bilen garaşyp, arzylaýan Täze ýyl baýramçylygyna döwlet derejesinde taýýarlanylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bazarlarda we söwda merkezlerinde azyk bolçulygyny döretmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Gök-bakja önümleriniň köpdürlüliginde bolsa tutuş ýylyň dowamynda zähmet çekip, der döken babadaýhanlarymyzyň yhlasy duýulýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginiň bazarlarydyr söwda merkezleriniň adamsy has-da artdy. Çünki her bir maşgala Täze ýyl saçagyny bezemäge häzirden uly taýýarlyk görýär.

Täze ýyl baýramçylygy adamlara ruhy güýç berýär

Ýurdumyzda toý-baýramlar, şanly seneler, möhüm wakalar biri-biriniň üstüni ýetirip, halkymyzyň parahat, agzybir durmuşynyň hözirini artdyrýar. Geçen hepdede halkymyz Halkara Bitaraplyk gününiň baýramçylygyny giň gerimde belledi. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hem, asylly däbe görä, Türkmenistanyň şanly seneleriniň birine öwrüldi. Indi bolsa özüniň şatlyk-şowhuny bilen Täze ýyl baýramy barha golaýlap gelýär. Täze ýyly dünýä halklary bilen birlikde, türkmen il-ulsy hem ýylyň-ýylyna zähmet üstünlikleri bilen buýsançly garşylaýar. Bu baýramçylygyň geçirilýän wagtynyň dowamlylygy bilen tapawutlanýanlygyny bellemelidir. Dekabryň ikinji ongünlüginden batly depgin alýan baýramçylyk şowhunly çäreler täze ýylyň başlanmagy bilen hem ençeme gün dowam edýär. Şu döwürde adamlaryň ruhy galkynyp, has şadyýan görünýärler. Hemmeler biri-birine mähir paýlaýar. Şäherleriň özboluşly bezeg aýratynlyklary görküni artdyrýar. Bu döwürde çagalar bilen medeni seýil baglarynda, dynç alyş merkezlerinde, söwda merkezlerinde bolmak has-da ýakymly. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli söwda merkezleriniň talabalaýyk işledilmegi, harytlaryň hemme görnüşleriniň, aýratyn-da, azyk harytlarynyň elýeter bahalardan bol

Täze ýylyň bezegi

Täze ýyl diýlende, ilki bilen, baýramçylyk arçasy göz öňüňe gelýär. Köp ýurtlarda dekabr aýynyň gelmegi bilen seýilgählerde, dynç alyş merkezlerinde we köçeleriň ugrunda bezelmegi däbe öwrülen Täze ýyl arçalary peýda bolýar. Ilki başda miweler bilen bezelen arçalar soňlugy bilen oýnawaç satýan dükanlaryň başlangyjy bilen ýalpyldawuk şarjagazlar, oýnawaçlar hem-de ýanyp-öçýän çyrajyklar bilen bezelip başlanýar. Eýsem, arça bezemek däbi nireden gözbaş alýar? Gadymy döwürlerde adamlar tebigy durmuşda ýaşap, agaçlaryň miwesini iýipdirler, çybyklaryndan çatma, bukalgalar gurupdyrlar. Umuman, tebigatda adama iň ýakyn zat agaç bolupdyr. Ilkidurmuş adamlary agaçlarda bir güýjüň, gudratyň bardygyna ynanypdyrlar.