Çaga we kitap
Rus ýazyjysy Maksim Gorkiý: «Her bir kitap meni adamkärçiligiň belentliklerine galdyrýan, durmuşa düşünmegime ýardam edýän güýç bolup görünýär» diýýär. Hakykatdan-da, kitap durmuşy, ýaşaýşy gözelleşdirýär. Oňa many öwüşginlerini çaýýar. Şeýle güýjüň çaganyň durmuşyna hem ornaşmagy, elbetde, her bir ata-enäniň arzuwydyr. Hawa, kitap iň gowy dost hasaplanylýar. Kitap bilen dostlaşan her bir çaga özünde aýratyn bir dünýäni açýar. Şol dünýä hem onuň öz-özüne akyl ýetirmegine ýardam edýär. Kitap diýleninde, çagalar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklendirilmeli däldir. Sebäbi çaganyň durmuşynda çeper edebiýatyň uly orny bardyr. Kitap çagalaryň ylym-bilimiň çuňluklaryna aralaşmagyna, sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, jemgyýetde öz ornuny tapmagyna, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sagdyn bolmagyna, okaýan jemgyýetiň kemala gelmegine itergi berýär. Olaryň ýanynda hemsyrdaş bolup, ýaşaýşa bolan ynamyny güýçlendirýär. Emma bu zatlar diňe çaganyň kitap okamaklygy endik halyna getireninden soňra amala aşýar. Şonuň üçin hem çagalara kitaply dünýäniň lezzetini dadyrmak, ozaly bilen, ata-enäniň, maşgala agzalarynyň, ikinjiden, mugallymlarynyň, galyberse-de, bile tirkeşýän dostlarynyň üstüne d