HABARLAR

Abatlaýjylaryň abraýy artýar

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýer jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri hem Balkan welaýatyndaky ojaklarda netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu kärhanalar şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş konsern boýunça 59 müň tonna golaý «gara altynyň» hem-de 28,4 million kub metre barabar «mawy ýangyjyň» goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Abatlaýjylaryň goşmaça alan nebitiniň «Körpeje» gaz çykaryş, «Galkynyşnebit» we «Ýaşyldepe» nebit-gaz çykaryş müdirlikleriniň her biriniň gürrüňi edilýän döwürde gazanan netijelerinden has artyk bolandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Bu görnükli netije «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň buýsançly üstünliklere beslenýändiginden habar berýär. Muňa şu ýylyň geçen bäş aýynda abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde tutuş trest boýunça 164-e derek 205 sany guýynyň gaýtadan hatara goşulmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Gürrüňi edilýän döwürde trest boýunça goşmaça nebit almak baradaky meýilnamanyň 147,9 göterim, tebigy gaz babatda bolsa 22

Okgunly ösüş bilen täze sepgitlere

Ykdysady ösüş halkyň abadan durmuşyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň netijeliligini şöhlelendirýän esasy görkeziji bolup durýar. Ykdysadyýetiň umumy ýagdaýyna baha bermek üçin bolsa, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen baglanyşykly makroykdysady görkezijileri seljermek zerur. 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, esasy makroykdysady görkezijiler barada hasabatlar berildi. Çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýa esaslanyp, orta we uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň sanlardaky we maglumatlardaky beýany bolan görkezijiler milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösýändigini tassyklaýar. Adatça, ykdysady ösüşiň ýagdaýyna çärýekleriň, ýarym ýyllyklaryň hem-de ýylyň jemleri boýunça baha berilýär. Emma bäş aýlyk döwür hem saýlanyp alnan ugruň hem-de şol ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeliligine nazar aýlamak üçin möhüm döwürdir. Çünki eýýäm bir ýyllyk menziliň ýarysyna golaýy yzda galdy. Şol döwürde oňyn netijeleriň gazanylmagy işleriň sazlaşykly ýola goýlandygyny görkezýär. Bu bolsa saýlanyp alnan ugr

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklary, tüýjümek matalar, jins önümleri, jins hem-de nah mata, nah ýüplük, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 763 müň dollaryndan gowrak boldy.

Il-ýurt bähbitli möhüm desgalar

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan iki sany elektrik bekediniň işe girizilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirdi. Elektrik energiýasy milli ykdysadyýetimiziň ösüşini düzýär. Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini we onuň eksportyny artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, energiýany ulanmak esasynda senagat önümçiligi kärhanalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň energetikasyny ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatn

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Korollygy

Şotlandiýada sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek, galyndylary azaltmak we dolandyrmak üçin kabul edilen çäreleriň hatarynda şu aşakdakylary görkezmek bolar: • bir gezeklik materiallaryň ulanylmagyny gadagan etmek ýaly hereketler arkaly resurslaryň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak;

G20-LIKDE LIDERLIK EDÝÄR

Türkiýe G20-ligiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady ösüş boýunça liderlik edýär. Bu barada Ykdysady ösüş we hyzmatdaşlyk guramasynyň hasabatynda aýdylýar. Şu ýylyň birinji çärýeginde G20-ligiň ýurtlarynyň ortaça ykdysady ösüşi 0,9 göterime deň bolan bolsa, türk ykdysadyýeti agzalan döwürde 2,4 göterim ösüpdir.

Uly mukdarda maýa goýar

«Amazon» kompaniýasynyň bir bölümi bolan «Amazon Web Servic­es» (AWS) ýakyn geljekde Taýwanda maglumat merkezlerini gurmak üçin uly mukdarda maýa goýar. Gürrüň birnäçe milliard amerikan dollary barada barýar. «The Wall Street Journal» neşiriniň habar bermegine görä, maýa goýum taslamasy 2025-nji ýylda başlanyp, ýakyn 15 ýyly öz içine alýar. Geljek ýyl Taýwanda ilkinji «Amazon Web Services» maglumat merkezi işläp başlar. Mundan ozal, «Amazon Web Services» Singapurdaky bulut hyzmatlaryny giňeltmek üçin 9, Ýaponiýada bulut kuwwatyny artdyrmak üçin bolsa 15 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär.

3,33 milliard amerikan dollarlyk altyn satyn aldy

Hindistan 2024-nji ýylyň maý aýynda umumy bahasy 3,33 milliard amerikan dollaryna deň bolan altyn import etdi. Bu barada «Interfaks» habar berdi. Bu görkeziji geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende, 10 göterim az, ýöne 2024-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende, 7 göterim köpdür. Şu ýylyň ilkinji 5 aýynda Hindistanyň altyn importy 16,03 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 42 göterim artypdyr.

Million tonnadan gowrak nebit eksport eder

2024-nji ýylyň ahyryna çenli Gazagystan Germaniýa 1 million tonnadan gowrak nebit eksport eder. Bu barada «KazMunaýGaz» kompaniýasynyň metbugat beýanatynda mälim edildi. Soňky bäş aýyň dowamynda Gazagystan Germaniýa, takmynan, 500 müň tonna nebit iberdi. Kompaniýanyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, soňky bir ýylda Gazagystanyň Germaniýa eksport eden nebitiniň mukdary, takmynan, 1 million tonna barabar boldy.

Dur­nuk­ly ös­ýän pu­dak

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bat­ly dep­gi­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa usu­lyn­da dur­nuk­ly ös­ýän­di­gi, önüm­çi­lik we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­ýan­dy­gy, ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­ýän­di­gi bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Hor­mat­ly Prezidentimi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da yk­dy­sa­dy­ýet we dur­muş ul­gam­la­ry­ny ba­zar gat­na­şyk­la­ry hem-de san­ly­laş­dyr­mak esa­syn­da öz­gert­mek, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy­ny ama­la aşyr­mak­da top­lum­la­ýyn we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.