HABARLAR

Energiýany tygşytlamak syýasatynyň milli kanunçylyk esasy döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň energiýa üpjünçilik ulgamy yzygiderli ösüşlere beslenýär. Türkmenistan dünýäniň energetika serişdelerine baý döwletleriniň biri bolmak bilen, döwrüň şertlerine we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy ygtybarly we kämil kanunçylygyň bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary, şol sanda energiýa üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk namalary öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda energiýanyň çeşmeleri bolup durýan ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, suwlaryň, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi berkidilen. Häzirki wagtda «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Elektrik energetikasy hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda

Alkyş getirýän aladalar

«Döwlet adam üçindir!» Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlygyna girişen ilkinji günlerinde öňe süren bu dünýä nusgalyk ýörelgesi geçen ýyllarda özüniň anyk beýanyny tapdy. Ilatyň jana-jan bähbitlerine, adamlaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen işler giň gerimli we uly möçberlidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluna ynamly eýermek bilen, bu nurana ýörelgäni täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurt bähbitli işler barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigine ilatly ýerleri gazlaşdyrmak, gaz ulgamynyň sazlaşykly hereket etmegini gazanmak boýunça Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler hem bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Nebitgaz senagaty — milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, pudagyň düzümleriniň tehnologik taýdan düýpli döwrebaplaşdyrylmagy ýangyç-energetika pudagynda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir. Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ulgamyny döretmek şol strategiýanyň esasy ugurlarydyr. Türkmenistanda gaz pudagynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, olar sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga möhüm goşant bolup durýar.

ÝTÖB Türkmenistana 334 million ýewro töweregi maýa goýdy

Ýewropa täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistana goýan maýasynyň umumy möçberi bu güne çenli 334 million ýewro ýetdi. Bu serişdeler ýurtda 87 sany dürli taslamany maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar Portalynda habar berilýär. Maglumatlara görä, ÝTÖB-iň Türkmenistandaky häzirki karz portfeli, takmynan, 25 million ýewro möçberinde bahalandyrylýar. Bankyň maýa goýum strategiýasy ýurduň çäginde azyndan 18 taslamanyň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 21 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Ukrainadan, Gyrgyz Respublikasyndan, Owganystandan we Türkiýeden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen dizel ýangyjyny, az kükürtli ýakyş mazudyny, suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen natriý hloridini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 38 million 723 müň 700 amerikan dollaryna deň boldy.

Şu ýylyň birinji ýarymynda 4,81 milliard amerikan dollarlyk tebigy gaz Hytaýa eksport edildi

Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan Hytaýa turbageçirijiler arkaly tebigy gazy eksport etmekde birinji orny eýeledi. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berýär. Hasabat döwründe Türkmenistan umumy bahasy 4,81 million amerikan dollaryna deň bolan «mawy ýangyjy» Hytaýa eksport etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýy turbageçirijiler arkaly tebigy gaz bilen üpjün edijileriň arasynda liderligi özünde saklap galdy. Bu ugurda ikinji orun 3,97 milliard amerikan dollarlyk tebigy gazy turbageçirijiler arkaly Hytaýa iberen Russiýa Federasiýasyna degişli. Şeýle-de ilkinji üçlükde Mýanmanyň (679 million amerikan dollarlyk eksport) hem ady bar. Mundan başga-da, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi hem şu ýylyň birinji ýarymynda ýurduň Türkmenistandan we Russiýa Federasiýasyndan amala aşyran tebigy gaz importynyň 4 esseden gowrak artyp, jemi 800 million amerikan dollaryndan geçendigini habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy: Garaşsyzlyk ýyllarynyň gadamlary

Birža söwdalarynda baglaşylýan geleşikler, söwdalarda satylan harytlaryň görnüşi, bahasy, möçberi we alyjylar boýunça maglumatlar ýerli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär. Degişli maglumatlar we görkezijiler Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi saýtynda hem çap edilýär. Hepdelik söwdalaryň jemi boýunça habarlar halk köpçüligine yzygiderli ýetirilip durulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň zähmetsöýer işgärleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň agzybir işgärleri hem ýokary zähmet üstünlikleri bilen milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASY

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Finlýandiýada tehniki dolanyşygyň gerimi göz öňünde tutulyp, bu ugurda iki görnüşdäki esasy taslama uly orun berilýär. Birinjisi, ýaşaýyş sikliniň pikiri bilen baglanyşykly sirkulýar ykdysadyýet boýunça görkezme zawody, ikinjisi, arktika senagatynyň ekoulgamy we Kemi-Tornio sirkulýar ykdysadyýetiniň innowasion platformasy.

10 ýylda 3,9 göterimlik ösüş

ýa-da Pakistanyň ykdysadyýetine gysgaça syn Pakistan ösýän ykdysadyýetli ýurt bolup, Halkara Pul Gaznasynyň deslapky hasabatyna görä, satyn alyş güýji boýunça dünýäniň 24-nji, nominal jemi içerki önümi babatda 46-njy döwleti hasaplanýar. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň nominal jemi içerki önümi 338,24 milliard amerikan dollaryna, ilatyň jan başyna düşýän JIÖ bolsa, 1,658 amerikan dollaryna deň boldy. Şeýle hem soňky 10 ýylda ýurduň jemi içerki önüminde ortaça 3,9 göterimlik ösüş hasaba alyndy. Aziýanyň ösüş bankynyň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylda Pakistanyň nominal jemi içerki önüminiň 1,9 göterim, 2025-nji ýylda bolsa, 2,8 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, Pakistanda ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, hökümet tarapyndan 2015 — 2020-nji maliýe ýyllary üçin Pakistan hyzmatdaşlyk strategiýasy durmuşa geçirildi. Maliýe strategiýasy esasy iki maksada: ýurtda garyplygy azaltmaga we umumy gülläp ösüşe gönükdirildi. Bu 5 ýyllyk maliýe meýilnamasynyň netijesinde ýurduň iň kyn ugurlarynda uly öňegidişlik gazanyldy.

«LVMH» kompaniýasynyň arassa peýdasy 14 göterim azaldy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda «LVMH» kompaniýasynyň girdejisi 1 göterim, arassa peýdasy bolsa 14 göterim azaldy. Hasabat döwründe kompaniýanyň arassa peýdasy 7,27 milliard ýewro barabar boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 8,48 milliard ýewro deň bolupdy. Kompaniýanyň 2024-nji ýylyň deslapky ikinji çärýegindäki girdejisi bolsa 560 million ýewro azalyp, 41,68 milliard ýewro boldy. Ýylyň  birinji ýarymynda «LVMH» kompaniýasynyň esasy harytlary bolan moda lybaslarynyň we deriden taýýarlanylan önümleriň söwdasy 2 göterim azalyp, 20,7 milliard ýewro deň bolupdyr.