HABARLAR

Nebitgaz pudagynyň möhüm wezipeleri

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanylmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar döredilip, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwrüň talabyna eýerip

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrmak, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň hasabyna obasenagat toplumyny ilerletmek, içerki bazarda azyk bolçulygyny döretmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hem ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere, gazanylan üstünliklere mynasyp goşant goşdy. Bankyň ulgamyndaky şahamçalaryň 50-sinde bank gulluklarynyň 10-sy hereket edip, müşderiler üçin dürli görnüşli bank hyzmatlary ýerine ýetirildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze oba hojalyk tehnikalaryny, şol sanda däne ýygyjy kombaýnlaryny yzygiderli satyn alyp bermegi bilen bugdaý meýdanlarynda olar bökdençsiz işledilip, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we gysga möhletde ýitgisiz ýygnamak işleri guramaçylykly ýola goýuldy. Şeýle hem bereketli türkmen topragynyň altyn öwüsýän bugdaý atyzlarynda guşgursak ak bugdaýyň bol hasyly öndürilip, döwlet harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Bank tarapyndan bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda doly geçirildi.

Nebitgaz toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak möhüm wezipedir

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Işler sazlaşykly guralýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan oba hojalygyny düýpli galkynyşa eýe edýän Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda güýzlük bugdaýa ideg etmek, öňde duran ýaz-meýdan işlerine ykjam taýýarlyk görmek barada beren anyk görkezmelerinden ugur alnyp, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň baharynda geçiriljek gowaça ekişi üçin ýerleri taýýarlamak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda amala aşyrylýar. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serdar we Bereket etraplaryndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda gowaça ekişi üçin ýerleri taýýarlamagyň häzirki depgini welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlarynyň şu ýyl hem öz öňlerinde goýan asylly maksatlaryna ýetjekdiklerine ynam döredýär. Tehnikanyň daýhanyň daýanjydygyna göz ýetirýän mehanizatorlar şu ýylyň ýazynda welaýat boýunça gowaça ekiljek 10 müň gektar meýdanda sürüm geçirmek işlerini üstünlikli tamamladylar. Häzir topragy owratmak we ýerleri tekizlemek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işde hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren kuwwatly traktorlarynyň 220-si iki çalşykda bökdençsiz işledilýär. Ýangyç-ýaglaýyş serişdeleriniň we ätiýaçlyk şaýla

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 2-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir pudagynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän beýik sepgitler Garaşsyzlygymyzyň datly miweleridir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Ösüş arkaly Parahatçylyk!» şygary has-da giň gerim alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dünýä tejribeleri bilen sazlaşýar. Çünki dünýä jemgyýetçiliginde ylmyň we tehnologiýanyň gazananlary giňden ulanylyşa girizilýär. Bu sanly ulgam babatda-da şeýledir.

Ösüşli menziller

Her bir ösüşli menziliň, ýetilen belent sepgidiň özenini agzybirlikde, jebislikde, bir başa bakmakda görýän türkmen halky bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp özgerişlikleriň mekanynda agzybir ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan baky Bitarap Diýarymyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler diňe bir ýurdumyzyň zähmetsöýer halkynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň, dünýä ýurtlarynyň ykbalyna täsir ediji häsiýete eýe boldy. Türkmenistanda senagat toplumlaryny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi işjeňleşdirmek, şol sanda gaýtadan işleýän düzümi ösdürmek boýunça çäreler işjeň amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we sarp edijileriň hukuk goraglylygyny üpjün etmek, harytlaryň ýokary hil derejesini şertlendirmek hem-de eksport möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetlidigini görkezýär. Ýangyç-energetika toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. Pudagyň kärhanalarynyň eksport mümkinçilikleri yzygiderli artdyrylýar. 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod işe girizildi. «Mawy ýangyçdan»

Ykdysadyýet

Täze hususy kärhana gurlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Daşoguz şäherinde hereket edýän «Hilal» hususy kärhanasynyň öndürýän önümleri mahabatlandyrmaga mätäç däl. Kärhana plastik aýnalary, demir we agaçdan ýasalan gapylary, ýaşaýyş hem-de ofis jaýlaryna niýetlenen mebelleri ýasamaga, myhmanhana we aşhana otaglary üçin niýetlenen beýleki önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Olar öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda taýýarlanylýar.

Ykdysady işiň döwrebap ösüşi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ösdürmek we halk hojalyk ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça ähli mümkinçilikler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylýan şeýle döwrebap kärhanalaryň işiniň takyk we dogry ýola goýulmagy bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berilýär. Bu babatda ykdysady maglumatlar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar we olar buhgalterçilik hasaba alnyşynda özüniň beýanyny tapýar.

Hormatly okyjylylar!

2021-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy üçin goşmaça abuna ýazylyşyk möwsüminiň başlanandygyny habar berýäris.