HABARLAR

Hyzmatyň hili yhlasa bagly

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny hem-de uçar kerosinini, owganystanly telekeçiler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 83 müň dollaryndan gowrak boldy.

«Lebapawtoulag» — sebitiň ulag kuwwaty

Satyn alynýan ýokary hilli awtobuslar, taksiler, ýük awtoulaglary ýurdumyzda ulag hyzmatynyň göwnejaý ýola goýulmagyna ýardam berýär. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde hem bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Kärhananyň maliýe-ykdysady görkezijilerini has-da ýokary götermekde, halka edilýän awtoulag hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmakda gazanan guwandyryjy üstünlikler üçin «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan «Iň göreldeli kärhana» diýen Hormat haty hem-de ýörite göçme kubok bilen sylaglanmagy hem ýöne ýerden däldir. Gazanylan netijeler barada «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň başlygy Gurban Saýypow şeýle gürrüň berdi:

Watanymyň ýüregi sen, paýtagtym!

Biz Aşgabady «Aşyklar şäheri» diýip atlandyrýarys, oňa «Aziýanyň merjeni» diýip buýsanýarys. Paýtagtymyzyň ösüş-özgerişlerine, üstünliklerine, her bir täzeligine begenip hem guwanyp ýaşaýarys. Çünki merkezi şäherimiz gözel Aşgabat — ata Watanymyzyň ýüregi, geçmişi, şu güni we ýagty ertiri. Asyrlaryň dowamynda gurlup, pederlerimiziň zähmeti, yhlasy, ýürek owazy siňen merjen şäherimiziň bu günki gözelligine dünýä aşyk. Ak mermerden binalary asman boýlaýar, gök öwüsýän saýaly hem pürli baglary, al-elwan açylan dürli reňkli gülleri şäher gözelligini artdyrýar. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan paýtagtyň arassa hem tämiz howasy jana tenekar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni hökmünde yglan edilip, şol günüň şanyna «Aşgabat» seýilgähiniň ýanaşyk ýerinde «Aşgabat» binasy guruldy. Açylgy duran kitaby ýadyňa salýan şekildäki bu binanyň töweregindäki ýanýodalaryň güller bilen bezelmegi seýilgähe üýtgeşik görk berýär. Ynha, mähriban Arkadagymyz paýtagtymyzda ýene-de bir döwrebap desgany — gözel künjekde täze gurulýan söwda we dynç alyş toplumyny «Aşgabat» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Munuň özi goşa toý bilen taryha girýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Durnukly ösüş — milli ykdysadyýeti ösdürmegiň baş şerti

Milli Liderimiz ykdysady meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi 11-nji martda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.

Amatly we bähbitli bank hyzmatlary

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bank ulgamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, şonuň bilen birlikde, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak we ulgamyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak esasy ugurlaryň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaý boýunça bankyň müşderileriniň ulanýan bank kartlarynyň sany 1,6 milliondan geçip, ýurdumyzda ulanylýan jemi bank kartlarynyň 37 göterimini emele getirýär.

Garagumuň suw şalygy

Çöl we suw. Bular özünde çuň manylary jemleýän düşünjelerdir. Jöwzaly çölde diriligiň, ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanylýan suwuň gadyr-gymmaty örän ýokarydyr. Ata-babalarymyz tebigatyň ýowuz şertlerinde ýyldyz boýly guýulary gazyp, özleri we hojalyk mallary üçin her damjasy zere deňelýän suwy almagy başarypdyrlar. Häzirki döwürde bolsa halkymyz üçin asyrlaryň dowamynda çözülmesi örän kyn bolan bu möhüm meseleler üstünlikli çözülýär. Munuň hut şeýledigine göz ýetirmek isleseňiz, Garagumuň bu sebitine gelip göräýmeli. Ony sözüň doly manysynda ymgyr çölümiziň suw şalygy hasaplamak bolar. Ol welaýatymyzyň Kerki etrabynyň çäginde, çöl içinde ýerleşýän Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky suw howdanydyr. Tutýan umumy meýdany 70 müň gektardan hem gowrak bolan suw howdany ozalky Uzynşor çöketliginde geçen asyryň segseninji ýyllarynda peýda boldy. Ol hem Garagum derýasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Amyderýadan suw akabalary arkaly gelýän gyrmançaly suw howdanda toplanylyp, durlanandan soňra emeli derýa akdyrylýar. Başgaça aýdylanda, bu uly suw desgasy ýylyň ähli paslynda, ylaýta-da, suwuň köp sarp edilýän döwründe Garagum derýasynda suwuň kadaly möçberde akmagyny üpjün etmek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm wezipeleri

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi. Milli Liderimiz maslahaty açyp, şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini belledi.

Milli ykdysadyýet ösüş ýolunda

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi. Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini belledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyna ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýynda taýýarlyk görülýär.

Beýik işler - berkararlyk binýady

Ýurdumyzda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli berjaý edilýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ýerli çig mal we zähmet serişdeleriniň netijeli ulanylmagy milli ykdysadyýetiň ösüşine düýpli täsirini ýetirdi. Döwlet serişdeleriniň, kärhanalaryň, şonuň ýaly-da daşary ýurt maýadarlarynyň hasabyna özleşdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi hem ýokarlandyryldy. Türkmenistanyň Döwlet býujetinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, sebitlerinde her ýylda garaşylýan netijeler göz öňünde tutulyp düzülýär we onuň maksady ykdysadyýetiň pudaklarynda düýpli maýa goýumlaryny ýokary depginler bilen özleşdirmekden, ilatyň bähbitlerini goramak bilen durmuş ulgamynda we beýleki pudaklarda düýpli özgertmeleri üpjün etmekden, döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmekden, raýatlaryň durmuş kepilliklerini pugtalandyrmakdan we birnäçe beýleki wezipeleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Şunda döwlet serişdelerini jemlemek we pudaklaryň amatly ösüş şertlerini döretmek üçin has netijeli gurallary peýdalanmak, ýurduň senagat mümkinçiligini we zerur bolan amatlyklary tehnologiýa taýdan täzelemek işleri häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar.