HABARLAR

Korrupsiýa garşy göreşiň hukuk esasy

Esasy Kanunymyza laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny berjaý etmäge we milli däp-dessurlaryny hormatlamaga borçludyr. Hormatly Prezidentimiz Esasy Kanunymyzyň bu kadasyndan ugur alyp, döwletimizde kanunlara, milli däp-dessurlarymyza hormat goýmagy, olaryň hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilmegini, hukuk tertibiniň üpjün, tertip-düzgüniň berjaý edilmegini hemişe talap edýär. Korrupsiýanyň esasy manysy barada aýdylanda, döwlet gullukçylarynyň wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da olar bilen bagly mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly hut özi ýa-da arada durýan adamyň üsti bilen özi üçin ýa-da üçünji şahslar üçin pul, gymmatlyklary, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almagy, şonuň ýaly-da, görkezilen adamlara şeýle peýdamy beýleki fiziki şahslaryň bikanun bermek arkaly olara bermit bermegi, şeýle hem ýokarda görkezilen hereketleriň ýuridik şahslaryň adyndan ýa-da olaryň bähbitlerine edilmegi bolup durýar.

Jemagat hyzmaty göwnejaý guralýar

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirýän maslahatlarynda ilata edilýän möwsümleýin jemagat hyzmatlaryny ýokary derejede guramak barada anyk tabşyryklary berýär, bu ugra dahylly edara-kärhanalaryň öňünde derwaýys wezipeleri goýýar. Olardan ugur almak bilen, biziň etrap jemagat hojalygy müdirligimiziň işgärleri hem giň gerimli çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar ýyladyş desgalarynyň kadaly hereket etmegini, köçeleriň, ýollaryň ugurlarynda, meýdançalarda arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleriniň göwnejaý ýerine ýetirilmegini gazanýarlar. Häzirki wagtda müdirligimiziň ýyladyş ulgamyna degişli binalaryň 20-si, jemagat ýaşaýyş jaýlarynyň 54-si bolup, olaryň ýylylyk üpjünçiligine aýratyn üns berilýär. Şonda bu babatda peýdalanylýan 60-dan gowrak desganyň bökdençsiz işledilmegi esasy wezipe bolup durýar. Çünki olaryň güýji bilen ýyladylýan orta mekdeplerde, çagalar baglarynda ýaşlaryň müňlerçesi bilim-terbiýe alýarlar hem-de ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň uly bölegi ýaşaýar.

Çaga we kitap

Rus ýazyjysy Maksim Gorkiý: «Her bir kitap meni adamkärçiligiň belentliklerine galdyrýan, durmuşa düşünmegime ýardam edýän güýç bolup görünýär» diýýär. Hakykatdan-da, kitap durmuşy, ýaşaýşy gözelleşdirýär. Oňa many öwüşginlerini çaýýar. Şeýle güýjüň çaganyň durmuşyna hem ornaşmagy, elbetde, her bir ata-enäniň arzuwydyr. Hawa, kitap iň gowy dost hasaplanylýar. Kitap bilen dostlaşan her bir çaga özünde aýratyn bir dünýäni açýar. Şol dünýä hem onuň öz-özüne akyl ýetirmegine ýardam edýär. Kitap diýleninde, çagalar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklendirilmeli däldir. Sebäbi çaganyň durmuşynda çeper edebiýatyň uly orny bardyr. Kitap çagalaryň ylym-bilimiň çuňluklaryna aralaşmagyna, sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, jemgyýetde öz ornuny tapmagyna, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sagdyn bolmagyna, okaýan jemgyýetiň kemala gelmegine itergi berýär. Olaryň ýanynda hemsyrdaş bolup, ýaşaýşa bolan ynamyny güýçlendirýär. Emma bu zatlar diňe çaganyň kitap okamaklygy endik halyna getireninden soňra amala aşýar. Şonuň üçin hem çagalara kitaply dünýäniň lezzetini dadyrmak, ozaly bilen, ata-enäniň, maşgala agzalarynyň, ikinjiden, mugallymlarynyň, galyberse-de, bile tirkeşýän dostlarynyň üstüne d

Beýni we akyl-paýhas oýunlary

Akyl-paýhas oýunlarynyň diňe bir güýmenje bolman, beýniniň işjeňligini artdyryp, zehini ýitileşdirýändiginden habaryňyz bardyr. Gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde bu oýunlara wagt tapyp bilersiňiz. Olar hem güýmenje, hem-de beýniňiz üçin yzygiderli türgenleşik bolar. Düzzüm, şaşka, küşt, krossword, matallar, tapmaçalar ýaly akyl oýunlary birek-birek bilen özara arabaglanyşygy hem ösdürýär. Professor Riçard Kaselli bu oýunlary yzygiderli oýnamagyň birbada birnäçe ukybyň ýüze çykmagyna, munuň bolsa beýnidäki käbir keselleri bejerijilik häsiýetine eýedigini belleýär. Çünki 12 ýylyň dowamynda 1157 müň adamda geçirilen barlaglarda yzygiderli akyl oýunlaryny oýnamagyň täsiri bilen beýnidäki Alsgeýmer keseliniň ýok bolup gidýändigi ýüze çykaryldy.

Reňkleriň täsiri

Taryhy çeşmelerde «Ata-babalarymyz gadymy döwürde öz daş-töweregini Günüň hereketine görä dört tarapa bölüpdirler. Her tarapa bir at dakyp, olary özboluşly häsiýet, nyşan we reňk bilen tapawutlandyrypdyrlar. Mysal üçin, oguzlar gündogara gök reňk berip bahary, günorta gyzyl reňk berip tomsy, günbatara ak reňk berip güýzi, demirgazyga gara reňk berip gyşy aňladypdyrlar» diýlip bellenilýär. Diýmek, gadymyýetde pederlerimiz reňkleriň üsti bilen dürli pursatlary aňlatmagy başarypdyrlar. Şeýlelik bilen ýaşyl reňk il arasynda ýaşlygy, umyt-arzuwy aňladýar. Gyzyl reňk Günden gözbaş alyp, toý-baýramyň, şan-şöhratyň reňki hasaplanylsa, ak reňk milli däp-dessurlarymyza laýyklykda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlip, tämizlige deňelýär. Türkmenleriň toý däp-dessurlarynda diş çykaran çaganyň üstünden ak patragyň, täze gelen gelniň üstünden ak nogulyň seçilmegi hem şonuň üçin bolsa gerek. Munuň özi halkymyzyň durmuşynda reňkleriň uly mana eýedigini görkezýär. Şöhratly taryhymyzda hem reňkler hakyndaky dürli düşünjeler halkyň edim-gylymlarynda, däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýar.

Giň dünýäniň geň habarlary

Edil aýna ýaly Öndürýän önümleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän «Xiaomi» kompaniýasy aňyrsy görnüp duran, edil aýna ýaly diýdirýän täze telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmakçydygyny mälim etdi. Şeýle telewizorlary 2019-njy ýylda «Panasonic», 2017-nji ýylda «LG», 2016-njy ýylda «Samsung» kompaniýalary köpçülige tanyşdyrypdy. Kompaniýa şeýle telewizorlary köpçülikleýin öndürmegi maksat edinýär. «Xiaomi Mi TV Lux Transparent Edition» diýlip atlandyrylýan telewizoryň OLED ekrany 55 dýuým bolup, onuň galyňlygy 5,7 mm deň bolar. Onuň haçan satuwa goýberiljekdigi hakynda anyk maglumatlar ýok. Telewizoryň bahasynyň beýleki kompaniýalaryň şeýle görnüşli telewizorlaryndan 3 esse arzan bolmagyna garaşylýar.

Giň mümkinçilikleriň ulgamy

Garaşsyz döwletimiziň ykdysadyýetini ösüş--özgerişli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda depginli ösdürmekde Gahryman hem mähriban Prezidentimiz wajyp wezipeleri öňe sürýär. Şol wezipeleriň birem sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyryp, ýurdumyzy çalt depginlerde ösdürmekdir. Halk hojalygyna we beýleki ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmak şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda sanly ykdysadyýet giň gerime eýe bolup, Arkadag Prezidentimiz kämil ulgama geçilmegi bilen bagly giň möçberli işler barada möhüm wezipeleri öňde goýýar. Milli Liderimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025--nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilip başlandy. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Muny institutymyzda alnyp barylýan işlerem doly subut edýär. Biz, talyplara bilim berip, hünär öwretmekde kämil ulgamdan peýdalanylmagy gowy netijeleri berýär.

Kitaphana ulgamy ösdürilýär

Zähmet üstünlige ýetirýär Eziz Arkadagymyzyň saýasynda Diýarymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, kitaphana ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar.

Nusgasy iller gezer

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilen beýik işlerini, ýaşlaryň edep-terbiýeli bolmaklaryny, gyzlaryň el hünärlerinden baş çykarmaklaryny gazanmagy wagyz etmek boýunça täsirli çäreler, maslahatlar, sergiler guralýar. Şeýle çäreleriň biri-de «Nusgasy iller gezer» diýen at bilen Serdar şäher medeniýet öýünde geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Serdar şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we şäher birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen söhbetdeşlige orta mekdepleriň mugallymlary, mährem eneler we gyzlar gatnaşdylar. Çykyşlarda el işleriniň gyzlary terbiýelemekdäki ähmiýeti barada gürrüň edildi. Gyzlara keşde-nagyş öwretmekde, haly-palas dokamagyň tärlerini doly ele almaklaryny gazanmakda edilmeli işleriň edep-terbiýe bilen baglydygy aýdyldy. El işleriniň dowamat-dowam bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, beýik başlangyçlarynyň has-da rowaç almagy arzuw edildi.

Paýhas diwany — dünýä dillerinde

Golaýda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ýene-de birnäçe daşary ýurt dillerine — türk, arap, fransuz dillerine terjime edilip, olaryň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Dabaralara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň professor-mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu kitap eýýäm hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin we ukrain dillerine hem terjime edildi. Bu sanawyň yzygiderli artmagy milli Liderimiziň gymmatly eserlerine dünýä jemgyýetçiliginde gyzyklanmanyň uludygynyň, döwlet Baştutanymyza goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydyr. Kitap 12 bölümden ybarat bolup, olarda durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler giňişleýin beýan edilýär. Kitapdaky: «Häzirki wagtda halkara giňişlikdäki dostlukly gatnaşyklar ösüşleri ýaýbaňlandyrmaga amatly ýagdaýy döredýär. Adamzadyň döreden beýik taglymatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ýoly hem dostlukdadyr» diýen sözler halkymyzyň dost-doganlyga uly ähmiýet berýändigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň baş ýörelgelerini alamatlandyrýar.