HABARLAR

Telekeçiligiň bähbitli ýoly

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat we Mary etrap komitetleriniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. “Meniň telekeçilikdäki ilkinji ädimlerim” atly bu duşuşyk “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň “Datly şerbeti” hususy kärhanasynyň mejlisler jaýynda guraldy. Bu çärä TSTP-niň welaýat we Mary etrap komitetleriniň işgärleri, işjeň agzalary, telekeçiler gatnaşdylar. Bu wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary Myratgeldi Annaöwezow, TSTP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Röwşen Geldimyradow, “Datly şerbet” hususy kärhanasynyň işçisi Şatäç Nurberdiýewa çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde badalga berilýän işler barada durup geçdiler. Telekeçileriň haryt bolçulygyny döretmekde bitirýän işleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem bu duşuşykda çykyş edenler ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmekde alnyp barylýan işler dogrusynda anyk mysallara salgylanyp, giňişleýin gürrüň etdiler. Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda alyp barýan bähbitli işleri üçin Arkadag Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

Hasabatlylyk — sanly bilimiň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň we gazanylýan durmuş-ykdysady görkezijileriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet kadalaşdyrylyşynyň we döwlet dolandyrylyşynyň ýörelgeleri durandyr. Jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň paýynyň barha artmagy ýurdumyzyň innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýçleri çalt ösýän döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Bu ösüş-özgertmeler bolsa, ykdysady bilimleriň kämilleşdirilmegi baradaky wezipeleri öňe çykarýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda beýan edişi ýaly, ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, onda ylym-bilimiň döwrebap ösüşi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir. Barha ösýän şertler ykdysadyýeti döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek wezipelerini öňde goýýar. Häzirki döwürde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipeler ähli pudaklara, ulgamlara işjeň ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýakynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyk

Durnukly ösüşiň ygtybarly esaslary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatly binýadynyň döredilen döwrüdir. Şu ýyllarda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmak babatda düýpli işler alnyp baryldy. Innowasion ösüş diňe bir senagaty däl, eýsem, agrosenagat toplumyny, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny, gurluşygy, söwda we beýleki hyzmat pudaklaryny gurşap aldy. Häzirki wagtda innowasion ösüşiň täze tapgyry — sanly ykdysadyýete geçmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Nebitgaz toplumynda uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, tebigy gazyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda düýpli işler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyklary hem bu ugurda ýola goýlan tutumly işleriň dowamydyr.

Önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda

Ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün edýän esasy pudaklaryň arasynda nebitgaz pudagy aýratyn orun eýeleýär. «Garaşsyz Türkmenistan nebitiň, gazyň ummasyz gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäde iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt hökmünde bellidir. Biz öz tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň abadan, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirýäris. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda güneşli ülkämiziň ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işi üstünlikli amala aşyrylýar. Mähriban Prezidentimiz nebitgazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini ýaýbaňlandyrmagy, ýataklaryň önüm berijiligini artdyrmagy, täze meýdançalary açmagy bu ulgamyň öňünde wezipe edip goýýar. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» esasy ýol görkeziji bolup durýar. Gözleg we ulanyş guýularyny burawlamak, nebiti, tebigy gazy we gaz kondensatyny çykarmak, nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen meşgullanýan önümçilik kärhanalarynyň birnäçesini özünde

Belent sepgitlere ýetilýär

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilip geçiljek şu ýylda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary netijeli işlemegini dowam edýärler. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda hem guwandyryjy netijeler gazanyldy. Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem jikme-jik gürrüň edildi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3, söwdada 15,1, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy.

Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Durnukly depgin rowaçlanýar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri üstünlikli amala aşyrylýan düýpli ykdysady özgertmeleriň zamanasy boldy. Arkadag Prezidentimiziň badalga beren düýpli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly we durnukly ösüşini üpjün edip, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Halk hojalygygymyzyň dürli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige uly üns berilýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 110-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we awtobenzini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Sanly ykdysadyýetiň esasy

Häzirki wagtda bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň gözýetimli täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Türkmenistanda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaýyn binýat pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem sanly bilimi ösdürmekde tutumly işler amala aşyrylýar.

Ösüşiň batly gadamlary

Işler talabalaýyk ýola goýulmalydyr

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi 10-njy fewralda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.