HABARLAR

Ýörelgämiz — pederleriň paýhasy

Ynsany bezeýän, mertebesini beýgeldýän aýratynlyklaryň hatarynda edepli-terbiýeli bolmagyň esasy orunda durýandygyny, onuň üsti bilen öňde goýan maksadyňa ýetip, üstünlik gazanylýandygyny durmuş tejribeleri subut edýär. Munuň üçin her bir ädimiňi oýlanyşykly ätmeli, berilýän öwütdir nesihatlara gulak asmagy, olary berjaý etmegi başarmaly. Ýamany ýazgaryp, ýagşyny söýmek ýaly häsiýetleri hemişelik hemra edinmeli. Ynsan ömrüniň manysy belli bir derejede perzentleriniň edep-terbiýeli, Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi bilen kesgitlenilýär. Şonuň üçin hem mugallymlardyr ene-atalar çagalara durmuşyň ýagşylyklara, üstünliklere eltýän gapylaryny açyp bermeli, olary kiçiliginden durmuşa taýýarlamaly, giň gözýetimli nesilleri kemala getirmeli. Munuň üçin, ilkinji nobatda, olara bu ugurda hemişe görelde bolmaly. Çagalaryň aňyna iň gowy häsiýetler ornaşdyrylan maşgalada soňlugy bilen kalplary buýsanja besleýän ýaş nesiller kemala gelýärler.

Kim bilmeşek?

Ertir gider Leýli han,Agşam geler Leýli han,Dürli-dürli çöplerden,Düwme ýasar Leýli han.  (Düýe)

Meniň bir jigim bar...

«Jigi bizde-de bar» diýýänsiňiz. Dogry, meniň jigim «Maşa we Aýy» multfilmindäki Maşajyk ýaly örän ýeserje. Onuň ady Aýbölek, dört ýaşynda. Bir gün Aýbölek goşgy öwrenipdir. Agasynyň ýanyna baryp, goşgyny labyzly aýtdy. Agasy oňa elleriniň aýasyny dolduryp süýji berdi. Ol süýjüleri hiç kime bermän iýdi. Süýjüleri gutaransoň: «Men şol goşgyny ýene gaýtalap bilýärin» diýýär. Wiý, men size Täze ýyl baýramçylygyny gürrüň bereýin. Çagalar bagynda Täze ýyl baýramçylygy geçirildi. Ullakan arçany bezediler, Aýazbabadyr Garpamyk geldi. Aýazbabanyň ýanynda goşgy aýtmak, ilki bilen, Aýbölegiň bijesine düşdi. Ol öz goşgusyndan başlap, ähli çagalaryň goşgularyny aýdyp çyksa nätjek. Onuň bilenem kanagatlanman, hüwdüdir sanawaçlary aýdyp başlady. Ahyrsoňy Aýazbaba onuň her eline bir sowgat berip, zordan ýerine geçirdi. Şondan soň beýleki çagalara gezek ýetdi.

Üns beriň, bäsleşik! düzgünnamasy

«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlygyň gazananlaryny, bagtyýar çagalygy we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bedew batly ösüşlerini wagyz etmek hem-de döredijilik ukyby bolan ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen yglan edilýän «Arkadagly eziz Diýar — Watanym, Garaşsyzlyk bilen bagta ýetenim» atly çeper döredijilik bäsleşiginiň Bu ýyl Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz Türkmenistanda beýik ösüşler gazanyldy. Gahryman Arkadagly Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky guwandyryjy ösüşlerini ýaş nesilleriň döredijilik eserleriniň üsti bilen açyp görkezmek we wagyz etmek, şeýle hem zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, «Arkadagly eziz Diýar —Watanym, Garaşsyzlyk bilen bagta ýetenim» atly çeper döredijilik bäsleşigini yglan edýäris. Oňa ýurdumyzyň ähli mekdeplerinden, islendik ýaşdaky çagalar hem ýetginjekler gatnaşyp bilerler. Bäsleşige hödürlenjek eserlerde şu ýylyň altyn güýzünde şanly 30 ýyllyk ýubileý baýramyny toýlajak Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ýeten

Her pursatda şatlyk bar

Mähriban körpe! Seniň durmuşyňda şu günler täsin pursatlar bolup geçýärmi? Ýa-da ähli bolup geçýän wakalar bireýýam adatylyga öwrüldimi? Şu wagt adaty bolup görünýän bolmagy hem ahmal. Ýyllar geçer, deň-duşlaryň bilen bolan wakalary edil şu günki ýaly, jykyr-jykyr gülüp ýatlarsyň. Şu günüňi göresiň geler, çagalygyňy küýsärsiň. Bu hökman şeýle bolarmyka diýýän. Mende-hä şeýle! Kämahal şeýle pursatlar bolýar, üstünden näçe ýyl geçse-de, surat ýaly nazaryňdan aýdyň geçip dur. Edil düýn bolan ýaly, kalbyňa möhür bolup ýazylýar. Hatda eşiden käbir gürrüňleriňem çeper keşpde aňyňda orun alýar.

Ýoldan seresap geçiň!

Mähriban çagalar, gyş paslynda gündizleriň gysga, gijeleriň uzalýandygy sebäpli, awtoulaglar, köplenç, ýagtylandyryş çyralaryny ýakyp, hereket edýärler. Gyşyň ygally we ümürli günlerinde çyralaryň yşygy açyk howadaky ýaly uzak aralyga düşmeýär. Şol sebäpli uly ýollardan, geçelgelerden geçilmeli bolanda, siz ulagyň gelýändigini uzakdan saýgarýarsyňyz. Ýoldan geçeniňizde ýol hereketiniň düzgünlerini hökman doly we dogry berjaý etmelisiňiz. Ata-eneleriňiz gyş egin-eşikleriňizi alanlarynda, siz olara yşyk serpikdirýän reňki bolan eşikleriň göwnejaýdygyny ýatladyň. Şeýle hem ulagyň yşygynda haýsy reňkiň näçe aralykdan görünýändigini hem ýatda saklaň: — Gara reňk gaty golaýa gelýänçä görünmeýär;

Halkymyzyň döwletlilik ýörelgesi

Düýn Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda «Parahatçylyk we ynanyşmak türkmeniň döwletlilik ýörelgesidir» atly maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, deputatlar, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, «Türkmendemirýollary» agentliginiň hünärmenleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna eýe bolan 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, turuwbaşdan, taryhy wakalara, dünýä ýaň salan beýik işlere beslenýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamlarynyň açylmagy hem munuň anyk subutnamalary boldy. Bu taryhy wakalaryň ählisiniň özeninde bolsa, ilkinji nobatda, adam hakdaky aladanyň durandygy açyk-aýdyň duýulýar. Sahawatly türkmen topragyndan uzaýan bu dostluk ýoll

Baş maksat — halkyň islegini kanagatlandyrmak

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda hereket edýän kärhanalaryň durky täzelenilip, döwrebaplaşdyrylýar. Önümçilik kärhanalaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, olarda işiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, önümleriň öndürilişiniň artmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň şeýledigini önümçilik kärhanalarynyň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem görmek mümkin. Şeýle kärhanalar welaýatymyzda sanardan köp. Daşoguzyň «Çeper» tikin fabrigi hem şolaryň biri. Tikin fabriginde dürli görnüşli, ýokary hilli önümler öndürilmek bilen, ilatyň islegini kanagatlandyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda tikin fabriginiň alyp barýan işleri, gazanýan netijeleri dogrusynda fabrigiň direktorynyň orunbasary Allamyrat Öräýew bilen söhbetdeş bolduk.

Giň dünýäniň geň habarlary

Geljegiň kämil ulagy Russiýanyň Woronež şäherinde ýerleşýän «Scienex» kompaniýasy «Flyter» atly aeromobil ulagynyň üstünde iş alyp barýar. Ulagy şu ýylyň maý aýynda synagdan geçirmek göz öňünde tutulýar. Ganatlary we açyk perrikleri bolmadyk uçýan ulag hakyndaky maglumatlaryň internet ulgamlarynda peýda bolmagy häzirki zaman jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. Kompaniýanyň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, geljegiň kämil ulaglary şeýle görnüşde bolar. Boýy 5 m, ini 2 m deň bolan ulag sagatda 100 km geçmäge ukyply bolup, onuň aňrybaş tizligi sagatda 120 kilometrdir. Ol awtouçarman arkaly dolandyrylar. Ulag iki adama niýetlenendir.

Täze ýyl arzuwlary (Bolan waka)

Täze ýyl örän şowhunly baýramçylyklaryň biri. Täze ýyla ähli adamlar, esasan-da, biz — çagalar her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Täze ýylda ýagşy niýet bilen edilen arzuwlar hasyl bolýar. Bu hakda enem maňa: «Balam, «Täze ýyl» sözünde ýyly mähir, gudrat bardyr. Çünki her çalyşýan ýyl özüniň bagty bilen gelermişin. Bu baýramçylyk —sowgatlar baýramçylygydyr. Ol çagalary begendirmegi halaýar. Täze ýyl güni çyn ýürekden islän zatlaryňy, arzuwlaryňy hata ýazyp, Täze ýyl arçasyndan asyp goýsaň, onda olar hökman hasyl bolar» diýdi. Enem meniň üçin iň mähriban ynsan. Onuň aýdyp berýän gyzykly gürrüňlerini diňlemek maňa diýseň ýakymly. Ähli aýdan zatlaryny hem ýatda saklamaga çalyşýaryn.