HABARLAR

Baky bagtyýarlygyň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda berkarar Watanymyz bedew bady bilen ösýär, özgerýär. Gurulýan döwrebap binalardyr desgalar Diýarymyzyň barha özgerýän keşbine sazlaşyk we gözellik goşýar. Bu bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň paýtagtynda bina edilýän bir-birinden belent, kaşaň ymaratlaryň, ýaşaýyş toplumlaryň hatary giňeýär, Watanymyzyň sebitlerinde gurulýan döwrebap obalaryň we şäherçeleriň sany artýar. Gurluşyklary alnyp barylýan döwrebap obalaryň hatarynda welaýatymyzyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag, Owadandepe geňeşlikleriniň, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çägindäki gurluşyk taslamalaryny bellemek bolar. Agzalan täze, döwrebap obalaryň her birinde bir gatly ýaşaýyş jaýlaryň ýüzlerçesinden başga-da, durmuş-medeni maksatly beýleki desgalaryň gurulýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi, täze gurulýan nusgalyk obalarda bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesine jaý toýlaryny toýlamak bagtynyň miýesser etjekdigini alamatlandyrdy.

Berjaý edilmeli düzgünler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy döwrebap ýangyn söndürijiler we ýöriteleşdirilen tehnikalardyr beýleki zerur bolan enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bu zatlar Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň netijeli we tutanýerli işlemegine giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri tarapyndan ilatly ýerlerde, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, senagat desgalarynda, guramalarda, oba hojalyk ekinleri bilen bagly işleriň alnyp barylýan ýerlerinde, şol sanda önümçilik kärhanalarynda ýangynlaryň öňüni alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak maksady bilen geçirilýän şeýle çäreleriň, düşündiriş işleriniň barşynda degişli hünärmenlere ýangyn howpsuzlyk düzgünleri boýunça degerli maslahatlar berilýär.

Zähmet — rehnet — bagt

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitapdan alnan çuňňur manyly bu jümle biziň her birimize, hususan-da, ýaş nesillerimize adamy adam edýän gudratyň zähmetdigini, durmuşyň lezzetiniň zähmetdedigini, BAGT atly binany hem diňe zähmet bilen gurup bolýandygyny aýdyň açyp görkezýär. Kitabyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde edilýän söhbet hut şu meseleleriň töwereginde jemlenýär. Munuň özi düşnükli, sebäbi zähmet bilen döwletlilik düşünjeleri bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem asyrlardan aşyp, şu günlerimize gelip ýeten döwletlilik ýörelgelerimiziň esasynda durýan gymmatlyklarymyzyň biri-de merdana halkymyzyň zähmetsöýerligidir. Ýigit görki — hünär

Parahatçylygyň waspy çagalaryň döredijiliginde

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijlik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda, milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda «Dünýä dursun parahat» diýen temada düzme ýazmak boýunça Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Gurbangözel Ataýewa birinji, Magtymguly etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 8-nji sy

«Hemişe juwan bolaýyn» diýseňiz...

Nähilidir bir gudrat bilen hemişelik juwan galmagy kim islemez?! Munuň üçin ertekilerdäki juwanlyk şerbetleri zerurmyka?! Göräýmäge, beýle däl ýaly. Çünki juwanlygymyzy uzak wagtlap saklap bilmek, ilkinji nobatda, özümize bagly. Ýaşlygyň ýakymyny sanap tükedip bolýarmy näme?! Iň inçe duýgular, güýç, maksada okgunlylyk, gaýduwsyzlyk we ýene-ýeneler ýaşlygyň bize eçilýän serpaýlary. Ýöne ýaşlygy başdan geçirmek bilen hemişelik onuň dünýäsinde galmak deň däl. Mahal-mahal öz ýanyňdan: «Wah, şu ikinjisi başardaýsa!» diýýärsiň. Psihologlaryň aşakdaky berýän maglumatlaryny okap, hemişelik juwanlyk bilen galmagy bile başaralyňmy?!

Özgerişliklere saldamly goşant

Kärhanamyzyň hünärmenleriniň iş şertlerini edilýän talaplara laýyk getirmek bilen bir hatarda olaryň dynç almaklaryny guramak boýunça hem maksada laýyk işleri alyp barýarys. Olara zawodyň «Jennet» şypahanasyna ýeňillikli ýollamanamalar berilýär. Bu ýerden çykýan ýod-bromly suw ynsan saglygy üçin peýdaly bolup, köp dertlerden saplanmaga kömek edýär. Ondan daşary, şypahanada saglygy dikeltmäge gönükdirilen beýleki hyzmatlar hem ýokary derejede guralýar. Kärhanamyzyň ýyladyşhanasy bolup, onda dürli görnüşli subtropik ekinler, miweler, pomidor, hyýar, şugundyr, käşir ýaly gök önümler ýetişdirilýär. Olar zawodyň işgärlerine elýeterli bahalardan satylýar. Zyýanly önümçilikde işleýän hünärmenler bolsa aýratyn alada bilen gurşalýar. Olara zyýanyň öňüni alyş iýmiti mugt berilýär. Zawodda hiç bir işgär hem ünsden düşürilmeýär. Hünärmenlerimiziň birinji synpa okuwa barýan çagalaryny mekdep esbaplary bilen üpjün etmek, pensiýa çykýanlary hormat bilen dynç alşa ugratmak indi asylly däbe öwrüldi.

Bagtyýarlyk mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenýän baş şäheri Aşgabat özüniň görkana keşbi bilen halkymyzyň ýürek buýsanjyna, göz-guwanjyna öwrüldi. Şu ýyl mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly dabara bilen toýlaýar. Gözel paýtagtymyz häzirki wagtda dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Aşgabadyň binagärlik keşbiniň möhüm düzüm bölegini emele getirýän tutuşlygyna ak mermere beslenen desgalaryň arasynda döwrebap ýaşaýyş toplumlary aýratyn orun eýeleýär. Olara Parahat 7, Çoganly, Gurtly ýaşaýyş toplumlaryny, paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji, 15-nji, 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde bina edilen köpgatly ýaşaýyş jaýlaryny mysal getirmek bolar. Içinde ähli zerur şertler döredilen, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan bu ýaşaýyş jaýlary hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan ugur alnyp, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda abadan ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Mähriban paýtagtymyzda yzygiderli gurulýan ýaşaýyş toplumlarynda döwrüň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň giňişleýin ornaşdyrylýandygy aýratyn guwandyryjydyr. Munuň aýdyň mysalyny paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäginde bina edilen ý

Ajaýyp mukam Aşgabat

Gözelligiň dürdänesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň üstünlikli özgerişinde gözel paýtagtymyzyň häzirki ösüş tapgyry halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, rahat we eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek bilen bir hatarda, döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň arasyndaky gatnaşyklary hem sazlaşykly kämilleşdirýär. Gözel paýtagtymyzda bitirilýän beýik işlere ildeşlerimiz ýürekden buýsanýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň Aşgabady hemmetaraplaýyn ösen şähere öwürmek baradaky maksatlarynyň günsaýyn rowaçlanýandygyny aýna ýaly tekiz hem owadan ýagty köçelerdir şaýollaryň, täsin suw çüwdürimleriniň, biri-birinden zyýada, göreňde haýran galdyrýan kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň, mysalynda mese-mälim görmek bolýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň täze gurlan döwrebap binalary gadymy binagärçilik sungatynyň şöhlelenmelerini özünde jemläp, aýratyn bir gözel görnüşi emele getirýär, hemmetaraplaýyn aladanyň bimöçberdigine şaýatlyk edýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdäniň başynda hamallaryň özlerine ynamy artar. Soňky wagtda hamallar sähel zada biynjalyk bolýarlar, şonuň üçin ýyldyzlar olara sabyrly bolmagy duýdurýar. Hamallar hepdäniň başynda gulluk borçlarynda başlangyç bilen çykyş etseler şowly bolar. Kärdeşleriňizden ýardamyňyzy gaýgyrmaň. Maddy-üpjünçilik babatda ýagdaý durnukly bolar.