HABARLAR

Sanly ulgam: nagt däl hasaplaşyklar

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, pul-karz dolanyşygynyň ýagdaýyna täsir etmek arkaly bazar isleglerini kanagatlandyrmak, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşindäki goýumlara çekmek, maliýe bazaryny düýpli ösdürmek babatda anyk işler durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman innowasion ösüşiniň önümi bolan sanly tehnologiýalaryň bank ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy olaryň işiniň kämilleşmegine, müşderiler bilen aragatnaşyk usullarynyň döwrebaplaşmagyna oňyn şert döredýär. Häzirki wagtda bütin dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak döwrebap ýola goýulýar.

Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň iki aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

Il-gün bähbitli işler

Berkarar Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek maksady bilen, eziz Diýarymyzda wajyp özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyz döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň döwlet syýasatymyzyň düzüm bölegidigini yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra aýratyn möhüm ähmiýet berilýär. Diýarymyzda bu işler Türkmenistanyň «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyny we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny kämilleşdirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar. Bu ugurdaky işler maýa goýum bäsleşigi, bäsleşikli söwdalar, hususylaşdyrylýan desganyň göni (salgyly) satylmagy, kärende şertinde onuň kärendeçisine satylmagy hem-de döwlet eýeçiligindäki paýnamalaryň gazna biržasynyň üsti bilen satylmagy esasynda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde gelip gowuşýan teklipleri jemlemek

Maliýe syýasatynyň esasy ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda ilatyň abadançylygyny we durnuklylygy gorap saklamagy üpjün edýän düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň derejesini artdyrmak, önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmek ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm wezipeleri bolup durýar. Ykdysadyýetiň netijeli hususy ulgamyny döretmek hem-de bäsdeşlik esasynda döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek hem öz oňyn netijesini berýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» esasy maksady ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak üçin Watanymyzyň serişdeler, senagat, zähmet we intellektual kuwwatyny işjeňleşdirmek bolup durýar. Bu babatda welaýatlary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Welaýatlary ösdürmek boýunça uly möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmek milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan oňyn özgertmeleriň aýrylmaz bölegidir.

Senagatlaşdyrmagyň ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz okgunly ösýär we ykdysady taýdan barha kuwwatlanýar. Diýarymyzyň sebitlerinde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän senagat maksatly desgalar, iri önümçilik toplumlary bu ugurda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda önümçiligi doly awtomatlaşdyrylan häzirki zaman senagat kärhanalaryň gurulmagy bilen, olarda ornaşdyrylan innowasion we döwrebap tehnologiýalar esasynda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýerli çig maldan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümlerini öndürýän şeýle kärhanalar milli senagatyň sazlaşykly ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Rowaçlygyň ganatynda

«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Arkadag Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly ulgama geçmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça täzeçe işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belent tutumlary ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kärhanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle-de hereket edýän pudaklaýyn edara-kärhanalaryň kämilleşdirilmegi, özgerdilmegi netijesinde iň kämil, döwrebap enjamlary ornaşdyrmak we olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyklar netijesinde gazanylýan üstünlikler halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylýan işlere özboluşly goşant bolup, ýurdumyzyň dünýä möçberinde ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmeginiň esasy ýoly hasaplanylýar. Bu ugurdaky düýpli özgerişlikleri «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak babatdaky alyp barýan işleriniň mysalynda hem görmek bolýar. «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy gündogar sebitde hormatly Prezidentimiziň kommunikasiýalar ulgamy syýasatyny, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak babatdaky işleri durmuşa geçirýän, şeýle hem bu ugurdaky işlere gözegçiligi amala aşyrýan kärhana bolup durýar. Kärhana hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzakmöhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli işleri alyp barýar. Şunda innowasion ugra, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, hemme ýerde kompýuterleşdirmek işiniň ösdürilmegine hem-de dünýäniň aragatnaşyk ulgamyndaky tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetiň ählumumy sanly ulgama geçirilmegi kärhan

Daşary söwda strategiýasy: oýlanyşykly ädimler, oňyn netijeler

Dünýäde ählumumylaşmak hadysasynyň ýitileşmegi ýurdumyzyň daşary söwda-ykdysady ulgamyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmekde täzeçil çemeleşmeleriň ulanylmagyna şert döredýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde tassyklanan Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy daşary ykdysady gatnaşyklary döwrebap derejede ösdürmek ugrunda ädilen möhüm ädimleriň ýene biri boldy. Milli ykdysadyýetiň önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam berjek bu Strategiýanyň durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýelejekdigini ynam bilen aýtmak bolar. Daşary ykdysady syýasat hem hemişe ýurduň milli bähbitlerinden ugur alýar. Mazmuny boýunça syýasatyň bu ugry syýasy, ykdysady, durmuş mümkinçiliklerini pugtalandyrmak we dünýä ykdysadyýetine netijeli gatnaşmak üçin daşary ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek we ulanmak boýunça döwletiň anyk maksada gönükdirilen işini aňladýar. Döwlet tarapyndan daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmegiň maksatlarynyň we wezipeleriniň kesgitlenilmegi ykdysadyýeti döwletiň kadalaşdyrmagyny aňladýar. Çünki dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady g

Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýär. Häzir bu pudaga ýurdumyzyň jemi içerki önümini öndürmekde hem-de eksport düzüminde esasy orun degişli bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet ähmiýetli möhüm meseleriň arasynda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işlere hem garaldy. Baky Bitarap Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurduň ägirt uly uglewodorod mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmäge we ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistan energetika ulgamynda Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta — Gündogar ugurlara aýratyn ähmiýet berýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýýar. Daşary ýurt maýadarlary bilen uglewodorod çig malyny agtarmak, çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek boýunça döwletara ylalaşyklary we şertnamalary baglaşylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ähli pudaklar sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Sanly ulgamyň peýda bolmagy bilen ykdysady ösüş belent derejelere çykdy. Ýaşlaryň bilim almagyna, ylym öwrenmegine barha giň ýol açyldy. Gahryman Arkadagymyz eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýokary bilimli işgärleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigine hemişe ünsi çekýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak Konsepsiýasyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda ylym ulgamynda hem degişli işler ýola goýulýar. Sanly tehnologiýany giňden ulanmak arkaly ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimizdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan üpjün etmek göz öňünde tutulýar.