HABARLAR

Pakistan Türkmenistan bilen ýük dolanyşygyny artdyrar

Pakistan dökünlere barha artýan içerki talaplary kanagatlandyrmak maksady bilen gönüden-göni hökümetara ylalaşygynyň çäklerinde 200 müň tonna karbamidiň importy boýunça Türkmenistan bilen gepleşiklere başlady. Bu barada Pakistanyň ýokary wezipeli ýolbaşçysy “The News International” neşirine penşenbe güni beren interwýusynda tassyklady. Bu başlangyç Pakistanyň oba hojalyk pudagy üçin zerur bolan karbamidiň durnukly iberilişini üpjün etmek boýunça ýurduň giň gerimli strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň maksady bu möhüm çig malyň Türkmenistandan iberilişini durnukly üpjün etmekden ybaratdyr.

Hindistanyň günbatar kenarynda megaport gurlar

«Spalsh» tarapyndan berlen habarda hindi hökümetiniň ýurduň günbatar kenarynda, Mumbaý şäherinden 125 km uzaklykda portuň gurluşygyna başlajakdygy aýdylýar. Wadhawan port taslamasynyň bahasynyň 9,1 milliard dollar boljakdygy çaklanylýar. Gurluşygyň birinji tapgyrynyň 2029-njy ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Portuň gurluşygy 74 %-lik paýa eýe boljak Jawaharlal Neru Port dolandyryşynyň (Nawa-Şewa portunyň resmi ady) we Maharaştra Deňiz geňeşiniň (Hindistanda bir ştat) bilelikdäki kärhanasy tarapyndan durmuşa geçiriler.

Hytaýdan konteýnerlerde ýük daşamagyň wagty we nyrhlary 1,5-2 esse ýokarlandy

Mart-aprel aýlarynda Hytaýdan importyň azalmagy bilen, maý aýynda konteýner ýetmezçiligi meselesini has-da kynlaşdyrýan goşmaça ýük islegi ýüze çykdy. Iýun aýynda gämide boş konteýner we boş ýer üçin garaşmagyň ortaça möhleti iki hepdä çenli artdy we saýlanan ulag ugruna baglylykda ýük daşamagyň wagty 36 – 50% ýokarlandy. «Piter.tv» tarapyndan habar berlişi ýaly, şu aýyň başyndan Hytaýdan deňiz + demir ýoly arkaly harytlary ibermegiň ortaça wagty maý bilen deňeşdirilende 55–60 güne, göni demirýol gatnawy bolsa 30 gün çenli artdy (iki esse).

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: ŞWESIÝA KOROLLYGY

Şwesiýa Korollygy Ýewropa Bileleşiginiň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy, senagat taýdan ösen, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerine sarp edilýän çykdajylar boýunça dünýäniň ilkinji 20 ýurdunyň hataryna girýän, Global innowasion indeksiň reýtinginde (2022ý.) 3-nji orny eýeleýän döwlet hökmünde tanalýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklaryna dag-magdan, tokaý hojalygy, agajy gaýtadan işlemek, metallurgiýa, maşyn gurluşygy we energetika senagaty degişlidir. Şwed ykdysadyýeti özüniň köp ugurlydygy, eksporta gönükdirilendigi, maýanyň köp möçberde jemlenendigi, ýokary hünärli işçi güýjüne eýedigi, bäsdeşlige ukyplydygy, söwdany we işewürligi alyp barmakda açyklygy hem-de erkinligi bilen tapawutlanýar. Önümleriň 90 göterim töweregi «Ericsson AB», «SKF», «Alfa Laval Group», «IKEA», «AGA», «Dyno Nobel» ýaly hususy kompaniýalar tarapyndan öndürilýär. «Legatum» britan analitik institutynyň maglumatyna görä, 2023-nji ýylda Şwesiýanyň gülläp ösüş indeksi dünýäde iň ýokary ýurtlaryň biri hökmünde kesgitlenýär. Bu reýtingde Şwesiýa ikinji orny eýeleýär. Köp ýurtlarda bolşy ýaly, Şwesiýa hem döwlet derejesinde işewürligi sirkulýar ykdysadyýetine geçirmek we daşky gurşawy netije

Awstraliýa Hytaýa suwuklandyrylan tebigy gazy eksport etmekde öňdebaryjy boldy

2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Hytaýa suwuklandyrylan tebigy gazy eksport etmekde Awstraliýa birinji orny eýeledi. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirligi habar berýär. Hasabat döwründe Awstraliýa hytaý bazaryna umumy bahasy 6,3 milliard amerikan dollaryna deň bolan 11 million tonna suwuklandyrylan tebigy gazy iberdi. Bu ugurda ikinji ýer Katara degişli. Katar şu ýylyň bäş aýynda umumy bahasy 4,7 milliard amerikan dollaryna barabar 7,7 million tonna suwuklandyrylan gazy Hytaýa eksport edipdir. Ilkinji üçlügi bolsa Malaýziýa (umumy bahasy 1,8 milliard amerikan dollar, umumy göwrümi 3,7 million tonna) jemleýär. Bäş aýda umumy bahasy 1,7 milliard amerikan dollarlyk 2,85 million tonna suwuklandyrylan tebigy gazy Hytaýa satan Russiýa Federasiýasy bolsa dördünji orunda ýer alypdyr.

298 million ýük geçirmäge ukyply port gurlar

Ýakyn wagtda Hindistanyň günbatar kenarynda, Mumbaý şäherinden 125 kilometr uzaklykda dünýädäki iň uly portlaryň biriniň gurluşygyna başlanar. «Wadhawan» diýlip atlandyryljak bu portuň taslamasynyň umumy bahasy 9,1 milliard amerikan dollaryna deň bolar diýlip çaklanylýar. Onuň gurluşygy 74 göterimlik paýa eýe boljak «Jawaharlal Neru» port dolandyryşynyň («Nawa-Şewa» portunyň resmi ady) we «Maharaştra» Deňiz geňeşiniň (Hindistanda bir ştat) bilelikdäki kärhanasy tarapyndan durmuşa geçiriler. Portuň gurluşygynyň birinji tapgyryny 2029-njy ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

Eýran «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesi üçin zerur bolan «Reşt-Astara» demir ýolunyň birinji bölüminiň gurluşygyny tamamlady

«Tasnim» agentligi Eýranyň demir ýolunyň Reşt şäherinden «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň bir bölegi bolan Hazar portuna çenli uzaýan böleginiň 20-nji iýunda ulanylmaga berilýändigini habar berdi. Geljekde ýoluň Hazar portundan Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky Astara sebitine çenli uzaýan nobatdaky tapgyryny gurmak meýilleşdirilýär. Ýoluň uzynlygy — 37 km. Gurluşyk üçin takmynan 30 trillion rial ýa-da 630 million ýewro möçberinde karz serişdeleri çekildi. Taslamanyň umumy bahasy — 35 trillion rial ýa-da 730 milliard ýewro.

Energetika ulgamynyň ösüşleri

Elbetde, türkmen jemgyýetinde gazanylýan her bir ösüşler milli kanunçylygyň kämilleşmegi esasynda amala aşyrylýar. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işlerde halkara tejribeler içgin öwrenilýär hem-de olaryň iň ygtybarly ugurlary ornaşdyrylýar. Munuň özi täze taryhy eýýamymyzda kanunçylyk ulgamyny döwrebap kämilleşdirmegiň, olary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda baýlaşdyrmagyň döwlet işiniň esasy ugurlarynyň biridigini doly tassyklaýar. Elektrik energetikasy ulgamynda hem döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasy maksady ata Watanymyzyň energiýa çeşmelerini tygşytly ulanmakdan, netijeli peýdalanyp, geljekki nesillerimize hem ýetirmekden, şeýle-de ýaşlary energiýa serişdelerinden tygşytly we netijeli peýdalanmak ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.

Halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýar

Ata Watanymyz dünýäde nebit-gaz, elektrik energiýasyny öndürmekde öňdäki orunlarda durýar. Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyndan raýatlarymyzyň hiç hili bökdençsiz peýdalanmaklaryny ýola goýmak maksadynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda «Ahal—Balkan» we «Balkan—Daşoguz» ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygy üçin enjamlary, materiallary we tehnikalary satyn almak hem-de telemehanika ulgamlaryny gurnamak barada şertnamalary baglaşmak hakynda Kararynyň kabul edilmegi bilen bu iri göwrümli  bekediň gurluşygyna girişildi.  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň 5-nji iýunynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Daşoguz welaýatyna amala aşyran saparynyň dowamynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça iri taslama durmuşa geçirildi.

Türkiýeden Türkmenistana awtomobil ätiýaçlyk şaýlarynyň eksporty $9,9 milliona barabar boldy

Türkiýeden Türkmenistana awtomobil ätiýaçlyk şaýlarynyň eksporty 2024-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 9,9 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp, “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi. Habara bellenilişi ýaly, diňe şu ýylyň maý aýynda Türkiýe Türkmenistana 2,6 million ABŞ dollaryna barabar bolan awtomobil senagatynyň önümlerini eksport etdi.