HABARLAR

Peterburgdan Hytaýa ýük daşamak on güne çenli gysgaldy

Demirgazyk deňiz ýolunyň ugrunda täze ulag ýoly işe girizildi. Munuň özi harytlaryň eltip bermek möhletini on gün azaldar. Aziýa ýurtlaryndan ýollanan harytlar bary-ýogy 25 günüň dowamynda Sibiriň üstünden uzaýan magistraldan ýol salyp, ulag gijikdirmelerinden geçip, göni Sankt-Peterburg portuna gelýär. Demirgazyk deňiz ýolunda Russiýa bilen Aziýanyň arasynda konteýner gatnawy ösýär.

Şahamçanyň durky täzelenýär

Ýyl-ýyldan sany artýan tehniki serişdeleri ýangyçdyr çalgy ýaglary bilen üpjün etmek işinde Türkmenabadyň nebit kärhanasynyň agzybir işgärleri ýokary başarnyk we tutanýerlilik görkezýärler. Möhüm işi ýokary sazlaşykly guramak, döräp biläýjek bökdençlikleri aradan aýyrmak, nebit önümlerini abat saklamak maksady bilen kärhananyň şahamçalarynyň durky düýpli täzelenýär. Şeýle möhüm işler häzirki günlerde kärhananyň Zergär şahamçasynda tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. — Geçen ýyllarda bu iri şahamçamyzyň durkuny düýpli täzelemek işleriniň birinji tapgyry üstünlikli berjaý edildi. Şonda zerur çäreleriň uly toplumy ýokary hilli ýerine ýetirildi. Şu günlerde dowam edýän işleriň ikinji tapgyrynda hem bellenilen işleri üstünlikli tamamlamak ugrunda yhlasly zähmet çekilýär — diýip, kärhananyň gurluşyk boýunça baş hünärmeni Batyr Joraýew gürrüň berýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 505 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 23 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Serbiýadan, Owganystandan, Täjigistandan, Türkiýeden we Gruziýadan gelen telekeçiler «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goaýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen buýan köküniň guradylan ekstrakty satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 15 million 505 müň 500 amerikan dollaryna deň boldy.

SIRKULÝAR YKDYSADYÝETIŇ ÝÖRELGELERI

Sirkulýar ykdysadyýetiň möhüm elementi hökmünde «R-strategiýa» diýlip atlandyrylýan ýörelgeler çykyş edýär. Ilkibaşda ykdysadyýetiň bu modeli üç sany ýörelgä esaslanýar: azaltmak (reduce), gaýtadan ulanmak (reuse) we gaýtadan işlemek (recycle). Bu ýörelgeler, birinjiden, tebigy baýlyklary gorap saklamak üçin resurslaryň ätiýaçlyklaryna we dikeldilýän resurslaryň akymlaryna gözegçilik etmäge, ikinjiden, gaýtadan ulanmagyň talaplaryna laýyk gelýän önümleri, önümleriň böleklerini (komponentlerini) we materiallary işläp taýýarlamak hem-de paýlamak arkaly resurslaryň sarp edilişini optimallaşdyrmaga, üçünjiden, ykdysady we ekologik ulgamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, hereket edýän önümçiligiň daşky ýaramaz täsirleriniň öňüni almaga şert döredýär. Wagtyň geçmegi bilen resurslaryň we önümleriň dolanyşygynyň ähli tapgyrlary, şeýle hem akylly sarp etmegi guramagyň usullary göz öňünde tutulyp, sirkulýar ykdysadyýetiň ýörelgeleri özgerýär. Häzirki wagtda sirkulýar ykdysadyýetiň binýadynda 10 (R0 — R9) ýörelge durýar (surat):

Russiýanyň eksporty 207,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň eksporty 0,4 göterim aşaklap, 207,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Hasabat döwründe ýurduň importy bolsa 8,1 göterim azalyp, 130,4 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. RF-niň Federal gümrük gullugynyň habar bermegine görä, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Russiýanyň Ýewropa ýurtlaryna eksporty 31,7 milliard, Aziýa ýurtlaryna eksporty 156 milliard, Afrika ýurtlaryna eksporty 12,3 milliard hem-de Amerika ýurtlaryna eksporty 6,7 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

61,7 million sany «PlayStation 5» satdy

«Sony» kompaniýasy «PlayStation 5» enjamy bazara çykaraly bäri, onuň 61,7 million sanysyny satdy. Hususan-da, soňky çärýekde ýapon kompaniýasy 2,4 million sany «PlayStation 5» oýun enjamyny ýerledi. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 3,3 milliona deň bolupdy. 2024-nji ýylyň ikinji çärýegindäki peselişe garamazdan, «Sonynyň» oýun enjamlaryna we programmalaryna ýöriteleşen bölümi girdejisini 12 göterim artdyrdy. Bu girdejiniň esasy bölegi «PlayStation Network» we «PlayStation Plus» sanly hyzmatlarynyň satuwyndan gazanylypdyr.

Alýuminiň importyny 10 esse artdyrdy

Özbegistan Gazagystandan alýuminiň importyny ep-esli artdyrdy. Has takygy, bu görkeziji 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda 10 esse ýokarlanyp, 2 müň 100 tonna ýetdi. Hünärmenler Özbegistanyň Gazagystandan satyn alynýan alýumininiň möçberini artdyrmagyny ýurduň içindäki zerurlygyň artmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Import edilen alýumininiň esasy bölegi Daşkent şäheriniň etegindäki alýuminiý profillerini öndürýän zawodda gaýtadan işlenilýär. Ýyllyk kuwwaty 50 müň tonna taýýar profilleri öndürmäge niýetlenilen bu zawod häzirki wagtda öz önümlerini dünýäniň 50-den gowrak döwletine eksport edýär.

Ikinji çärýekde 10 milliard ýitgi çekdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Warner Bros. Discovery» kompaniýasy 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde 10 milliard amerikan dollary möçberinde arassa ýitgi çekendigini habar berdi. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 1,24 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy. Hünärmenler kompaniýanyň ýitgisiniň ýokarlanmagyny onuň basketbol oýunlaryny ýaýlyma bermek hukugyndan mahrum bolmagy bilen baglaýarlar. Ýeri gelende bellesek, Milli basketbol assosiasiýasy öz duşuşyklaryny ýaýlyma bermek boýunça «Warner Bros. Discovery» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy bes etmek kararyna gelipdi. Şol bir wagtyň özünde MBA «Walt Disney», «NBC» we «Amazon Prime Video» kompaniýalary bilen duşuşyklary ýaýlyma bermek boýunça 11 ýyla niýetlenilen şertnama baglaşdy. Onuň umumy bahasy 76 milliard amerikan dollaryna barabardyr.

ABŞ-nyň eksporty iýun aýynda 265,9 milliard amerikan dollaryna deň boldy

Şu ýylyň iýun aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň eksporty 265,9 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji maý aýyndakydan 3,9 milliard amerikan dollary möçberinde köpdür. Ýurduň iýun aýyndaky eksportynyň 172,4 milliardy harytlaryň, 91,7 milliardy bolsa hyzmatlaryň paýyna düşýär. Bu barada ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Iýun aýynda ABŞ-nyň importy hem 0,6 göterim köpelip, 339 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şonuň 271,6 milliardy harytlaryň, 67,5 milliardy bolsa, hyzmatlaryň importyna degişli.