HABARLAR

Paýtagtymyzyň gözel keşbini has özgertjek desgalar

18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy. Bu toplumyň gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.

Islegli önümler öndürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hususy işewürleriň gazanýan köpugurly üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwesidir. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän orny has-da pugtalanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, pugtalandyrylmagyna, harytlaryň öndürilişini ýola goýmak üçin tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen pudaklaryň işini üstünlikli ýola goýmaga uly itergi berýär.

Ösüşleriň berk binýady

Ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilikde ylmy işleri giňden peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işler dowam edýär. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, aýratyn-da önümçilikde ylmyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary peýdalanmakda möhümdir.

Ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim

Hormatly Prezidentimiz täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy 15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Gaz pudagynyň iri desgasy energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ädim

15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde milli Liderimiz Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky ýene-de bir möhüm ädimi boldy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyzyň toý bagyny kesmegi bilen, täze möhüm senagat desgasy açyldy. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, pudagyň işgärleri bar. Hormatly Prezidentimiz çykyş edip, ýygnananlary hem-de tutuş türkmen halkyny bu möhüm desganyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Jahana ýaň salan wakalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdede Lebap welaýatyna iş sapary üstünlikli hem-de örän netijeli boldy. Şol günlerde diňe bir welaýatyň ýa-da ýurdumyzyň durmuşynda däl, eýsem, halkara ähmiýetli taryhy wakalar bolup geçdi. Saparyň birinji gününde, ýagny geçen hepdäniň penşenbe güni Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Sanly ulgam — döwrüň talaby

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda barha ösýär. Döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, düzümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Halk hojalygynyň pudaklary bilen bir hatarda, durmuş ulgamyny özgertmek boýunça çäreler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Durmuş ulgamy ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biridir. Pul serişdeleriniň umumy mukdarynyň uly möçberini bilim, ýaşaýyş jaý hojalygy, saglygy goraýyş, pensiýa gaznasy ýaly ugurlar düzýär. Şeýle hem, durmuş ösüşiniň görkezijileriniň ýokary derejesi zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň hasabyna üpjün edilýär. Bu bolsa her bir türkmenistanlynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyna ýardam berýär.

Durnukly ösüşiň miweleri

Döwre şan beren iki gün

Bu iki gün barada heniz kän ýazylar, kän-kän gürrüň ediler. Ýöne şunça ýazgy, şunça gürrüň iki güne sygan wakalaryň beýanyna az geler. Ýaşalyp ýörülse, söze sygmaýan pursatlar kän bolýar. Ynha, hormatly Prezidentimiziň geçen hepdede welaýatymyza amala aşyran iş saparyny gypynçsyz şeýle pursatlaryň hatarynda goýup bolar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 158-si baglaşyldy. Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Maltadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtomobil benzinini, gidro- usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, ýakylýan mazudy, nebit bitumyny satyn aldylar. Şeýle hem BAE-den, Özbegistandan, we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.