HABARLAR

Türkmen Bitaraplygy — abadançylygyň ak ýoly

Türkmenistanyň halky ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesini her ýyl uly buýsanç bilen dabaralandyrýar. Şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary we ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşýar. Türkmen Bitaraplygy haýsydyr bir syýasy bileleşigiň öňe süren taglymaty bolman, eýsem, halkymyzyň döreden köp asyrlyk ýörelgesiniň we häzirki zaman dünýägaraýşynyň özboluşly sazlaşygydyr. Hemmeler bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmak, dostanalyk ýaly häsiýetler türkmen halkyna asyrlaryň dowamynda mahsus bolandyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi milli jemgyýetçilik aňynda giň goldawa eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkyny daşky dünýä üçin has düşnükli we açyk görkezýär.

Dünýäniň energetika döwleti Türkmenistan elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän ýurt hökmünde barha uly kuwwatlyklara eýe bolýar

Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji, dünýäde dördünji orny eýeleýär. Şonuň üçinde Türkmenistany dünýäniň energetika döwleti diýip atlandyrmak bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz häzirki zaman halkara hyzmatdaşlyk ulgamynyň iň bir işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolmak bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasaty oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika diplomatiýasy hem ýokarlanýar.

Ösüşler üstünliklere ruhlandyrýar

Bagtyýarlygyň we parahatçylygyň ýurduna öwrülen eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryndan badalga alýan oňyn özgertmeler netijesinde ösýär. Ýurdumyz ähli ugurlary öz içine alýan döwrebap täzelenişleriň ruhy bilen galkynýar. Asuda, abadan döwletimiziň beýik ösüşleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen jemgyýetiniň durmuşyna täze nur çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň giň gerimlidigini bellemek has hem ýakymlydyr.

Ykdysady ösüşler — bagtyýar geljegiň binýady

Ýene-de bir ýyl taryh gatyna siňdi. 2020-nji ýylda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ösüşler gazanyldy we ykdysady kuwwatyň durnukly ýagdaýda galmagyny üpjün edildi. Bu elbetde, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasy, ykdysady, maliýe we medeni ulgamlarda alyp barýan syýasatlarynyň netijeleridir. Döwletimiziň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň uludan bellenmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna ählitaraplaýyn we giňden taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly işlere badalga berilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli parlamentiň 2 palataly ulgama geçirilmegi bilen baglanyşykly Konstitusion kanuna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň biragyzdan kabul edilmegi we beýlekiler geçen ýylyň möhüm wakalarynyň hataryna girdi.

Yhlasly nebitçiler

Endigan ýaýylyp gidýän şorluklaryň, soňy bilenem biri beýlekisinden belent guba çägeleriň arasyndan uzalyp gidýän asfalt ýoly külterläp barýan awtoulagyň aýnasyndan daşky görnüşi synlap oturyşyma, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň baş geology Täzemyrat Babaýewiň zähmet çekýän ulgamy barada beletlik bilen berýän gürrüňleri mende uly gyzyklanma döretdi. — Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň her bir ulgamynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtaýar. Biziň kärhanamyzda hem halypa-şägirtlik mekdebi öz köklerini juda aňyrdan alyp gaýdýar. Türkmeniň mukaddes topragyndan “gara altyn” çykarmagyň şöhratly taryhy hem hut biziň häzirki iş alyp barýan “Nebitdag”, onuň töwereklerindäki baýlyklar mesgeni bilen baglydyr. Mundan iki asyra golaý öň Günbatar Türkmenistanyň çäklerinde gidrogeologik kartalary düzen ilkinji rus gidrogeologlarynyň galdyran ýazgylarynda: “Türkmenler bu ýerden Nebitli dag entek ada öwrülmezinden öň hem nebit alýan ekenler” diýen bellikler bar. Bu ýerde ilkinji burawlaýyş işi 1882-nji ýylyň iýul aýynda amala aşyrylýar. Ol guýy her gije-gündizde bir müň putdan hem köp nebit beripdir. Şol ýyl bu ýerde gazylan guýularyň sany bäşe ýetýär. Şondan ýarym asyra golaý

Gözelligiň göwher gaşy

Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz tagallasy hem yhlasy bilen Aşgabat dünýäde gözelligiň, parahatçylygyň we dost-doganlygyň merkezi hökmünde tanalýar. Ynha, 26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň, onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy muny nobatdaky gezek tassyklady. «Laçyn» iň bir gelim-gidimli seýilgähe öwrüler

Müşderi-bank gatnaşyklary kämilleşdirilýär

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini artdyrmak, müşderilere sanly tehnologiýalara esaslanýan bank hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda bankyň «Altyn Asyr» bank kartyny ulanyjy müşderilerine hödürleýän döwrebap «Internet-bank», «Mobil-bank», «Cash back» we «Owerdraft» hyzmatlaryny görkezmek bolar. Bank kart hasaplaryny «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdiren müşderiler internet toruna birleşdirilen kompýuteriň, ykjam telefonyň ýa-da planşediň üsti bilen bankyň dürli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilýärler. Olar bu hyzmatlar arkaly karzyň esasy bergisini, onuň göterimlerini tölemäge, öý, öýjükli telefonlaryň, IP telewizorlaryň we internetiň hasabyny doldurmaga, ýurdumyzyň teatrlaryndaky sahna oýunlaryna tomaşa etmek üçin «www.turkmenteatrlary.gov.tm» internet sahypasyndan elektron petekleri satyn almaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle hem bu hyzmatlar arkaly bank kartynyň galyndysyny barlamak, geçirilen amallaryň taryhyny görmek, «Altyn Asyr» bank karty ýitirilen ýagdaýynda kart hasabyny özbaşdak togtatmak we beýleki amallar mümkindir. Müşderiler bu hyzm

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty ýokarlanýar

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan öndengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde bazar ykdysadyýetiniň kemala gelmeginde uly ösüş gazanylýar, düýpli sepgitlere ýetilýär. Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maýa goýumlaryň artmagy jemi içerki önümiň ösüşine uly täsirini ýetirýär. Bu görkeziji netijeli häsiýete eýe bolup, ol belli bir hojalyk subýektine goýlan maýa goýumyň netijesinde, şol subýektiň önümçiliginiň ýokarlanmagyna hem uly ýardam edýär. Maýa goýumlaryny çekmek we olary netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Maýa goýumlaryň maksatlaýyn ugrunyň möhümdigini bellemek zerurdyr. Ýurdumyza daşyndan çekilýän we içinde özleşdirilýän maýa goýumlar, bularyň ikisi hem, halkyň bähbidine, abadan ýaşaýşyna, milli ykdysadyýetiň ösüşine gönükdirlendir. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläkde has-da gowulandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny» kabul etdi. Bu kabul e

Täze mümkinçilikler açylýar

Baky Bitarap Watanymyz «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen dünýäniň ençeme ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Iri halkara maliýe edaralary hem-de uly tejribä, dürli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçiliklere eýe boldy. Türkmenistan döwletimize Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesiniň berilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygynyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylan maksatnamalaýyn işleriň oňyn netijeleriniň aýdyň subutnamasydyr. Halkara söwdany ýönekeýleşdirmek we bu ulgamda agza döwletleriň gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, 1995-nji ýylda döredilen Bütindünýä söwda guramasy (BSG) täze söwda ylalaşyklarynyň işlenip taýýarlanylmagyna hem-de ornaşdyrylmagyna jogap berýär. Şeýle hem bu gurama dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan gol çekilen we olaryň parlamentleri tarapyndan tassyklanylan şertnamalaryň bu guramanyň agzalary tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär.

Rowaçlygyň röwşen menzili

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Bu taslamalar häzirkizaman üstaşyr ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegini, onuň giň gerimli ösüşlerini göz öňünde tutýar. Olaryň gutarnykly amala aşyrylmagy bilen Türkmenistany dünýä bilen, dünýäni Türkmenistan bilen birleşdirýän üstaşyr ýollar we kämil aragatnaşyk ulgamy peýda bolýar. Türkmenistanyň ýollaryň çatrygynda, örän amatly ýerde ýerleşmeginden ugur alnyp gurulýan desgalardyr ýollar sebitleriň arasyny ýakynlaşdyrýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Kerki şäherinde gurulýan döwrebap howa menziliniň hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda ulanylmaga berilmegi diňe bir içerki däl, eýsem, sebitara gatnaşyklaryň hem has ýygjamlaşmagyna hyzmat eder. Häzirki wagtda Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmekde möhüm ähmiýetli merkez bolmakda öz paýyna düşýän işleri abraý bilen ýerine ýetirýär. Ösen döwletleriň hataryna goşulan Garaşsyz ýurdumyzdan dünýäniň çar ýanyna uzaýan ýerüsti we howa ýollarynyň sany artýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk ar