HABARLAR

Eziz Diýar bagtyýarlyga beslenýär

Bagtyýar halkymyzyň her bir güni täze ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ösüşiň esasyny düzýän nurana ak ýollary bilen röwşen geljegine sary ynamly barýan eziz Diýarymyz dünýäde ösüşleriň ýurdy, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde uly abraý-mertebä eýe boldy. Bu hakykat biziň her birimiziň ýüreklerimizi joşdurýar. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ösüş-özgerişlere, toý-baýramlara beslenýän zamanasy bolup, göwünleri galkyndyrýar. Bu hakykat ajaýyp döwrümiziň adyna mynasyp bagtyýarlyk döwri bolup, bu günki gün agzybir türkmen halkynyň berkararlygyň eýesidigine bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy bolan halkymyz üçin bagtyýarlyk düşünjesiniň çuňňur many-mazmuny eşretli durmuşyň güwäsi bolup aýdyň ýüze çykýar. Dünýä parahatçylyk nuruny çaýýan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işler, hususan-da, ata Watanymyzy ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmek babatda wajyp işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmäge, innowasiýalaryň binýadynda we goldawy esasynda s

Milli ykdysadyýetimiziň belent ösüşleri

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar, beýik sepgitlere ýetilýär. Durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler netijesinde Watanymyz ykdysady taýdan ösen döwletler bilen bäsleşip bilýän, ygtybarly hem durnukly durmuş-ykdysady ösüşlere eýe bolýan döwlete öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz bu barada: «Berkarar döwletimiz gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Biz ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen, kämil syýasy ulgamy bolan, adalatly we demokratik jemgyýetli ýurtlarynyň derejesine çykarmak baradaky baş maksadymyzy amala aşyrdyk» diýip, aýratyn belleýär. Milli Liderimiziň türkmen halkynyň köňül kuwwatyna öwrülen bu çuň manyly sözleri bolsa, halkymyzy halal zähmet çekmeklige we uly üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da artýar. Bu babatda gazanylýan üstünlikler biziň her birimiziň kalbymyzy buýsançdan doldurýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamlarynda durnukly ösüşleriň gazanylmagy, ilkinji nobatda, ýurt Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasynyň we şol esasda

Taryhy günde şanly toý

Ýylylyk islendik ekin üçin esasy gerekli şertleriň biri. Şonuň üçin hem «ýyladyşhana» sözi diňe bir ekine däl-de, kalbyňa-da ýylylyk paýlaýar. Ynha, 25-nji martda Çärjew etrabynyň çäginde «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň täze ýyladyşhanasynyň açylyş dabarasynda hem şol ýylylyk hemmeleriň kalbyna nur çaýdy. Şol gün uly toý bilen welaýatymyzda ýene bir iri oba hojalyk taslamasy döredildi. Bu toýuň jümmüşinde bolanlar hem, oňa «mawy ýaýlym» arkaly gaýybana gatnaşanlar hem milli Liderimiziň ýurdumyzda hususyýetçilik pudagynyň ösdürilmegine berýän ünsüniň öz miwesini bereket bolup eçilýändigine şaýat bolandyrlar. Ine-de, taryhy dabaranyň iň ýakymly pursady. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly ýyladyşhananyň işe girizilmegine badalga berýär. Dabarada çykyş eden «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy bu ýerde ýerine ýetirilen işler barada milli Liderimize hasabat berip, döredilen giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär. Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen sahnanyň bezemen derwezesi açylyp, welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlaryna başlaýarlar. Joşgunly aýdymda-da il-günüň bolelin ýaşaýşyna gönükdirilen tutumlaryň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş ýaňlanýar. Ý

Ene toprak — sahawatly çeşme

Bize berlen maglumata görä, «Altyn bürgüdiň» ýyladyşhana toplumynyň birinji tapgyry 4 gektar meýdanda eýýäm üç ýyldan bäri işläp gelýär. Şu gezek onuň 4,5 gektara golaý meýdany eýeleýän ikinji tapgyry açylyp, ulanylmaga berildi. Noýabr aýyndan bäri 8,4 gektar meýdandan 600 tonna golaý pomidor ýyglyp, şonuň 460 tonna golaýy eksporta goýberilipdir, galan bölegi bolsa içerki bazarda ýerlenilipdir. Hususy kärhananyň ýyladyşhana müdiri Mahmut Myradow täze tapgyryň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen önümçiligiň ozalkysyndan iki esseden hem artandygyny aýdýar. Eýsem, «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumy barada bizi nämeler gyzyklandyrýar? Elbetde, önümçiligiň gerimi hem-de döwrebaplygy. Biler bolsaňyz, toplumda olaryň ikisi hem jikme-jik göz öňünde tutulypdyr.

Döwrebaplyk we sanly tehnologiýalar

Täze ýyladyşhana toplumyndaky döwrebaplyk we sanly tehnologiýalar babatynda ýene-de käbir zatlary aýdyp bolar. Çünki bu ikisiniň sazlaşykly işine tas her ädimde diýlen ýaly gabat gelinýär. Bu babatda ilkinji aýdylmaly zat ekini suwarmak, şol bir wagtyň özünde-de dökünlemek üçin iň häzirkizaman, kämil gurluşyň ornaşdyrylanlygydyr. Arassa ýerasty çeşmelerden alnan suw ýörite ulgamyň üsti bilen ýene bir gezek süzgüçden geçirilip, başga bir ulgamda oňa ekine berilmeli dökün goşulýar. Tutuş ýyladyşhanada her düýp pomidory damjalaýyn usulda suwarmak üçin hem umumy uzynlygy müňlerçe metre ýetýän ulgam guralypdyr. Bu ulgam inçejik şlangalar arkaly suwy ekiniň düýbüne çenli getirýär.

Önüm hem özünden, gabam

Täze ýyladyşhananyň şu töwerekde bar bolan beýleki ýyladyşhanalardan ýene bir aýratynlygy önüm satuwa goýberilende peýdalanylýan plastik gaplaryň ― ýaşikleriň hem hut şu ýerde öndürilýänligidir. Munuň üçin täze toplumda ýöriteleşdirilen önümhana gurlupdyr. Esasy çig maly ýurdumyzda öndürilýän polietilen bolan gaplary öndürmek üçin Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen kuwwatly tehnologik gurluşdan peýdalanylýar. Ol doly awtomatlaşdyrylandyr. Önümhananyň işgärlerine diňe işiň gidişine gözegçilik edäýmek galýar.

Ak alkyşlar — ýürekleriň aýdymy

Elbetde, bu ýazgylar 25-nji mart güni ýurdumyzda täze açylan ýyladyşhanalaryň diňe biriniň söhbedi. Olaryň ählisi baradaky iň uly eseri Gahryman Arkadagymyz döredýär. Bu eser ajaýyp döwrümiziň altyn sahypalaryna ýazylýar. Şonuň üçin hem täze toplumda işlejek hünärmenleriň Gahryman Arkadagymyza alkyşyny şu ýazgylaryň iň mynasyp jemlemesi hasapladyk. Begenç ÇARYÝEW, «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:

Bazar gatnaşyklarynyň wajyp şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz hemmetaraplaýyn ösýär we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulýar. Diýarymyzyň ösüşli ýollarynda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmek wezipesine uly ähmiýet berilýär. Döwletimiziň saýlap alan ykdysady ugrunyň gözbaşynda milli önümçilik binýadynyň yzygiderli giňeldilmegine, ahyrky ykdysady netijelilige gönükdirilen bazar ykdysadyýetine geçmek ýörelgesi goýuldy. Toplumlaýyn häsiýete eýe bolan bu geçişiň binýatlaýyn ugurlarynyň biri-de döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak bilen bagly bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryny işjeň kemala getirmek we düşewüntsiz kärhanalaryň ykdysady netijeliligini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Hususyýetçilik milli ykdysadyýetiň döwlete dahylly böleginiň hyzmatlar ulgamynda, söwdada, oba hojalygynda we gaýry pudaklarda düşewüntsiz işleýän kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, ýaşaýyş jaý gaznalarynyň, söwda öýleriniň, söwda edaralarynyň, maldarçylyk hojalyklarynyň we başgalaryň hukuk gatnaşyklary ýagdaýynda dolulygyna ýa-da bölekleýin döwlete dahylsyz bölege, hususy kärhanalara, paýdarlar jemgyýetlerine ýa-da başga guramaçylyk hukuk görnüşli kärhanalara öwrü

Işiň rowaç bolsun, “mähriban obam!”

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzy ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini, maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Halk hojalygynyň obasenagat pudagyny, aýratyn-da, onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, şol sanda hususyýetçiligi ösdürmäge düýpli maýa goýumlary goýulýar we özleşdirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine telekeçiler öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ösen tehnologiýaly häzirkizaman önümçilik toplumlaryny gurýarlar. Gaýtadan işleýän senagatyň düzümleri täzelenip, kämilleşdirilýär. Ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň artdyrylmagy bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň saçaklary ýylyň dowamynda ýokary hil derejeli, ýokumly gök-bakja önümleri bilen üpjün edilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi hem bu wezipäniň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir. Şeýlelik-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilip, täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär.

Ugur tyg­şyt­ly­ly­ga ta­rap

Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmekde, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde, raýatlaryň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmakda oňyn işler alnyp barylýar. Hususan-da, oba we şäher ýerlerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de energiýanyň dürli görnüşlerinden aýawly we netijeli peýdalanmagy ýola goýmak babatda birnäçe işler durmuşa geçirilýär, degişli döwlet Maksatnamalary kabul edilýär. Ýurdumyz tebigy gazyň, ýangyjyň gorlaryna, şeýle hem ýel we Gün energiýa çeşmelerine baýdyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» kabul edildi. Şeýle hem bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şol meýilnamada ýyladyş we gyzgyn suw üpjünçilik ulgamlary üçin kadalaşdyrmagyň intellektual ulgamlaryny, gurluşlary we enjamlary ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak ýaly işler göz öňünde tutulandyr.