HABARLAR

Wepadarlygyň nusgasy

Türkmen alabaýlary ahalteke atlary, türkmen halysy, şaý-seplerimiz ýaly halkymyzyň milli gymmatlygy hasaplanýar. Alabaýlar eýesine wepalylygy, duýgurlygy, akyllylygy, gaýduwsyzlygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaý itleriniň halkymyzyň wepaly hemrasy bolmak bilen birlikde goragçysy, dosty, ýoldaşy bolup, nusgalyk görelde görkezendigini belläp geçýär. «It geldi — gut geldi» diýlip aýdylan ajaýyp jümle bar. Halkymyz durmuşynda möhüm orun eýelän türkmen alabaýlaryny ýetişdirmegi bagt bilipdir. Tebigatyň peşgeşi bolan wepalylygyň nusgasy hasaplanýan alabaýlara hemişe ýokary baha berlipdir.

It — ýakyn dost

Gazan kelle, läheň göwre, aýy penje, şir ýürek alamatlary bilen dünýä meşhur itler alabaýlardyr. Bu tohumyň şeýle häsiýetnama eýe bolanyna müňlerçe ýyl geçen-de bolsa, henize çenli hem olaryň şol asyl durkuny saklap galmagyna türkmen itşynaslary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şonuň üçinem alabaýlar parasatly halkymyzyň paýhasyndan, dynuwsyz zähmetinden dörän dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda durýan baýlyklarymyzyň biridir. Alabaýlaryň örän gadymylygyna Kaka etrabyndaky Altyndepede arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan, bürünç döwrüne degişli itiň palçykdan ýasalan şekilleri şaýatlyk edýär. Gulaklarynyň kelte, guýruklarynyň kesik bolmagy olara häzirkizaman türkmen goýun itleriniň gadymy ata--babalarynyň şekiliniň subutnamasydyr diýmäge esas berýär. Birnäçe asyrlaryň dowamynda türkmen çarwalary sakçy itleriň, ýagny, goýun itleriniň hem-de çalasyndan algyr aw tazylarynyň ajaýyp tohumlaryny kemala getiripdirler.

Gözelligiň baýramy

Parasatly Prezidentimiziň taýsyz hemaýat-goldawlary bilen dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmekde nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 21-nji aprelinde geçirilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň mejlisi agzybir halkymyzy buýsanja besledi. Onuň düzümine täze agzalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň tapawutlanan atşynaslaryna we itşynaslaryna döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy hem-de öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylyp, degişli çözgütleriň kabul edilmegi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleriniň ählihalk goldawyna we buýsanjyna öwrülýändigini görkezdi. Milli buýsanjymyz, Watanymyzyň baýlygy bolan Türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny beýgeltmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza ähli halkymyz bilen birlikde egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

Onlaýn hyzmatlary ýola goýuldy

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynyň açylmagy hem-de onda gulluk tarapyndan berilýän birnäçe hukuk hyzmatlaryny almak üçin internetiň üsti bilen onlaýn görnüşde sargytlary etmek mümkinçiliginiň döredilmegi bellenilmäge mynasyp täzelikdir. Bu sanly mümkinçilikden peýdalanmak arkaly şahslar özleriniň gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryny döwlet sanawynda döwlet tarapyndan bellige aldyrmaklyk üçin gullugyň Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän ýerli edaralaryna onlaýn görnüşde nobata durup bilerler. Şeýle-de gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet sanawyndan bellige alyş işleri bilen bagly maglumatlary göçürme hem-de kepilnama görnüşde almak üçin onlaýn sargytlary edip bilerler.

Täsirli maslahat

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň guramagynda etrapdaky 30-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda bilim ulgamyna degişli ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Rahmanberdi Annalyýew açyp, täze taryhy döwründäki beýik ösüşdir özgertmelerini, dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerini we ýetýän sepgitlerini ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat etmekde partiýa işgärleriniň hem-de işjeňleriniň orny dogrusynda täsirli gürrüň berdi.

Kämilligiň çägi ýok (Hytaý tymsaly)

Ir wagtlarda akyldar syýahat edip ýörşüne birgiden suratkeşiň ýygnanan ýerine barypdyr. Ol ýerde ýurduň iň ussat suratkeşleri özara bäsleşýän ekenler. Olaryň çeken suratlary biri-birinden gözel bolansoň, eminler kimi ýeňiji etjekdiklerini bilmän kösenipdirler. Olar gowusyndan gowusyny saýlap, ahyry iki sany suratkeşi öňe çykarypdyrlar. Şu ýerde eminleriň pikirleri çapraz gelipdir. Olaryň ýarysy birinji suratkeşi, ýarysy bolsa ikinjini ýeňiji etmeli diýen netijä gelipdirler. Jedel uzak wagtlap dowam edipdir. Olar ýeňijini kesgitlär ýaly hiç bir suratdan kemçilik tapyp bilmändirler. Ahyry hälki akyldar märekäniň arasyndan öňe çykypdyr-da, olara öz kömegini hödürläpdir. Meseläniň çözüljekdigine begenen eminler razy bolupdyrlar. Akyldar suratlary içgin synlanyndan soň, olara garap:

Körpelere okap beriň!

Garlawaç Howa maýlan badyna,Uçup geldi garlawaç.Uzak-uzak ýollaryGeçip geldi garlawaç.

Baýramçylyk mynasybetli

Babadaýhan etrap Medeniýet bölüminde Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli okyjylar bilen duşuşyk geçirildi. Etrap merkezi kitaphanasy, TDP-niň etrap komiteti hem-de K.Geldimyradow adyndaky çagalar sungat mekdebi tarapyndan guralan duşuşyga kitaphananyň köp sanly okyjylary gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşanlar Türkmen bedewiniň owadanlygy, ýyndamlygy dessanlarymyzda, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde örän uly orun eýeleýändigi dogrusynda aýratyn durup geçdiler.

Surat bäsleşigi

Babadaýhan etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan okuwçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen surat bäsleşiginiň jemi jemlendi. Türkmen bedewiniň milli baýramyna we Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan bäsleşige şekillendiriş sungatyna höwesli ýaşlaryň onlarçasy öz işlerini hödürlediler. Bäsleşigiň jemini jemlemek we ýeňijilerini sylaglamak mynasybetli etrapdaky 19-njy orta mekdepde geçirilen dabaranyň çäginde ýaş suratkeşleriň sergisiniň guralmagy bu çärä baý many goşdy. Okuwçy ýaşlar we mekdep mugallymlary sergini uly höwes bilen synladylar. Gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak bedewleriň gözelligi, türkmen alabaýynyň gaýduwsyzlygy, mertligi ýaşlaryň bäsleşige hödürlän we serginiň bezegine öwrülen işlerinde öz beýanyny tapdy.

Sagdyn nesil — röwşen geljegimiz

Şeýle at bilen Babadaýhan etrabyndaky orta mekdeplerde ýörite meýilnama esasynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda şeýle duşuşyklar etrapdaky 11-nji, 12-nji, 17-nji, 19-njy, 20-nji orta mekdeplerde geçirilip, olara okuwçy ýaşlar işjeň gatnaşdy. Ýaşlary sport-sagaldyş hereketlerine giňden çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşyklarda çykyşlara uly orun berildi. Tejribeli bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri öz çykyşlarynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ugrunda edilýän taýsyz tagallalar barada ýaşlara gürrüň berdiler, ýaramaz endiklerden daşda durmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak bilen bagly öwüt-ündewlerini aýtdylar. Sagdyn iýmitlenmek, jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmak, iki metr howpsuz araçägi saklamak, arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmek boýunça degerli maslahatlaryň berilmegi duşuşyklaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.