HABARLAR

Gyş möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýatyň iň çetki günbatar etrabynyň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen birlikde, etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalaryny düýpli abatlap, olary gyş möwsümine taýýarlamak işlerini hem guramaçylykly dowam edýärler. Edaranyň işçi-hünärmenleri tarapyndan dürli basyşly gaz geçirijileriň 2 müň 450 kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 670-den gowragyna ýokary derejede hyzmat edilýändigini bellemek bolar. Etrapda hereket edýän bitewi gaz ulgamy edaranyň gazçylary tarapyndan gije-gündiziň dowamynda gözegçilikde saklanylýar. Munuň özi etrapda bar bolan edara-kärhanalar bilen bir hatarda, 21 müň 700-e golaý hojalygyň ilatynyň howanyň sowuk döwri bolan gyş möwsüminde hem tebigy gazyň eşretli hözirini görmegine mümkinçilik berer.

Milli Garaşsyzlyk we maliýe-bank ulgamy

Islendik döwletiň durnukly ösüşinde onuň maliýe-ykdysady ulgamyna uly orun degişlidir. Pul dolanyşygyny akylly-başly ýöredip, onuň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagyny gazanmak bolsa bu syýasatyň netijeliligine baglydyr. Şoňa görä-de, bu ulgamy üstünlikli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda alnyp barlan sazlaşykly döwlet syýasaty netijesinde, milli bank ulgamy kemala getirildi. Onuň hereket etmeginiň binýadynda goýlan düýpli ýörelgeler durmuş ugurly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda iki derejeli bank ulgamy döredildi. Häzir hem hereket edýän bu ulgam Türkmenistanyň Merkezi bankyndan we dürli eýeçilik görnüşi bolan dokuz sany bankdan ybaratdyr. Bu ulgamyň durnukly hereket etmegi ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyň aýgytlaýjy şerti bolup çykyş edýär.

Hormatly talyplar we ata-eneler!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär. «Talyp karzy» ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde, gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça berilýär.

Sanly ykdysadyýet ösüş ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, üstünlikli alnyp barylýar. Konsepsiýa ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Sanly ykdysadyýete geçilmeginiň täze tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri talap edýändigi göz öňünde tutulyp, ilkinji nobatda bilim ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly hünärmenleriň taýýarlanylmagy esasy wezipe bolup durýar.

Ykdysadyýetiň möhüm ugry

ÄTIÝAÇLANDYRYŞYŇ MÜMKINÇILIKLERI Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ätiýaçlandyryş ulgamy hem güýçli depginde kämilleşdirilýär. Ätiýaçlandyryşyň esasy maksady ätiýaçlandyryş halatlary diýlip atlandyrylýan ätiýaçlandyrylan şahslara we emläklere ýüze çykýan hadysalar netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan, girdejileriň durnuklylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Onuň netijeli guraly hökmünde ätiýaçlandyryşa bolan isleg artýar.

Kämilligiň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekde belent sepgitleriň zamanasy bolýar. Muňa jemgyýetimiziň durmuşynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmelerem, bolup geçýän jemgyýetçilik-syýasy wakalaram aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň ösüş-özgerişli döwrümiziň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň konstitusion gurluşyny pugtalandyrmak bilen bagly başlangyçlary giň gerime eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň sentýabrynda geçen mejlisinde döwlet Baştutanymyz konstitusion özgertmelere badalga berdi. Şu Maslahatyň 2020-nji ýylyň sentýabryndaky mejlisinde jemi jemlenen konstitusion özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda kanun çykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde we kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda aýgytly ädim ädildi. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda iki palataly ulgam döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar esasynda degişli kanun kabul edildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyndan we Mejlisinden ybarat, hil taýdan täze iki palataly ulgama geçildi.

Milli ykdysadyýetimiz döwrebaplaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden gözbaş alýan giň möçberli maksatnamalar milletimiziň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şundan görnüşi ýaly, amala aşyrylýan tutumly işler ykballara nur çaýýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly hem-de durnukly ösüşi öňde goýlan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmekde möhüm şert bolup durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwrebap innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýete geçmek tapgyry amala aşyrylýar. Bu tapgyrda ýurdumyzyň karz edaralarynyň öňünde nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek, bank işini doly sanlylaşdyrmak, müşderilere hödürlenýän hyzmatlary döwrebaplaşdyrmak bilen, uzak aralykdan ýokary hilli bank hyzmatlaryny amala aşyrmak, täze bank önümlerini ornaşdyrmak, kartly hasaplaşyklar ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamak, pul toplumyny kadalaşdyrmak we gözegçilikde saklamak ýaly esasy wezipeleriň bardygy aýratyn nygtalmaga degişlidir.

Kämil ulgam rowaç alýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamy ösüşlere beslenýär. Bazar gatnaşyklaryna daýanyp, ösüşiň täze belentliklerine barýan milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” agzalyp geçilen ugurda işleri amal etmegiň kanunçylyk-hukuk binýadyny düzýär. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy beýleki ykdysady düzümler bilen bir hatarda bank işiniň hem kämilleşdirilmegini we bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady ýurduň ykdysadyýetini, şol sanda bank ulgamyny sanlylaşdyrmak bolup durýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy ilatyň we hojalyklaryň ösen isleglerini ýokary derejede we doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Maksatly myradyna ýeter

Eziz Diýarymyz — tebigy süýümleriň aňrybaş görnüşleri bolan pagtanyň, ýüpegiň, ýüňüň bolluk bilen öndürilýän ýurdy. Şol süýümlerden dokalýan matalardan taýýarlanan egin-eşikleriň dürli haryt nyşanlary bilen belgilenip, dünýä bazarlaryna ýaýradylýandygy bolsa, ýurdumyzyň täze tehnologiýalar arkaly berkidilýän dokma pudagynyň önümçilik düzüminiň dünýä ülňülerine gabat gelýändigini görkezýän aýdyň alamatlardyr. Bu gün ol önümler dünýäniň satyn alyjy iri kompanýalarynyň uly gyzyklanmasyny gazanyp bilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa milli haryt nyşanly brendlerdir. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi arkaly il-günümiziň ösen islegini kanagatlandyrmak üçin, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň içerki bazarlarynyň dükanlaryna ýaýradylýan milli önümleriň hatarynda dürli matalardan başga-da çagalar üçin balak, bermud, şorty, kombinezon, ýeňsiz ýaly egin-eşikler, şeýle hem futbolka, maýka, tunika, sarafan, erkek, zenan, çaga pižamalary, erkekler üçin ýeňli, ýeňsiz köýnekler ýaly ençeme harytlary görkezmek bolar. Daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutmak bilen, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini barha giňeldýän, milli öwüşginliligi, bedene ýakymlylygy, döwrebaplygy bilen müşderiniň göwnüne ýaraý

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň we Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de polipropileni, Gonkongyň we Singapuryň telekeçileri bolsa degişlilikde polietileni we tehniki kükürdi satyn aldylar.