HABARLAR

Aşgabat — döredijiligiň mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylymyz hem taryhy wakalara, rowaçlyklara beslenýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýuna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu taryhy seneler mynasybetli gözel paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän desgalaryň hem-de binalaryň sany gün-günden köpelýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde baş şäherimiz Aşgabadyň dünýäniň ösen şäherleriniň iň naýbaşylarynyň birine öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär. «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabady eşretli ýaşaýşyň we döredijiligiň mekanyna öwürmek ugrunda yzygiderli alada edýär. Milli Liderimiz şöhratly halkymyzyň medeni mirasyna aýratyn sarpa goýýar we ýaş nesilleriň ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegine uly üns berýär. Şu jähetden, ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen deň derejede medeniýet ulgamy hem sazlaşykly ösdürilýär. Häzirki döwürde bu ulgamy ösdürmeklik döwlet

Bakylyga barmak bagty

■ ...Gojaman Köpetdagyň eteginde özbaşyna bir şäherçä meňzäp, ak Aşgabadyň görküne görk goşup oturan Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adynyň dakylmagy tüýs ýerine düşen wakadyr. Beýle şahsyýetler bakylyga barmak bagtyna tüýs mynasypdyr. Şu ýazgylaryň ilki setiriniň alkyşdan-hoşallykdan, ýürekleri pürepür eden ýalkawa ýaran sözlerden başlanmagy hökmanylyk parzdyr. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny Halkara nebit we gaz uniwersitetine dakmak hakyndaky teklibi alkyş-joşgun döredipdi. Şeýle ýagşy işi bilen milli Liderimiz il aýtmyşlaýyn, ýüreklere sena bolup galjak mürrewet-sogabylyk ýazypdy.

Nusgalykdyr el hünäri

Ajap eýýamyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat iri jemgyýetçilik-syýasy, medeni we syýahatçylyk merkezine öwrüldi. Paýtagtymyzyň keşbi gün-günden özgerýär. Hormatly Arkadagymyzyň Karary esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenip geçilýär. Şu ýyl hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabara bilen toýlanylýar. Gözellikde deňi-taýy bolmadyk binalardyr ymaratlaryň, ençeme muzeýleriň, täsin köşkleriň we teatrlaryň binagärlik sazlaşygy köpleriň ünsüni özüne çekýär. Paýtagtymyzyň birnäçe desgalary özboluşly täsinligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda öz mynasyp ornuny tapdy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada oturdylan, beýikligi 133 metr bolan baýdak sütüni, Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan ýoldaky Oguz han suw çüwdürimler toplumy, Oguz hanyň ýyldyzy şekilindäki «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň täsin binasy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, 2013-nji ýylda bolsa Aşgabat şäheri ak mermere örtülen binalaryň iň köpsanlysynyň bir ýerde jemlenen mekany hökmünde ykrar edilip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Ak şäherimiziň döwreb

Gözelligiň dürdänesi

Bu gün özüniň täsin desgalary, täze belent binalary bilen şan-şöhraty dünýä dolýan gözel paýtagtymyza buýsanjymyz, guwanjymyz has-da artýar. Golaýda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze döwrebap binalarynyň ulanmaga berilmegi aýratyn guwandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berilýän her bir täze desga, täze belent ýaşaýyş jaýy, medeni-durmuş maksatly binalar kalbymyzda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary döredýär. Aşgabadyň täsin binagärligi, beýik ösüşleri häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Paýtagtymyzyň ençeme täsin binalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy. Aşgabat Halkara howa menziliniň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde «Iň uly göl» diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Bu täsin bina açylandan tegelek bir ýyldan soňra, ýagny 2017-nji ýylda ildeşlerimiz Aşgabat Halkara howa menzilinde paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga gelen türgenleridir tälimçileri g

Ruhy gymmatlygyň hazynasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ata Watanymyzda halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Öz eserleri bilen halk hakydasynda öçmejek yz galdyran şahyrdyr ýazyjylaryň, bagşydyr sazandalaryň, tanymal sungat ussatlarynyň ömri we döredijiligi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler bu günki gün içgin öwrenilip, halkymyza ýetirilýär. Bu babatda ýurdumyzyň kitaphanalarynyň hem paýy uludyr. Biziň etrap merkezi kitaphanamyzyň gaznasynda hem ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden çeper eserleri bolup, olar ynsan ruhuna, dünýägaraýşyna özüniň ýiti täsirini ýetirýär. Mundan başga-da kitaphananyň tekjelerini hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş berýän many-mazmuna baý kitaplary bezeýär. Ol ajaýyp kitaplar okyjylaryň uly gyzyklanma bilen okaýan eserlerine öwrüldi.

Tagzym edip eneleriň öňünde

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okanyňda, oýlanmalar ummany has giňäp gidýär. Il-ýurduňy, halkyňy söýmegiň başlangyçlary ynsanyň kalbyna ene gujagynda hüwdi bilen guýulýar. Çaga ene mähri bilen dünýä aralaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu eserinde perzendiň ata-enä söýgüsiniň, hormatynyň, mertebesiniň ýyllarboýy artyşy we belent derejä göterilişi edil ýaş daragta arassa akardan suw berlişi bilen deňeşdirilýär. Oýlan, säher Güneş gülüp bakanda,Oýlan, bahar dünýä nagyş çekende!Biz nämüçin ýaşap ýörüs jahanda?!Eneler bar, eneler bar dünýäde.

Guramaçylykly geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Geňeşiniň degişli kararyna laýyklykda, welaýatymyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary, konferensiýalary geçirildi. Bu boýunça etrap birleşmelerinde we pudaklaýyn geňeşlerde maslahatlar geçirilip, degişli kararlar kabul edildi hem-de olary guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek üçin wekiller bellenildi. Hasabat-saýlaw ýygnaklarynyň geçirilmeginiň öňüsyrasynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň we toparlarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary bilen okuwlar geçirildi. Olarda hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan üstünlikler bilen bir hatarda, kärdeşler arkalaşyklarynyň durmuşynda bolup geçen özgertmeler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek babatda maksatnamalaýyn wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar bermek meýilleşdirildi.

Zeminiň zynaty

Dünýäni haýrana goýýan, üsti Süleýmanyň tagtyna deňelýän, ahalteke bedewi halkymyzyň buýsanjy, göwün syrdaşydyr. Gözelligi, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen göwnüňi göterýän bedewler asyrlarboýy türkmeniň ganaty, wepaly ýoldaşy hasaplanylýar. Toýlarymyza görk berýän, şan-şöhraty rowaýata öwrülen bedewlerimize halkymyz uly ähmiýet berýär. Olara owadan at dakyp, boýdan başa sünnälenilip ýasalan şaý-sepler bilen bezeýär. Aýdylyşyna görä, Allatagala her mömini ýaradanda onuň begenjine, gynanjyna deň şärik bolar ýaly, bagt guşunam ýaradanmyş. Şonda tawusy hindilere, bilbilgöýäni azerbaýjanlara bagyş edip, her halkyň öz däp-dessuryna mahsus bolan guşy berenmiş. Guşlar hemmä deň paýlanýar welin, türkmeniň dünýäsine mynasyby tapylmaýar. Allatagala kiçigöwünli, pespäl halkyň özüne kybapdaş guş agtarýar. Ahyry ol ala meýdanda çyrpynyp ýören bedewi oňa rowa görýär. «Ýeneki guşlar rysgyny çöpläp tapar, munuňky alnynda bolar. Ganaty ýok diýibem gyýylmagyn, harlamasaň ganatynyň özi çykar» diýýär.

Uly ösüşlere eýe bolýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz giň gerimli ösüşlere eýe bolup, sanlyja ýyllarda dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Günsaýyn ösüp-özgerýän Garaşsyz döwletimiziň ähli pudaklarynda döwrebap işler güýçli depginlerde alnyp barylýar. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazananyndan soň, ähli ulgamlarda ösüş-özgerişleriň ak ýoluna düşdi. Diýarymyzyň her güni şanly wakalara beslenip, gurulýan ajaýyp binalardyr desgalar göreni haýrana goýýar. Bu bolsa halkymyzy bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň çar künjegi baýramçylyk şowhunyna beslenip, raýatlarymyzyň toý şatlygyny goşalandyrýar.