HABARLAR

«RDÝ»-nyň ýük gatnawynyň möçberi ýanwar — maý aýlarynda 3,2% azaldy we 552,4 million tonna düşdi

«Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň üsti bilen ýük daşamagyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda 3,2% azaldy we 552,4 million tonna çenli boldy. Bu barada «Interfaks» habar berýär. Hasabat döwründe içerki ulag möçberiniň azalmagynda 1% görkeziji bellige alnyp, 332,7 million tonna çenli boldy.

Döwrebap halkalaýyn energoulgamy

Häzirki zaman adamzat ýaşaýşyny elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça başyny başlan giň gerimli işleriniň döwrebap ösdürilýändiginiň ýene bir subutnamasyna öwrüldi. Milli we halkara ähmiýetli bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyry 2021-nji ýylyň oktýabrynda üstünlikli işe girizilen Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy boldy. Soňra Mary — Ahal ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurluşygy hem gysga wagtda tamamlanyp, 2023-nji ýylyň noýabrynda ulanmaga berildi. Ynha, geçen hepdäniň çarşenbe güni bolsa ýurdumyzyň energetika halkasynyň üçünji bölegi Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze elektrik geçirijisi işe girizildi.

Ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy

Elektroenergetika pudagy senagatyň binýatlaýyn pudaklarynyň biri bolmak bilen, ol islendik derejedäki ykdysadyýeti ösdürmek üçin esasy pudak hökmünde öňe çykýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagynyň ösdürilmegi eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparynyň dowamynda täze energetika desgasynyň — Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň hem-de her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek mynasybetli dabaralara gatnaşmagy bu işleriň yzygiderli, depginli ösüşe eýedigine şaýatlyk edýän taryhy waka boldy. Ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler maksatnamalaýyn durmuşa geçirildi. Halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylda işe girizildi. Türkmen energogurluşykçylarynyň yhlasly zähmet çekmegi netijesinde halkalaýyn energoulgamyň Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň nobatdaky tapgyry 2023-nji ýylda işe girizildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen, ýurdumyzyň energetika halkasynyň üçünji bölegi bolan Balkan

Işler sazlaşykly guralýar

Welaýat azyk önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki ösümlik ýag kärhanasynda önüm öndürmek işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri arassalanylmadyk pagta ýagynyň 4 müň 563 tonnasy, arassalanylan pagta ýagynyň 3 müň 627 tonnasy, sarunyň 11 müň 384 tonnasy, harpygyň bolsa 7 müň 741 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 44 million 837 müň 216 manatlyga deň boldy.

Şu ýylyň bäş aýynda «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 153 göterim ösüş gazanyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

TESC — 2024 halkara forumyna gatnaşyjy

«Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň galdyran täsiri hem-de özüniň wekilçilik eden Tatarystan Respublikasynyň (RF) Türkmenistandaky «KER — Holding» kompaniýasynyň işi barada bu kompaniýanyň ekologiýa taslamalary boýunça direktory Mansur Kisiatulin bilen gürrüňdeş bolduk. — Kompaniýaňyz hem-de onuň Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmäge gatnaşyşy barada gürrüň beräýseňiz...

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 5 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Özbegistandan gelen telekeçiler türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen matalary satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 30 müň 456 amerikan dollaryna deň boldy.

Arassa energiýa geçmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipesidir

5-6-njy iýunda «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan bu çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça döwletinde sanly ulgam arkaly hem şöhlelendirildi. Forumyň açylyş dabarasyna pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, nebitgaz ugurly işewür düzümleriniň, maliýe institutlarynyň hünärmenleri, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat bu ulgamda işleýän milli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Korollygy

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Korollygy özüne Angliýany, Uelsi, Şotlandiýany, Demirgazyk Irlandiýany we Ýer togalagynyň birnäçe adalaryny birleşdirip, häzirki wagtda «Uly ýedi» (G7) we «Uly ýigrimi» (G20) toparlarynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy, senagat taýdan ösen, dünýäde jemi içerki önümiň nominaly boýunça 6-njy, jemi içerki önüminiň satyn alyjylyk ukyby boýunça 10-njy orny eýeleýän döwlet hökmünde bellidir. Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Korollygyna bank, ätiýaçlandyryş, broker, maslahat beriş hyzmatlarynyň dünýä eksportunyň 10 göterimi degişlidir.

OPEC+ nebitiň gazylyp alnyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşygy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy we onuň hyzmatdaşlary (OPEC+) nebitiň gazylyp alnyşynyň günlük möçberini 2 million barrele çenli azaltmak baradaky ylalaşygyň möhletini 2025-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdylar. Degişli çözgüt Er-Riýad şäherinde geçirilen ministrler derejesindäki mejlisde kabul edildi. OPEC-iň maglumatlaryna görä, ylalaşyk esasynda nebitiň umumy gazylyp alnyşy her gün 39,7 million barrele deň bolmagynda galar.