Toý şowhunly paýtagtym
Häzirki günlerde toý lybasyna beslenen ak mermerli binalar, aýna ýaly giň we ýagty şaýollar, älemgoşar reňkli suw çüwdürimleri şäher ýaşaýjylarynyň, şeýle-de paýtagtymyza gelýän myhmanlaryň göwnüni galkyndyryp, olara ruhy lezzet eçilýär. «Biz paýtagtymyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine buýsanýarys» diýip belleýän ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda, baş şäherimiz Aşgabat bu gün Aziýanyň merjeni hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň özeni il-günümiziň bolelin ýaşamagyna, ýaş nesilleriň belent ruhly kemala gelmegine, ata Watanymyzyň ähli ugurlar babatda kuwwatlanmagyna, has-da berkemegine gönükdirilendir. Eşretli ýaşaýyş üçin döredilen şeýle binalar bilen bir hatarda, medeni-dynç alyş merkezleriniň hem onlarçasy toý lybasyna beslenip, dynç almaga gelýän raýatlaryň buýsanjyny goşalandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstünliklere beslenýän ajaýyp günlerinde açylyp ulanylmaga berlen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi hem Täze ýyl baýramynyň barha golaýlaýan günlerinde depesinde müň dürli öwüşginde şöhle saçýan ajaýyp arçasy, dürli bezegleri bilen göreni haýrana goýýar. Bu ýerde dürli ýaşdaky adamlar