HABARLAR

Zehin zehinden zyýada

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi. Bu baýrak 1992-nji ýyldan bäri zehinli çagalara gowşurylyp gelinýär. Şu ýyl bu baýraga çagalaryň 64-si, çagalar döredijilik toparlarynyň 2-si mynasyp boldy. Baýraga mynasyp bolanlaryň arasynda döredijilikde, aýdym-sazda, sportda, ylymda, bilimde tapawutlanan çagalaryň has köp bolmagy ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşjak bagtyýar nesilleriň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.

Abadan durmuşyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza Täze ýyl Gutlagynda bellenilişi ýaly, «Ýurdumyz döredijiligiň we üstünlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirip, geljege ynamyny has-da berkidýär». Eziz Diýarymyzy gurşap alan ösüşlerdir özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen çuň manyly ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygyny dabaralandyrýar. Bu gün obalarymyz, şäherçelerimiz, şäherlerimiz täze, döwrebap keşbe girýär, ýurdumyzyň sebitlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän häzirki zaman önümçilik kärhanalarynyň — iri zawoddyr fabrikleriň hatary giňeýär, ilatyň ýokary amatlykly şertlerde zähmet çekmegine şert döredýän täze iş orunlary emele gelýär, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda ýokary görkezijiler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyny we ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter ýokarlanmagyny üpjün edýär. Tamamlanan ýylda ýurdumyzyň çar künjeginde ajaýyp desgalaryň ençemesiniň gurlup, ilatyň hyzmatyna berlendigini nygtamak has-da ýakymlydyr. Ildeşlerimiziň sagdynlygyna, bagtyýarlygyna, ýokary derejeli dynç alşyna gönükdirilen şeýle de

Halal zähmet — baky döwlet

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly uly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet gullukçylarynyň halallygyny berkitmäge gönükdirilen kämil kanunlaryň biri-de, «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Täze taryhy eýýamda bu Kanun korrupsiýa garşy hereket etmegiň esasy ýörelgelerini, korrupsiýa garşy göreşiň, korrupsiýany duýdurmagyň, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam eden sebäpleri we şertleri aradan aýyrmagyň we olaryň netijelerini ýok etmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň 1-nji maddasynyň 1-nji bölüminde bellenilişi ýaly, korrupsiýa garşy göreş korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary duýdurmak, ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we üstüni açmak, olaryň netijelerini aradan aýyrmak we günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek maksady bilen alnyp barylýar. Şeýle hem ol korrupsiýanyň ýüze çykmalaryndan gelip çykýan howplardan raýatlaryň hukuklaryny goramaga Türkmenistanyň milli howpsuzlygy, döwlet edaralarynyň, şonuň ýaly-da döwlet gullugynyň wezipelerini ýerine ýetirýän adamlaryň hem

Adam hakdaky aladanyň aýdyň beýany

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ornuna uly ähmiýet berýär. Munuň şeýledigini geçen ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyndan hem görmek bolýar. Bilşimiz ýaly, islendik ulgamda ösüş gazanmak üçin ýaş, öz işinden gowy baş çykarýan, döwrebap hünärmenler gerek. Ýaşlary zähmete höweslendirmek barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz şunuň bilen bagly Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde hem möhüm wezipeleri goýdy. Şol wezipeleriň hatarynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny dowam etdirmek işiň netijeli bolmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Çünki halypa diňe bir iş öwrediji däldir, ol gerek bolsa ýaş hünärmene özüniň paýhasly öwüt-ündewlerini hem ýetirip durmalydyr, bökdençlik bolan ýerinde ony goldamalydyr.

2020-nji ýyl: taryhyň röwşen sahypasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Biz geljekki ösüşlerimizi aýdyň görýäris, döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň meýilnamalaryny ynamly düzýäris. Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen oýlanyşykly syýasatymyz geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär. Bagtyýar halkymyz 2021-nji ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny uly ynam, aýdyň maksatlar bilen garşylady. Bu ýyl, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris.

Maşgala mukaddesligi

Halkymyzda maşgalaly bolmak, maşgala mukaddesligini sarpalamak wajyp saýylýar. Her bir ene-ata perzendiniň watansöýüji, ile-güne haýyrly adamlar bolup ýetişmegi üçin, çaga heniz dünýä inen gününden aladalanýar, jemgyýetde ornuny tapmagyny, saýlap alan hünäriniň hakyky eýesi bolmagyny üns merkezinde saklaýar. Bu göräýmäge adaty mesele ýaly bolsa-da, halkyň, tutuş jemgyýetiň ykbalyna täsir edýän meseledir. Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimiziň arassa, ösüp gelýän ýaş nesliň terbiýeli bolmagy barada taýsyz tagallalary edýär. Milli Liderimiz ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen işleri durmuşa geçirýär. Çaga doglandan üç ýaşyna ýetýänçä döwlet kömek pulunyň berilmegi, on bäş ýaşy dolýança saglygy goraýyş hyzmatlarynyň mugt bolmagy, döwrebap çagalar baglarydyr orta mekdepleriň, sport we sagaldyş toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, bilim almaga we hünär öwrenmäge ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi nesil terbiýesinde ene-ata uly kömek-goldawdyr. Halkymyzda perzendiň dogulmagy iň uly bagta, döwletlilige deňelýär. Şonuň üçinem her bir çaganyň kemala gelmegi, jemgyýete gerekli adam bolup ýetişmegi hakyndaky alada esasy orunda durýar. Maşgalany goramagyň, çaga terbiýelemegiň tejribesi ýyllaryň dowamynda toplanylýar. Şonuň üçin hem her bir çaga irgö

Iň çuň howuz

Polşanyň paýtagty Warşawadan uzak bolmadyk ýerde dünýäde iň çuň hem uly howuz ýerleşýär. Onuň çuňlugy 45,7 metre ýetýär, 8 müň kub metr suw sygýar. Gurluşygy iki ýyla çeken howuz suwda ýüzmegi öwrenýänler we suwa çümüjiler üçin niýetlenen bolsa-da, ajaýyplyklary özünde jemleýär. Onuň içinde dürli güýmenjeler hem göz öňünde tutulandyr. Suw astynda, 5 metr çuňlukda daş-töweregiň gözelligine syn etmek mümkinçiligi bolan dury ötelge, ähli amatlyklary özünde jemleýän myhmanhana otaglary we her hili şekilli hek ösüntgileri bolan gowak bar. Suwuň düýbündäki gark bolan gäminiň, gadymy maýýalaryň ybadathanasynyň görnüşindäki maketler hem täsindir. Öň dünýäde iň çuň howuz Italiýada ýerleşýärdi. Onuň çuňlugy 40 metrdir.

Merjen däneleri gözläp il söken...

Meniň bilen köp ýyl bäri gadyrly gatnaşyp ýören okumyş ýaşuly golaýda öz şahsy kitaphanasyndan birnäçe kitap sowgat berdi. Olaryň arasynda halk hazynasyny toplaýjy Ümür Eseniň 1994-nji ýylda çap edilen «Türkmen aganyň edebi» diýen kitaby-da bar eken. Elimi ilki şoňa uzadanymy duýman galdym. Kitabyň «Sözbaşysynda» meşhur mirasgär barada: «... dür dänelerini eşrepi ýaly görüp, uzak ýyllaryň dowamynda oňa güýç-kuwwatyny, duýgy-düşünjesini, akyl-paýhasyny sarp edip, «etek alty, ýeň ýedi» bolup, abyrsyz hazynany toplap, il-güne lükgeligi bilen gaýdyp bermegiň aladasy bilen ýaşaýan adama Ümür Esen diýýärler. Ol şol ady bilen Garaşsyz Diýarymyzyň her bir künjeginde tanalýar, hormatlanýar. Onuň irginsiz gözlegleriniň, hysyrdyly zähmetiniň netijesinde dörän, «Bäý-bä, türkmenem daş ýarýan akyl-paýhasly, inçeden yzarlaýan duýgy-düşünjeli halk eken-ow!» diýdirýän gazet-žurnal makalalaryny okamadyk, gürrüňlerini diňlemedik türkmen seýrek bolsa gerek» diýilýär.

Habarlar

Möhüm meýdan işleriKöneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň kärendeçileri şu ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga irgözinden girişdiler. Şu günler hojalygyň 16 sany kärendeçiler toparynyň babadaýhanlary ýerleri ýaz ekişine taýýarlaýarlar. Meýdan işlerini geçirmekde daýhan birleşiginiň kärendeçileri, mehanizatorlary, hünärmenleri tutanýerli zähmet çekýärler. Mehanizatorlardan Saparmät Aranow, Begençgeldi Pirjanow dagy gündelik tabşyryklary abraý bilen berjaý edýärler. Daýhan birleşiginde ýerlere gyş suwuny tutmaga hem taýýarlyk görülýär. Hojalygyň çägindäki 12 sany suw çykaryjy enjamlar abatlanyp, taýýar edildi. Şeýle-de gowaça meýdanlarynda çil çekmek, kölçelere bölmek işlerine girişildi. Häzirki möhüm meýdan işlerinde Aýnur Meredowa, Nurgözel Narlyýewa, Uzukjemal Italmazowa, Tagan Durdyýew, Gurbanmyrat Orazbaýew ýaly öňdebaryjy kärendeçiler oňat görelde görkezýärler. Gurbannepes TÄÇMEDOW,TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.

Gülki — göwün güli

Akylly hem akyldar Birinden: