HABARLAR

Dünýäde islegli önümler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy maksady ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakdan ybarat bolup, önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmegi, mineral çig mal ätiýaçlyklarynyň ykdysady taýdan netijeli peýdalanylmagy has-da ileri tutulýar. Geljegi rowaçly we ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan senagat pudaklarynyň biri-de himiýa senagatydyr. Geçmişe ser salsak, himiýa senagatynyň öz gözbaşyny birnäçe asyr mundan ozalky döwürlerden alyp gaýdýandygyny we geçen asyrda has kämilleşip, biziň döwrümizde güýçli depginler bilen ösýän häzirki zaman senagat pudagydygyny görýäris. Düýpli ylmyň we himiki tehnologiýalaryň okgunly ösmegi bilen bu pudak häzirki zaman ösüşiniň giň ýollaryny açýar. Türkmenistanyň himiýa senagatynda mineral dökünleriň önümçiligi has-da üstünlikli ýola goýulýar. Soňky ýyllarda olaryň önümçilik mümkinçilikleri täze desgalar arkaly has-da artdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, azot önümlerini öndürýän zawodlaryň sany köpelýär, muňa mysal edip, 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid önümlerini öndürýän hem-de ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze zawodyň işe girizilendigini aýtmak bolar. Karbamid öndürýän zawodyň

Guwandyryjy netijeler

HYRYDARLY ÖNÜMLER Bäherden etrabynyň «Bäherden» tikin fabrigi tamamlanan ýyly ýokary iş görkezijileri bilen jemledi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ol ýerde 9 million 497 müň 605 manatlyk iş edilip, bu babatda ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 114,2 göterim ösüş gazanyldy. Munuň özi fabrikde ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň pul möçberindäki görkezijileriniň ep-esli artandygyny aňladýar.

Halkara bähbitleriň sazlaşygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda obadyr şäherleri, etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ykdysadyýetiiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşleri gazanyp, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrülýär.

Ykdysady binýat berkidilýär

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak, pudaklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam bermek hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny netijeli guramak üçin senagat-innowasion binýady berkitmek maksady bilen anyk işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde ata Watanymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, eziz Diýarymyzyň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny tizleşdirmäge we olaryň işiniň netijeli dolandyrylmagyny gurmaga gönükdirilen anyk çäreler görülýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnamada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny düýpli özgertmek, sanly ulgamy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, eýeçilik gatnaşyklary

Geografik taýdan amatly ülke

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamy bedew bady bilen ösýär. Ýurdumyzdan dünýäniň çar ýanyna uzaýan nurana ýollar dost-doganlyk ýollaryna öwrülýär. Milli kanunçylygymyzyň howa, deňiz, awtoýol ulgamlarynda amala aşyrylýan işleri we hyzmatlary düzgünleşdirýän hukuk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzüminiň hem-de aragatnaşyk telekommunikasiýalar ulgamynyň kemala gelmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi, diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we bütindünýä ösüşine kuwwatly itergi berýär. Türkmenistan geografik taýdana örän amatly sebit we sebitara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatlyklaryny döwletleriň we halklaryň bähbidine gönükdirýär.

Sanly ulgam — döwrebap mümkinçilikler

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, durmuş-ykdysady ulgamyň ähli ugurlarynyň täze tehnologiýalar esasynda sanly ulgama yzygiderli geçirilmegi babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen Türkmenistanyň Arbitraž, Aşgabat şäher we welaýat kazyýetleriniň arasynda elektron gatnaşyklar ýola goýuldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň elektron hukuk maglumat binýady we ýöriteleşdirilen elektron hukuk kitaphanasy döredildi.

Nebitgazly Watanym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni mähriban Arkadagymyzyň Türkmen döwletini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça täzeçil oňyn başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine ynamly şaýatlyk edýän, ýatda galyjy ajaýyp wakalara beslenýär. Eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi hem-de mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak mähriban Arkadagymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň wajyp ugrudyr. Uglewodorod mal serişdeleriniň ägirt baý gorlaryna eýe bolan döwletimiziň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumy öňdäki orny eýeleýär. Ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagy pudagyň innowasion taýdan ösüşini üpjün edýär, Diýarymyzyň dünýä derejesindäki energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Halkara bileleşiginiň tagallalary üçünji müňýyllygyň şol maksadyna ýetmäge hem-de BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ösüş babatda gün tertibine» laýyklykda ýetmäge gönükdirilendir.

Dünýä dynçlyk paýlaýan baýlyk

Biribaryň nazary düşen keremli türkmen topragy uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitdir tebigy gazyň täze ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek, çig mallary gazyp almak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere ugratmak meselelerinde düýpli ilerlemeler bolup geçdi. Bu işler häzirki wagtda hem depginli dowam edýär. Şeýle oňyn özgerişlikleriň gözbaşynda bolsa Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna deňleşdirmegi maksat edinýän hormatly Prezidentimiz durýar. Özi-de bahasyz baýlyklarymyz ýer ýüzünde parahatçylygy, dünýäde dynçlygy berkarar etmegiň hyzmatynda goýulýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine giňden daýanmak bilen, sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen dünýä nusgalyk syýasaty belent abraý bilen ýöredýär. Beýik maksatlara ýetmegiň hatyrasyna ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar täze derejelere çykarylýar. Şonda, ýokarda belleýşimiz ýaly, ýangyç-energetika pudagyndaky barha giňelýän hyzmatdaşlyklar ählumumy parahatçylygy berkarar etmäge uly ýardam berýär. Bu babatda Hytaý Halk Respublikasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Üstünlikli ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşykla

Belent sepgitleri nazarlaýan pudak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, bu babatda ýurdumyzyň köptaraply mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga şertleri üpjün edýär. Düýp özeninde ýurdumyzyň ilatynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan has-da ýokarlandyrmak ýaly asylly maksatlar jemlenen bu özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde hususy pudagyň goşýan saldamly goşandy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi Arkadag Prezidentimiz berkarar Diýarymyzyň ykdysadyýetini köpugurly hem-de toplumlaýyn ösdürmekde, ähli pudaklaryň we sebitleriň sazlaşykly ösüşini gazanmakda, daşarky bazarlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda, bäsleşige ukyply önümçiligi kemala getirmekde hususy pudagyň ornuna uly ähmiýet berýär. Hususy işewürleriň bu babatdaky mümkinçilikleriniň işjeň herekete girizilmegi üçin döwlet derejesinde ählitaraplaýyn goldaw-hemaýatlary berip, zerur bolan şertleri döredýär. Gahryman Prezidentimiziň şeýle aladalarynyň, berýän goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde, kiçi we orta telekeçiligi, h

Döwrebap ösüşleriň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak, önümçiligi ösdürmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge we çykarmaga gönükdirilen täze maglumat tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak, senagat we ylmy-tehniki mümkinçiligi artdyrmak babatda bitirilen işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda dünýä sanly ykdysadyýet döwrüne girip barýar. Sanly telekommunikasiýalaryň kömegi bilen emele gelýän bu ykdysadyýet ýagdaýy düýpli üýtgedýär.