Zybanynda Watan waspy
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz aladalarynyň netijesinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler ruhubelent ýaşlaryň döredijilik ylhamyny has-da joşdurýar. Ýaşajyk Watan waspçylary gül Diýarymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini şygyrlaryň, aýdymlaryň üsti bilen taryp edýärler. Watan waspyny dillerine sena edip, ýürek söýgüsini şygyrlaryna siňdirýän zehinli ýaşlaryň biri hem Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Söýli Muhamowadyr. Söýli heniz çagalar bagyna gatnaýarka «Bilgirje», «Zehin», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiklerde çykyş edip, deň-duşlaryndan saýlanýar. Ejesi Sapargül gelnejäniň gürrüň bermegine görä, Söýli, ýaşdygyna garamazdan, teleradioýaýlymlarda goýberilýän hekaýalardyr goşgulary ünsli diňleýär. Dogany Mukamyň okap berýän goşgularyny bolsa onuň yzy bilen gaýtalap, ýatdan öwrenýär.