Gadam — batly, ýürek — joşly
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň barha ilerlemegi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň depginli ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň, ýokary tehnologiýalaryň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen pudaklaryň işini üstünlikli ýola goýmaga düýpli itergi berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna mynasyp işleri bitirýän kärhanalaryň birem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Batly gadam» hususy kärhanasydyr. Balkanabat şäherinde ýerleşýän «Batly gadam» dünýä hil ülňülerine gabat gelýän häzirki zaman hususy kärhanasyna öwrüldi. Ýurdumyzda iri hususy kärhanalaryň hatarynda tanalýan «Batly gadamda» häzirki wagtda ýüplük, boýag we jorap bölümleri hereket edýär. Önümçilik bölümlerindäki pagta süýüminden ýüplük egriji, taýýar ýüplükleri boýamaga niýetlenen hem-de jorap örüji enjamlar Ýewropa döwletleriniň önümleridir.