HABARLAR

Ýokary depgin bilen

Pagta süýümini gaýtadan işläp, ondan ýokary hilli nah ýüplükleri öndürmekde ýurdumyzyň beýleki dokma kärhanalary bilen bir hatarda Seýdiniň pagta egriji fabriginde-de işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu kuwwatly kärhanada ýokary hilli nah ýüplükleriň 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilip, sarp edijilere ugradylýar. Önümçiligine Germaniýa, Italiýa, Şweýsariýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli dokma enjamlary ornaşdyrylan fabrikde şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 34 million 313 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 107,8 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny görkezýär. Şeýle-de degişli döwürde taýýar önümleriň 31 million manatlykdan gowragy ýerlenildi.

2024-nji ýylda Demirgazyk-Günorta geçelgesiniñ gündogar ugry boýunça ýük aýlanyşygy 2 mln tonna çenli artdyrylar

Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan we Eýrandan geçýän "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniñ gündogar ugrunyñ mümkinçiligi her ýyl 15 mln tonna barabardyr. TASS habarlar gullugynyñ berýän habaryna görä, bu barada Astrahanda geçirilen Hazar forumynda Russiýa Federasiýasyndaky Eýran Yslam Respublikasynyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kazem Jalali žurnalistlere habar berdi. "Demirgazyk-Günorta geçelgesiniñ bu gündogar ugrunyñ mümkinçiligi - her ýyl 15 mln tonna barabardyr. Geçelge Russiýa Federasiýasynyñ, Gazagystanyñ, Türkmenistanyñ, soñra bolsa Eýran Yslam Respublikasynyñ çäklerinden geçýär" - diýip, ilçi belledi.

Azerbaýjan Türkmenistana ýük awtoulaglary iberer

Azerbaýjanda öndürilen “Iveco” kysymly ýük awtoulaglary Russiýa, Gruziýa, Eýrana we Türkmenistana eksport ediler. “Report”-yň habar bermegine görä, “Az-Tex-Import” ÇJJ-iň esaslandyryjysy, Sumgaýit himiýa senagat parkynyň wekili Samir Ibadullaýew bu barada belläp geçýär. Samir Ibadullaýewiň aýtmagyna görä, ýylyň dowamynda 100 birlik ýeňil, orta we uly tonnaly ýük awtoulaglarynyň öndüriljek kärhanasynda gurluşyk işleri tamamlanýar.

«Gara altynyň» goşmaça tonnalary

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de täze belentliklere götermekde, uglewodorod çig mallarynyň möçberini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» ýaly müdirlikler boýunça şu ýylyň başyndan bäri goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 107 müň tonna golaýlady. Bu görkeziji geçen ýedi aý üçin bellenilen meýilnamanyň 27 müň 715 tonna artygy bilen berjaý edilendiginden habar berýär. Trestiň «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça nebit çig malyny almak baradaky meýilnamalaryny üç esseden hem artyk berjaý edendiklerini aýratyn nygtamak gerek.

Bir­ža tä­ze­lik­le­ri

Ge­çen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 31-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt pu­lu­na Tür­ki­ýä­niň, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Oma­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy we kar­ba­mi­di, “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len gid­ro usul­da aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny, ýol bi­tu­my­ny sa­tyn al­dy­lar. Mun­dan baş­ga-da, da­şa­ry ýurt pu­lu­na Tür­ki­ýä­niň, Gon­kon­gyň te­le­ke­çi­le­ri­ne pag­ta lin­ti, er­kek­ler üçin köý­nek­ler, jins önüm­le­ri we ma­ta­lar ýer­le­nil­di. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 60 mil­li­on 939 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Burawlaýjylaryň buýsançly gadamlary

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baý döwletleriniň hatarynda bolmak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de olary durmuşa ornaşdyrmakda tutanýerli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýär. Bu dünýä nusgalyk işleriň her birinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniň zähmet toparlarynyň hem öz mynasyp paýy bar. Konserniň burawlaýjylary nebitli, gazly ýataklarda dürli maksatly täze guýulary gazmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýarlar. Diňe şu ýylyň geçen ýedi aýynda bu müdirlikler tarapyndan 99 müň 663 metre barabar dag jynslary gazylyp, meýilnama 103,3 göterim amal edilipdir. Bu ajaýyp zähmet üstünligi barada konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň dolandyryjysy Magtymguly GAÝYPOW habarçymyza şeýle gürrüň berdi: — Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, has takygy, 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Uzynada meýdançasyna gelip, şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegi, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmegi we ondan netijeli peýdalanmagy esasy wezipe edip goým

Toý sowgatlary saldamly bolar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna beslenen şu ýylyň ýedi aýyny üstünlikli jemlediler. Edaranyň işçi-hünärmenleri häzirki tomus günlerinde tebigy gazy ulanyjylary «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün etmek bilen birlikde, etrabyň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz ulgamlaryny düýpli abatlap, gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda hem giň göwrümli işleri alyp barýarlar. Bu ugurdaky işler bilen ýakyndan tanyşmak maksadynda edaranyň Gubadag şäherinde ýerleşýän ülşüniň gazçylarynyň gündelik durmuşa geçirýän maksada okgunly işleri bilen tanyşdyk. Ülşüň işçi-hünärmenleri tarapyndan häzirki wagtda Gubadag şäherinde we oňa ýanaşyk obalarda dürli basyşly gaz geçirijileriň 1 müň 400 kilometre golaý ýerine, gaz sazlaýjy hem-de paýlaýjy enjamlaryň bolsa 370-den gowragyna ýokary derejede gözegçilik edilýär. Munuň özi şäher ilatynyň we ýerli ýaşaýjylaryň ýylyň islendik döwründe tebigy gazyň eşretli hözirini görüp ýaşamagyny şertlendirýär. Biz munuň şeýledigine etrabyň Abadanlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy Arazbaý Omarow bilen söhbetdeş bolanymyzda has aýdyň gö

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 31 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Gonkongdan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Omandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit bitumyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 60 million 939 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

SIRKULÝAR YKDYSADYÝETIŇ ÝÖRELGELERI

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Dünýä ýurtlarynyň ilaty maddy gymmatlyklary öz zerurlyklaryndan köp sarp edýändigi, her ýylda eýeçilik edýän harytlarynyň möçberini ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän «Empire State Building» köp gatly binanyň 93 müňüne deň bolan 25 milliard tonna çenli artdyrýandygy, awtoulaglaryň 92 göterim wagtynyň hereketsiz durýandygy, ofisleriň ýylyň 58 göterimine barabar ulanylmaýandygy (boş durýandygy) barada internetde maglumatlar berilýär. R0 ýörelgesi şuňa meňzeş ýagdaýlary düýpgöter üýtgetmek, ýagny az mukdardaky harytlaryň ulanylmagyny üpjün edýän çözgütler arkaly, zerur däl we durnuksyz önümlerden raýat jemgyýetiniň ýüz öwürmegi babatynda derwaýys wezepeleri goýýar.

FRANSUZ YKDYSADYÝETINIŇ STRATEGIK PUDAKLARY

Söýginiň, gözelligiň, aşhana sungatynyň, modanyň ösen merkezi hökmünde bilinýän Fransiýa bu günki gün ösen ykdysadyýeti bilen dünýä döwletleriniň arasynda öňe saýlanýar. Şunda ýurduň daşary söwda dolanyşygyna aýratyn orun degişlidir. Çünki eksport, import amallarynyň gymmady ýurduň jemi içerki önüminiň 73,3 göterimini emele getirýär. Halkara Pul Gaznasynyň hasabatyna görä, Fransiýa 2023-nji ýylda adam başyna düşýän jemi içerki önümi boýunça (44,408 amerikan dollary) dünýäde 23-nji döwlet boldy. Şeýle hem Fransiýanyň paýtagty Pariž «Fortune Global 500» sanawyna girizilen kompaniýalarynyň sany boýunça Ýewropanyň 1-nji, dünýäniň 3-nji öňdebaryjy global şäheridir. Muňa garamazdan, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda ýurduň ykdysady işjeňliginiň ep-esli pese düşmeginiň netijesinde, 2024-nji ýylda ýurduň ýyllyk ösüş depgininiň bary-ýogy 0,7 göterime deň bolmagyna, 2025-nji ýylda bolsa, biraz ýokarlanyp, 1,3 göterime ýetmegine garaşylýar. Syýahatçylyk, önümçilik, dokma senagaty, awtomobil we tehnologiýa pudagy Fransiýanyň milli ykdysadyýeti bilen bir hatarda, dünýä ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm orun eýeleýär. 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde Fransiýanyň eksporty 149 milliard ýewro, importy bolsa 175 milliard ýewro deň boldy. Bu görkezij