HABARLAR

Döwletlilik taglymaty dünýä nusgalyk

Jemgyýetiň ösüşindäki demokratik ýörelgeler milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürüldi. Munuň özi bu ugurdaky düýpli özgertmeleriň esasyny goýdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk edarasy işini ykdysady özgertmeleriň we medeni-durmuş ulgamynyň ösüşleriniň esaslaryny goýýan kanunlary işläp taýýarlamaga we kabul etmäge gönükdirdi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda täze kanunlar kabul edildi, öňden hereket edýänleriniň üsti üýtgetmeler we goşmaçalar bilen doldurylyp duruldy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we medeni-durmuş ulgamynda gazanylan oňyn netijeler ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk ulgamynyň barha kämilleşýändigine anyk subutnamadyr.

Ajap eýýamyň aýdyň ýoly

Arkadag Gursagyňda saklap peder yhlasyn,

Wagyz - nesihat çäreleri

Okuw - maslahat geçirildi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-günümiziň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmekde uly tagallalar edilýär. Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işlerini guramaçylykly ýola goýmak, şeýle ýagdaýlara hemişe taýýar bolmak bilen bagly wezipelere-de hemişe uly üns berilýär. Şu maksat bilen golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda okuw-maslahat geçirildi. Maslahata welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, etrap, şäher häkimleriniň orunbasarlary, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdeleri, şu müdirligiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň şahsy düzümi gatnaşdylar.

Ýaşlar hakda alada

Tutumly işleriň maksatnamasy Her bir güni toýa, ýakymly wakalara utgaşýan zamanamyzda ýaşamagyň guwanjy barada söz açylanda eziz Diýarymyzyň özgerişli keşbiniň goýnuna dolýarsyň. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2020-nji ýyl uly üstünlikler, şanly wakalar bilen jemlenip, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy.

Asudalygyň goragynda

Döwrüň talabyna eýerilýär Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda döredijilikli zähmet çekýän türkmen halky bagtyýar geljegine barýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýuny mynasyp zähmet sowgatly garşylamagy maksat edinýän il-günümiziň rahat, abadan durmuşyny üpjün etmegem döwrüň zerur meselesi bolup durýar.

Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslary

Eziz Watanymyzyň aýdyň geljegi üçin gündelik zähmetiň bilen nusga görkezmek mukaddes işdir. Zähmet çekmek, öz islegiňe görä hünär, kär we iş ýeriňi saýlap almak, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertleri her bir adamyň konstitusion hukugy bolup durýar. Mejbury zähmet we çaga zähmeti gadagandyr. Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr. Onuň möçberi döwlet tarapyndan bellenilen iň pes zähmet hakynyň möçberinden az bolup bilmez. Bu hukuklar baradaky kadalar Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde giňişleýin öz beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, raýatlaryň zähmet çekmäge konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmegi üçin zerur durmuş-hukuk şertlerini we kepilliklerini döredýän, işgärler bilen iş berijileriň arasynda zähmet gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirýän Türkmenistanyň Zähmet kodeksi 2009-njy ýylda kabul edildi. Şondan bäri geçen döwrüň içinde ähli ulgamlarda giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Ykdysadyýetiň gurluş düzüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýy artdyryldy. Şoňa görä hem zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň zerurlygy ýüze çykdy. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki wagtda milli parlamentiň deputatlary tarapyndan kodeksiň bitewüligini üpjün etmek

Aýdyň geljegi nazarlap

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň, durmuşa geçirilýän taslamalaryň her biri, ilkinji nobatda, ösüşlerimize gönükdirilýär. Edil şonuň ýaly-da halkymyzyň bähbitlerine gulluk edýär. Ata Watanymyzyň ak mermere beslenen paýtagty Aşgabatda, welaýat we etrap merkezlerinde, şäherlerde, obalarda gurulýan çagalar baglary, saglyk öýleri, mekdepler, medeniýet ojaklarydyr sport desgalary halkymyzyň eşretli, bagtyýar ýaşaýşy üçindir. Milli Liderimiziň raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny nusgalyk derejä çykarmak ugrunda edýän aladalary oňyn netije berýär. Aýratyn-da, soňky ýyllarda ýurdumyzda ýerli gurluşyk materiallaryny öndürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň aglaba bölegi senagat kärhanalarynyň paýyna düşýär. Kärhanalar gurluşyk materiallary bilen bir hatarda, nebitgaz we energetika pudagy üçin enjamlaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny hem öndürýärler. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap önümleri bilen tapawutlanýan senagat kärhanalarynyň bolsa sany barha artýar.

Döwrebap şertlerden ruhlanyp

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň ösüşini hemişe üns merkezinde saklaýar. Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda sanly ulgam arkaly medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça geçiren iş maslahatynda hem bu hakykat aýdyň ýüze çykdy. Gahryman Arkadagymyz şol iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň pugta maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigi we onuň ähli mümkinçilikleriniň herekete girizilmeginiň wajypdygy barada aýdanlary biz — medeniýet işgärlerini işimize has-da jogapkärli çemeleşmäge borçly edýär. Hormatly Prezidentimiz kitaphana işini ösdürmegiň meselesine hem ünsi çekip, şonuň bilen baglanyşykly elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadynyň we kitaplarynyň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy boýunça işleri geçirip, sanly kitaphana hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegine gönükdirilen işleri dowam etmek boýunça anyk wezipeleri öňümizde goýdy.

Bir asyryň şaýady

Bu gün 100 ýaşy arka atyp, bir asyryň şaýady bolan uruş hem zähmet weterany Hally Esenow, «Alla ýalkasa ýaş berer, bendesi ýalkasa — aş» diýlişi ýaly, Hakdan ýalkawly, il-günden sylagly adam. Onuň iki ogly, bir gyzy, on bäş agtygy, on ýedi çowlugy bar. Gyzy Bibisoltan Esenguly etrap çeper halyçylyk kärhanasynda halyçy bolup işläp, hormatly dynç alşa çykypdyr. Uly ogly Omargylyç «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde operator, körpesi Kerim Balkan sement zawodynda sürüji bolup zähmet çekýär. Gelinleri Ogultäçdir Rejepbibi geçmişiň şaýady, bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşulusy bolan gaýynatasynyň halkymyzyň milli edep kadalary barada berýän öwüt-ündewleriniň durmuşda hemişe özlerine goldaw bolýandygyny aýdýarlar. Hally aga 1921-nji ýylyň 10-njy fewralynda Esenguly etrabynyň Ajyýap obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol 15 ýaşynda obada döredilen  kolhozda hasapçy bolup işe başlaýar.

Paýhas çeşmesi

Ýer-ýurt üýtgär, adamzat üýtgemez. *  *  *