HABARLAR

Ykdysady ösüşi peseler

Özbegistanda ykdysady ösüş peseler. Bu hakda Aziýanyň Ösüş Bankynyň 2024-nji ýyl üçin çaklama hasabatynda aýdylýar. Has dogrusy, harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy Özbegistanda hojalyklaryň girdejisine ýaramaz täsir edýär. Netijede, üstümizdäki ýylda ýurtda ykdysady ösüşiň peselmegine garaşylýar. «Asian Development Outlook» neşiriniň 2024-nji ýyl üçin hasabatyna laýyklykda, Özbegistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi üstümizdäki ýylda 5,5 göterime deň bolar. 2025-nji ýylda bolsa ösüş 5,6 göterime çenli ýokarlanar.

Ýanwar-mart: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 2 milliard 598 million 884 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugy habar berýär. Diňe şu ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanşygy 818 million 207 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalar üçin ýörüte ýeňillikli bahalary hödürleýär

«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» APJ Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen CASCA+ Türkmenistan – Ýewropa we Ýewropa – Türkmenistan ugry boýunça ýük daşamalar üçin ýörüte ýeňillikli bahalary hödürleýär diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ukrainanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň işewürleri jins matasyny, nah ýüplügi, dokma galyndylaryndan gaýtadan dikeldilen süýümi, nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy.

Täze desgalar beýik ösüşiň nusgasydyr

Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige uly ähmiýet berilýär. Kiçi we orta telekeçilik Türkmenistanyň çig mal serişdeleriň eksportyna bolan baglylygyny peseltmekde, haryt eksportyny giňeltmekde uly goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Kiçi we orta telekeçilik durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde, milli ykdysadyýetiň üýtgäp duran içerki we daşarky şertlere çeýeligini artdyrmakda, milli önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde ähmiýeti uludyr. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy maksatlarynyň hatarynda goýuldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Senagat ähmiýetli täze desgalar

Türkmenistan döwletimiziň döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Parahatçylyk we abadançylyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: «Özygtyýarly Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň — ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işlerimizi üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär. Munuň şeýledigine 8-nji maý güni bolup geçen taryhy wakalaryň mysalynda-da göz ýetirýäris. Şol gün hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenilen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, şeýle hem kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu desgalar täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, diňe bir Ahal welaýatynyň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine uly goşant goşjak iri kärhanalardyr.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy: ýetilen sepgitler, aýdyň maksatlar

Dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär. Dünýä syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça hormatly Prezidentimiziň parasatly garaýyşlary we teklipleri sebitleýin hem ählumumy derejede özara gatnaşyklaryň iň amatly mehanizmleriniň işlenilip taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Energetika howpsuzlygy dünýäniň ykbaly, adamzadyň geljegi üçin ägirt uly ähmiýeti bolan meseleleriň hatarynda durýar. Häzirki döwürde energiýa göterijileriň halkara üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň meselesi Ählumumy Gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Ol gönüden-göni döwletleriň bähbitlerine galtaşýar, durmuş-ykdysady ösüşine, adamlaryň ýaşaýyş derejesine we hiline, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişiniň mümkinçiliklerine täsir edýär.

Önüm öndürilişi artdyrylýar

Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 1 müň 62 tonnasy, ýagny, 2 million 612 müň 62 manatlygy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 481 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde 8 million 4 müň 250 manatlyk iş edildi. Şeýle-de geçen dört aýda buýan köküniň 1 müň 936 tonnasy, ekstraktynyň hem 210 tonnasy eksport edildi.