HABARLAR

Önümçilik depgini artdyrylýar

Türkmenabat şäherindäki «Bagtyýar doganlar» hojalyk jemgyýetine degişli bolan hususy önümçilikde ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan harytlyk betony öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ýerde her ýylda harytlyk betonyň 3 müň kub metrden gowragy öndürilip, sarp edijilere ugradylýar. Şu ýylyň ýanwar—mart aýlarynda 117 müň 853 manatlyk önüm öndüren hususyýetçiler geljekde bu görkezijini has-da artdyrmak ugrunda degişli işleri alyp barýarlar.

Ertir Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy öz işine başlar

Ertir, 24-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF — 2024) öz işine başlar. TEIF — 2024-iň guramaçylary bolup «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Turkmen Forum» we «GaffneyCline» kompaniýalary hyzmatdaşlykda çykyş eder. Pariž forumynyň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz, energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.

Döwrebap desga gurulýar

Mary welaýatynyň çägindäki gaz känlerini sanasaň, sogaby artýar. «Şerepli», «Kelleli», «Ýylan» gaz känleri-de senagat taýdan täze özleşdirilýän gaz ýataklarynyň düzümine girýär. «Kelleli» gaz käninde «Türkmengaz» döwlet konserniniň meýilnamasyna laýyklykda, tebigy gazy ilkinji arassalaýan kuwwatly desga gurulýar. Täze desgany «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasyna görä, «Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestiniň 2-nji ýöriteleşdirilen edarasynyň gaz gurluşykçylary baş potratçy hökmünde alyp barýar. Gaz känleriniň ulanyş guýularyndan çykarylýan gazy harytlyk derejesine ýetirip, ony Garagum — Üçajy — Malaý ýokary basyşly gaz geçirijisine akdyrmak maksady bilen gurulýan desgada zähmet çekýän gurluşykçylar kömekçi gulluk binalarynyň işini doly tamamlap, häzir diametri 159 we 219 millimetrlik gaz geçirijileriň gurluşygyny, desganyň seperatorlarynydyr kömekçi enjamlaryny, ýygnaýjy hatarlar toplumynyň hem-de ilkinji birikme nokadynyň enjamlaryny gurnamak işlerini alyp barýar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, täze desga işe girizilensoň, gaz känlerinden her gije-gündizde 1 million 100 müň kub metr harytlyk tebigy gaz daşarky bazara ugradylar.

Bilelikde işlemek — üstünligiň kepili

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň üstüni ýetirmek, tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberlerini artdyrmak boýunça anyk we jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Ol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, il-ýurt bähbitli meselelerde ýokary netijeleri gazanmak üçin tagallalary birleşdirmek, maksada okgunly zähmet çekmek talap edilýär. Şol talaplardan ugur almak bilen, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň edaralarynda anyk we netijeli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bilelikde alyp barýan işleri, bu babatda ýakyn ýyllar üçin tassyklanan meýilnama hem aýdyň mysallaryň biridir. — Hawa, şanly wakalara baý, uly ösüşlere beslenýän ýylda tebigy gazyň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen köptaraply, maksatlaýyn işlere badalga berildi. Munuň üçin Lebap welaýatynyň çäginde hem gözleg-barlag, ulanyş we baha beriş guýularyny burawlamagyň meýilnamasy işlenip düzüldi. Şoňa laýyklykda, häzirki günlerde degişli işleri guramaçylykly girişýäris — diýip, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň düýpli gurluşyk bölüminiň başlygy Myrat Koşaýew gürrüň berýär.

Baş maksat — ulag ulgamynda tagallalary birleşdirmek

Aşgabat forumy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertidigini görkezdi Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň ugurlaryny giňeltmek babatda tagalla edýär. Şu jähetden, türkmen paýtagty Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda 15 — 19-njy aprelde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň geçirilmegi degişli ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boldy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy we binýatlyk ýagy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Serbiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty, guradylan buýan köki, tekiz boýalan, žakkard tüýjümek önümler, nah mata we nah ýüplük, arassalanan nah galyndylary, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 46 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Serbiýadan we Özbegistandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köki hem-de kök baldaklary satyn alyndy. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 35 million 703 müň 400 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Hytaýda benziniň nyrhy ýokarlanar

Hytaý Halk Respublikasynyň Ösüş we özgertmeler boýunça döwlet komitetiniň kararyna laýyklykda, ýurtda benziniň bölek satuw bahasy ýokarlanar. Has dogrusy, çarşenbe gününden başlap bolsa, benziniň we dizel ýangyjynyň bölek satuw bahalary degişlilikde, 200 we 195 ýuan gymmatlar. Habarda aýdylyşyna görä, ýurtda hereket edýän nyrh ýokarlandyrma dünýä bazarynda çig malyň we nebit önümleriniň bahalarynyň kada gelmeginiň netijesinde arzanladylar.

Dünýäde awtoulag satuwy boýunça birinji orny eýeledi

Mart aýynda dünýä bazarynda awtoulag satuwy 8,026 million ýeňil we ýeňil söwda awtomobiline deň boldy, bu bir ýyl ozalkydan 1,9 göterim köpdür. Çärýegiň dowamynda satuw 4,4 göterim ýokarlanyp, 20,762 million awtoulaga barabar boldy. Bu barada «GlobalData» habar berýär. Hytaý mart aýynda 2,154 million awtoulag satyp, dünýäde awtoulag satuwy boýunça ýurtlaryň reýtinginde birinji orny eýeledi. Mart aýynda ABŞ-da 1,437 million awtoulag satyldy, ösüş 5,5 göterim boldy.

Ulag diplomatiýasynyň türkmen nusgasy — Aşgabat — Türkmenabat awtobany

Luw ýylynyň — 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 17-sinde gadymy Mary topragynyň ýaň salan tutumly dabarasynda durkaň, nazaryň ilerdäki-gaýradaky guba depelerde eglenýär. Hawa, bu ýerler Garagumuň içi, has anygy, şöhraty äleme ýaýran gadymy Ýüpek ýolunyň geçen ýerleri. Ösen dünýäniň häzirki döwründe bolsa Türkmenistan öz milli ykdysadyýetiniň hasabyna, öz gujur-gaýratly, başarjaň, zamananyň iň çylşyrymly inženerçilik-tehnologik çözgütlerini kemsiz berjaý edibilýän hünärmenleriniň güýji bilen Garagumuň içinden awtoban gurýar. Awtobanyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dünýäniň geosyýasy giňişliginde ýurdumyzyň juda amatly ýerde ýerleşmek bilen, häzirki zaman ösüşiniň esasy starategik ugry bolan ulag-logistika babatda täze taslamalary amala aşyrýandygyny, şeýlelikde, Demirgazyk-Günorta, şeýle hem Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ýollaryň gurluşygyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Garagumuň içinden gurulýan awtoban munuň anyk mysalydyr.