HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidentine «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Ka­ra­ry bi­len Pre­zi­dent Ser­dar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly we ýa­dy­gär­lik ny­şan­lar top­lu­my bi­len

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne «Dus­lyk» or­de­ni gow­şu­ryl­dy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Dün­ýä­niň 30-dan gow­rak ýur­dun­dan ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýet­le­ri, umu­my­lyk­da 20 müň­den gow­rak myh­ma­ny Ka­zan­da jem­län XVI BRICS sam­mi­ti iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek üçin hem ne­ti­je­li meý­dan­ça öw­rül­di. Sam­mi­tiň çä­gin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­now bi­len du­şuş­dy.

Tä­ze ýy­lyň şow­hu­ny

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Tä­ze ýyl baý­ra­my my­na­sy­bet­li Di­ýa­ry­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de şow­hun­ly baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry do­wam ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tin­de hem baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy uly şat­lyk-şow­hu­na bes­len­di. Da­ba­ra Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tin­iň we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, sport des­ga­la­ry­nyň we sport mek­dep­le­ri­niň jo­gap­kär iş­gär­le­ri gat­naş­dy­lar.

Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­niň önüm­le­ri hal­ka­ra de­re­je­de ha­sa­ba alyn­dy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýylyň 14-nji de­kabryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ar­ka­dag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, bu ýer­de gu­rul­ma­gy, dur­ky tä­ze­len­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­la­ryň şe­kil tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy.

Türgenleriň täze ýyl gutlaglary

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Şah­zod­bek MAT­ÝA­KU­BOW,

Arkadag — ýaşlaryň şäheri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Gojaman Köpetdagyň eteginde, ýeriň ýüzüniň gaýmagy ýaly, zemini ýagtyldýan Güneşiň nury mysaly nuranalykdan görk alan, çuňňur zehinden kemal tapan Arkadag şäheriniň adyndan beýikligi görmek bolýar. Şäheriň gögi direýän binalary, synlanyňda gözýetimiň ýetmeýän şaýollary soňlanmajak ösüşleriň şaýady bolup dur. Bu ösüşlerde pederlerimiziň egsilmez yhlasynyň, dürdäne sözleriniň mazmunyny görmek bolýar. Elbetde, gurýan döwlet — gurply döwlet. Şu sözlerden ugur alan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwletli tutumlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň goşa ganatyny döretdi. Ganatyň biri paýtagtymyz Aşgabat bolsa, beýleki ganat Arkadag şäheridir.

Tür­kme­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy­nyň eýe­le­ri

Buýsançly bedewlerimiz ÝUNESKO-nyň sanawynda

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny dün­ýä ta­nat­mak­da BMG-niň Bi­lim, ylym, me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy bo­lan ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dy­ryp, türk­me­niň göz gu­wan­jy­na de­ňel­ýän ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­ny art­dyr­mak öň­de go­ýul­ýan we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan hem kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy özün­de sak­la­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz, asyl­ly he­re­ket­le­ri, ýyn­dam­ly­gy we gö­zel­li­gi bo­ýun­ça dün­ýä­de taý tap­dyr­ma­ýan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nan­dy­gy üçin 2023-nji ýy­lyň 5-nji de­kabr­da Ka­sa­ne­de ge­çi­ri­len ÝU­NES­KO-nyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň 18-nji ses­si­ýa­sy­nyň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň «Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri» at­ly mil­li hö­dür­na­ma­sy­nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­di­gi yg­lan edil­di.

Ar­ka­da­gy­my­zyň eserlerinde be­dew was­py

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­men hal­ky dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne özü­niň naý­ba­şy gym­mat­lyk­la­ry bi­len go­şan­dy­ny go­şup, hal­ka­ra are­na­syn­da­ky ab­ra­ýy­ny yzy­gi­der­li art­dy­ryp gel­ýän­di­gi­ni ta­ry­hyň gat­la­ry, şu gü­nüň ro­waç­lyk­ly ösüş men­zil­le­ri şöh­le­len­dir­ýär. Hal­ky­my­zyň ru­hu­na, hä­si­ýe­ti­ne ky­bap­daş gel­ýän, özü­niň gö­zel­li­gi, ýyn­dam­ly­gy bi­len dün­ýä halk­la­ry­ny haý­ra­na goý­ýan be­hiş­di be­dew­ler hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň paý­has ele­gin­den ge­çen naý­ba­şy eser­le­rin­de gah­ry­man­la­ryň çe­per keşp­le­ri, dur­muş pel­se­pe­le­ri ar­ka­ly be­ýan edil­ýär. Türk­men hal­ky be­de­wi idet­mek, ony se­ýis­le­mek, şeý­le hem aty ta­na­mak işin­de asyr­lar­bo­ýy top­la­nan tej­ri­bä da­ýa­nyp­dyr. Bu ýö­rel­ge­le­riň türk­me­niň aňyn­da ga­dy­my dö­wür­ler­den kä­mil­le­şip sun­gat de­re­je­si­ne ýet­me­gi­niň özi hal­ky­my­zyň bu gym­mat­ly­ga goý­ýan sar­pa­syn­dan, sy­la­gyn­dan ny­şan.

Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy

Mary welaýaty, 25-nji dekabr (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda zerur işler amala aşyrylýar.