HABARLAR

Arzuwlaryň hasyl bolýan şäheri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hemmetaraplaýyn ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda, şeýle hem mähriban paýtagtymyzda şanly seneler mynasybetli ak mermerli binalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda hem halkymyzyň durmuşynda ýatdagalyjy pursatlara beslenjek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan toýlanýar. Ähli rowaç ýyllarda bolşy ýaly, şu ýylda hem jemgyýetçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesi halkymyzyň hyzmatyna berler. Düýn paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurluşygy üstünlikli tamamlanan Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi Aşgabadyň sazlaşykly ösýän keşbine täze, döwrebap desgany goşdy. Açylyşa milli Liderimiziň gatnaşmagy dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň asuda durmuşda abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde bu gün ak mermerli Aşgabat dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Durmuşa ornaşdyr

Mähriban mekan

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyna belent sarpa goýýan mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen öňe barýar. Paýtagtymyzda sanlyja ýylyň içinde gurlup ulanylmaga berlen dolandyryş edara binalary, ýaşaýyş jaýlarynyň ajaýyp ymaratlary, möhüm ähmiýetli senagat kärhanalarydyr myhmanhanalar, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ulag ýollary, ulaglaryň hereketine juda oňaýly şertleri döredýän köprüler — bularyň ählisi türkmen döwletiniň beýik ösüşlerinden habar berýär. Türkmen paýtagtynda gysga döwürde gurlan desgalar çuň pelsepewi many-mazmuny, kämil binagärligi, döwrebap şertleri, milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde tutýan möhüm orny bilen has-da buýsandyryjydyr. Düýn paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze döwrebap binalary ak şäherimiziň binagärlik keşbini has-da baýlaşdyrdy. Paýtagtymyzyň bu künjeginde ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan birnäçe desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijes

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. OYR-nyň wekilleri hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň degişli kärhanalarynda öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Mundan başga-da, polietilen russiýaly we owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Beýik işler durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylyp, milli ykdysadyýetiň ösüşi has-da belent derejelere çykdy. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren döwlet maksatnamalarynyň tapgyrlaýyn üstünlikli berjaý edilmegi halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işleriniň sazlaşykly öňe ilerlemegini üpjün etdi. Ykdysadyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýän täze iri önümçilik kärhanalary guruldy, senagat, dokma, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, ýangyç-energetika, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda durmuşa ornaşdyrylan özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, maýa goýum kuwwatynyň netijeliligini artdyrmak we ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça giň möçberli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ösüşleriň örän çalt depginlerde öňe ilerleýän zamanynda ykdysadyýetiň ösüşiniň köpugurly mümkinçilikleri giň gerimli taslamalaryň çäklerinde sazlaşykly herekete getirilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Biz belent ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýermek bilen, halkymyzyň durmuşyny hil taýdan özgertmäge niýetlenen, jemgyýetimiziň ösüşiniň durnuklylygyny we netijeliligini ýoka

Türkmen ýüplügi — Beýik Ýüpek ýoly bilen

Türkmenabatdan Mara uzaýan gara ýoluň iki ýakasy soňky ýyllarda gündogar sebitiň merkezi şäheriniň täze senagat we ýaşaýyş toplumlarynyň merkezine öwrülýär. Welaýat köpugurly hassahanasyndan Ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezine çenli aralykdaky 15 — 20 kilometrlik menzilde bu gün döwrebap ýaşaýyş jaýlary, atçylyk-sport toplumy, mekdep-internaty, iri önümçilik kärhanalarynyň birnäçesi we beýleki döwrebap binalar ýerleşýär. Gara ýoldan biraz uzakda ýerleşýän hem bolsa, seleňläp durşy bilen ýolagçylaryň nazaryny egleýän Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi hem bu sebitdäki gözellikleriň biri. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durky täzelenip, önümçilik mümkinçilikleri artdyrylan kärhana mundan ýedi ýyl ozal täze güýç bilen işläp başlady. Ýadyňyzdadyr, hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylyň aprel aýynda bu kärhananyň durkuny täzeläp, mümkinçiliklerini artdyrmak baradaky taryhy Karara gol çekipdi. Onda oturdyljak enjamlar bolsa bu Karara gol çekilmezinden alty-ýedi aý ozal Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen dokma enjamlarynyň «ITMA — 2011» halkara sergisinde türkmenistanly wekiller tarapyndan ilik-düwme öwrenilipdi. Iň kuwwatly, iň güýçli hasap edilen enjamlar Şweýsariýa, Italiýa ýaly döwletleriň önümleridi. Olaryň arasynda Şweýsa

Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini has-da ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatdaky özgertmeler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa ýurdumyzda hususy telekeçiligi goldamak babatda alnyp barylýan işler we degişli ugurda döredilýän amatly mümkinçilikler aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» netijeli durmuşa geçirilýär. Maksatnamada ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde hususy ulgamyň tutýan paýynyň artmagyna uly üns berilýär, kiçi we orta telekeçilik innowasion ykdysadyýeti döretmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde işjeň ösdürilýär. Bu ugurda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda döwlet tarapyndan uly goldawlar berilýär.

Telekeçileriň işi ileri

Öňňin “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň önüm öndürijileridir telekeçileri, ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Forumyň dowamynda ulag hem-de kommunikasiýa toplumynyň hünärmenleri ätiýaçlyk şaýlaryň we serişdeleriň görnüşleri hem-de möçberleri, ulag hyzmatlary hakynda maglumatlar bilen tanyşdyrdylar. Habar berlişi ýaly, olary öndürmek üçin ýurdumyzda zerur bolan enjamlar bar. Muňa garamazdan, degişli toplumyň kärhanalarynyň önümçilik hajatlary üçin zerur serişdeleriň hem-de ätiýaçlyk şaýlaryň uly möçberi daşary ýurtlardan satyn alynýar.

Sement önümçiligi giňelýär

Häzirki wagtda Türkmenistanda sement ýaly gurluşykda zerur bolan önümleri öndürmek boýunça senagat gurluşy işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýene-de üç sany täze sement zawody gurlar. Şolaryň birisi Köýtendag etrabyndaky «Lebap» sement zawodynyň kuwwaty ýylda 1 million tonna sement öndürmäge barabar bolan ikinji tapgyrdakysydyr. Zawodyň birinji tapgyrdakysy 2013-nji ýylyň başynda ulanylmaga berlipdi. Zawod innowasion tehnologiýalar esasynda işleýär. «Lebap» sement zawodynyň M-400 we M-500 görnüşli portland sement önümleri ilat tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Ýokary hilli sement ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösüşlerine uly täsirini ýetirdi. Şondan bäri kärhana ýurdumyzyň gurluşykçylaryny ýokary hilli sement bilen üpjün edip gelýär. Onuň önümleri daşary ýurtlara hem eksport edilýär.

Kümüş çäje bereket ýagýar

― Şularyň gününi sanap ösüşi göhüňi getirýär. Soň olaryň boýuna guwanyp, yhlasyňy gaýgyrasyň gelenok ― diýip, birki ýyllykda tejribeli ýüpekçileriň biri gürrüň beripdi. Hawa, ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi gysga bolsa-da, hem gyzykly, hem kän hysyrdyly. Ýöne tabşyran piläňden bol girdeji alarsyň welin, ähli ýadawlygyň el bilen aýrylan ýaly bolaýar. Birki ýyllykda milli Liderimiziň gol çeken resminamasy bilen çig piläniň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ýüpekçileriň işe bolan höwesini has-da artdyrdy. Mundan müňlerçe ýyl ozal Hytaýdan getirilen ýüpek Ýer ýüzünde tanalan gününden bäri hyrydaryny azaldanok. Şeýle bolansoň, ýüpekçilige ýurdumyzda hem gyzyklanma uly.

Energiýa çeşmeleriniň kanunçylyk esaslary

Adamyň janynyň we saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýan berkarar döwletimizde ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak esasy ähmiýet berilýän meseleleriň hataryndadyr. Şu nukdaýnazardan daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak maksady bilen, adaty energiýany gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýa bilen tapgyrlaýyn çalyşmak babatdaky işleri höweslendirmek döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Bilşimiz ýaly, adaty energiýa gaýtadan dikeldilmeýän energiýa çeşmelerinden, hususan-da, uglewodorod çig malyndan peýdalanmak bilen öndürilýän energiýadyr. Ylmyň ösmegi bilen häzirki döwürde Gün, ýel, suw ýaly tebigy serişdelerden ekologiýa taýdan peýdaly, daşky gurşaw üçin zyýansyz, arzan energiýa alnyp başlanyldy. Munuň özi daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatyň saglygyny we zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýedir.