HABARLAR

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 171-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Gonkongyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy, nebit koksuny satyn aldylar.

Sanly ykdysadyýet — döwrebaplygyň nusgasy

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary bolsa, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki zaman şertlerinde dünýäniň ähli döwletlerinde, esasan-da, ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarda «sanly ykdysadyýet» diýlen düşünjä aýratyn uly ähmiýet berilýär. Bu düşünje ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany aňladýar. Bu nusgada zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi, bäsleşige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler döreýär. Sarp edijileriň islegleriniň has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrylmagy sanly ykdysadyýetiň esasy maksatlarynyň biridir. Sanly ulgamyň üstünlikli hereket etmegi üçin bolsa, internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk, elektron işewürligi, hojalyk işini kompýuterleriň üsti bilen sanly görnüşde dolandyrmak we elek

Gözelligiň dürdänesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ýokary tehnologiýalaryň, kiçi hem-de orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzy özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Ata Watanymyzyň her bir künjeginde täsin binagärlik toplumlary peýda bolýar. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, halkymyzyň guwanjyna öwrülen Aşgabat şäherinde gurlan giň şaýollar, bagy-bossanlyga örtülen seýilgähler, medeni-dynç alyş merkezleri, teatrlar paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Aşgabat abadançylygyň şäheri. Halkara hyzmatdaşlygyň, ynsanperwerligiň, myhmansöýerligiň mekanyna öwrülen paýtagtymyzda sanlyja ýylyň içinde täsin desgalarynyň ençemesi guruldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde paýtagtymyzda ençeme täze döwrebap ýaşaýyş toplumlary peýda boldy. Aşgabady ösdürmegiň 16-njy nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda, ýagny Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda täze ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň 16 sanysyndan, söwda-dynç alyş merkezleriniň 2-sinden ybarat bolan binalar toplumynyň peýda

Döwrebap şertler we mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda bank hyzmatlarynyň hiline wajyp orun degişlidir. Ykdysadyýeti sanly ulgam arkaly ösdürmekde söwda, ykdysady, maliýe, bank ulgamlary we döwlet dolandyryşy aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň kemala gelmeginde we ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde bank hyzmatlarynyň häzirki zaman tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirilmegi möhüm ugurlaryň biridir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly bank hyzmatlary durmuşymyza giňden ornaşýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde karz edaralary tarapyndan nagt däl hasaplaşyklar boýunça edilýän hyzmatlaryň ýaýrawyny giňeltmek we hilini has-da ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler dowam etdirilýär. Bu işleriň netijesinde geçirilýän amallaryň jeminde nagt däl hasaplaşyklaryň paýy barha artýar.

Mahabatlandyrma — önümlere we hyzmatlara gyzyklanma

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul edilen, haryt bolçulygyny döretmekde we düýpli gurluşyk işlerinde göwrümli işleri ýerine ýetirýän kiçi we orta telekeçileriň işlerine uly goldaw berip biljek kanunlaryň biri-de, «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu biziň kanunçylyk ulgamymyzdaky täzelikleriň biri, mahabatlandyrmak işini düzgünleşdirýän ilkinji Kanundyr. Agzalan  Kanun mahabat işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär we mahabaty öndürmegiň, ýaýratmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Bellenilen Kanunyň 2-nji maddasynyň birinji bölegindäki mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýandygynyň bellenilmegi, onuň kadalarynyň ata-babalarymyzdan miras galan ahlak gymmatlyklaryna esaslanýandygynyň, demokratik ýol-ýörelgelere eýerilýändiginiň we halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň we jebisliginiň esaslaryny berkitmekden ugur alýandygynyň tekrarlanmasydyr. Şu nukdaýnazardan, mahabatyň umumy talaplary onuň kanunylyk, takyklyk, hakykylyk, mahabatyň sarp edijä ýitgi, şeýle hem ahlak zyýanyny ýetirmezlikden ybarat bolmagy bilen baglydyr. Şeýlelik bilen, mahabatyň kanuny bolmagy onuň jemgyýet üçin peýdaly bolmagyny esaslandyrýar we bu düzgüniň bozulmagy mahabat berij

Sanly ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirip başlady. Gahryman Arkadagymyz: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip bellemek bilen, türkmen ylmyny ösdürmäge, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge uly üns berdi. Şu maksat bilen, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, bu ugurda kanunçylyk binýat hem kämilleşdirilýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi, «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwl

Ykdysadyýetiň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagy, batly gadamlar bilen öňe gitmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maksatlaýyn durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşiň möhüm ugurlaryny üpjün edýär. Esasan hem häzirki ylmyň we tehnologiýalaryň ösen döwründe ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi berk binýadyň bardygyny beýan edýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän işleriň her biri halkyň bähbidine we ýurdumyzyň mundan buýana hem ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunda sanly ulgamyň durmuşa geçirilýändigini, önümçiligiň, hususan-da, senagat önümleriniň artdyrylýandygyny aýratyn bellemek bolar. Bu ugurlaryň her biri babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar we milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly goşant goşulýar.

Ösüşiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bu günki gün milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatynda ähli ugurlarda düýpli bazar özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetde ýokary depginli ösüşler gazanylyp, sebit we ählumumy derejelerdäki iri, halkara ähmiýetli, il-ýurt bähbitli kärhanalar we desgalar gurlup ulanylmaga berilýär. Ykdysadyýetimizde senagatlaşma-innowasion özgertmeler has çalt depginlerde alnyp barylýar. Ulgamlary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, maliýe we durmuş durnuklylygyny üpjün etmek işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatyny düýpli berkitmek netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durnukly ösüşini gazanmakda dünýä nusgalyk beýik işler, asyrlara barabar ösüşler gazanylýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ähli pudaklary sanly ulgama geçirmäge, maliýe-ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaga, pudaklarda we kärhanalarda hasaba alnyş we hasabatlylyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge, salgyt-býujet we pul-karz işjeňligini döwrebap derejelerde ýola goýmaga, ätiýaçlandyryş işini ösdürmäge, maliýe bazarlaryny döretmäge we bu ugurlarda bar bolan dünýä tejribesini öwrenmäge, ösüşiň geljekki sepgitleriniň sanly tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmagyna baglydygyny nazara alyp, sanlylaşdyrmak işlerine uly üns berýä

Ogulsabyr ene ýene ilkinji!

Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Ogulsabyr Pygamowa geçen ýyllarda bolşy ýaly, ýene-de welaýatymyzda ilkinjileriň hatarynda pile tabşyryp, zähmet üstünligini gazandy. Şu ýyl 45 gram ýüpek gurçugyndan 200 kilogramdan geçirip pile tabşyrmagy meýilleşdirýän Ogulsabyr ene eýýäm 60 kilogramdan gowrak piläni döwlet terezisinden geçirdi. Ol ýüpek gurçugyny ýene-de birnäçe tamda idedýär. Beýleki tamlardaky gurçuklar hem pile saryp, ýygyma taýyn boldy. Olary synlap, Ogulsabyr enäniň şu ýyl Watan harmanyna meýilnamadan has hem köp piläni tabşyrjakdygyna ynanýarsyň.

Jeýhun joşly döwrebap işler

Merkezi Aziýanyň iň iri suw akabasy bolan Amyderýanyň 1000 kilometrden hem gowragynyň Türkmenistanyň çäklerinden akyp geçýändigi bize eýýäm mekdep ýyllaryndan bäri mälim. Bu çägiň esasy bölegi welaýatymyza degişlidir. Ýurdumyzyň dirilik damaryna öwrülen derýanyň mümkinçiliklerinden has kän peýdalanmak, şol bir wagtda-da ony aýawly saklamak, hemişe gözegçilik etmek bolsa döwletimiziň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Hut şu wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen hem hormatly Prezidentimiz ýakynda taryhy Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine agentligiň garamagyndaky «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek tabşyryldy. Merkezi edarasy Türkmenabat şäherinde ýerleşýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze görnüşde esasy wezipeleri Amyderýada derýa ulaglary bilen ýükleri daşamak, ýolagçy gatnatmak, derýa duralgalarynda ýükleri ýüklemek-düşürmek, derýa ulaglaryny gurmak, abatlamak, bejermek, gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetirmek, gurluşyk serişdesi bolan bişen kerpiji öndürmek, derýada çuňaldyş we gyrmançadan arassalaýyş işlerini geçi