HABARLAR

Köpugurly sergide ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň üstünlikleri giňişleýin şöhlelendi

19 — 21-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Biz Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylan özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň we aýynyň taryhy wakalara beslenýändigini uly ynam bilen aýdyp bileris» diýip nygtalýar. Bütin halkymyzyň uly ruhubelentlik bilen garaşýan şanly Garaşsyzlygymyzyň giň gerimde belleniljek toý tutumynyň öň ýanynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen forumda milli ykdysadyýetimiziň gazananlary, medeni özgertmeleriň buýsandyryjy netijeleri öz beýanyny tapdy. Bu ýerde nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň hem guwandyryjy üstünlikleri görkezildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň diwarlyklarynda ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynyň okgunly ösüşi giňişleýin açyldy.

Göteriji buraw desgasynyň hyzmaty

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy «Jereh» kompaniýasyndan satyn alnan täze, innowasion tehnologiýaly, kuwwatly göteriji buraw desgalaryny ulanyş guýularyny bejermekde ýokary öndürijilikli işledýärler. Gaz bermesi has çylşyrymlaşan guýularda abatlaýyş işlerini alyp baryp, ony öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek üçin niýetlenilen göteriji buraw desgalarynyň biri «Marygazçykaryş» müdirliginiň guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş sehine bölünip berildi. Şol buraw desgasy häzirki wagtda müdirligiň Günbatar Şatlyk gaz käniniň gaz bermesini peselden 116-njy belgili ulanyş gaz guýusynda bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmekde işledilýär. Gaz ýataklarynda «mawy ýangyç» bermesini peselden we has çylşyrymlaşan guýularda bejeriş-abatlaýyş işleri geçirilende turbalary guýa goýbermek, ýokary galdyrmak we beýleki tehnologik işleri gysga wagtda, çalt ýerine ýetirip bilmegi göteriji buraw desgasynyň bejeriş işlerini çaltlandyrmakdaky hem-de ykdysady babatdaky bähbitli aýratynlygydyr.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 7 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 35 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, sanly ykdysadyýete geçmekde milli intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem maglumatlaryň kiberhowplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine, maliýe ulgamynyň, döwlet dolandyryşynyň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýändigi nygtaldy.

Täjigistanda elektron gapjyklaryň sany 10,4 milliona ýetdi

Täjigistanda şu ýylyň birinji ýarymynda elektron gapjyklaryň sany 10,4 milliona ýetdi. Bu bolsa 2023-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerindäkiden 2,9 million köpdür. 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda elektron gapjyklaryň üsti bilen amallaryň 8 milliard 625 milliondan gowragy amala aşyrylyp, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 16,2 göterim ýokarlanypdyr. Amallaryň umumy pul dolanyşygynyň mukdary bolsa 1 milliard 212 million somonä (113 million amerikan dollaryna) deň bolupdyr.

Gazak-german söwda dolanyşygy 2,3 milliard amerikan dollaryna deň boldy

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Gazagystan bilen Germaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,3 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky özara söwda 1,5 esse artyp, 4 milliard amerikan dollaryna deň bolan bolsa, bu görkeziji şu ýylyň ýedi aýynda 2,3 milliarddan geçdi. Şeýle-de ol 2005-nji ýyldan bäri Germaniýanyň gazak ykdysadyýetine goýan göni maýa goýumynyň 6,7 milliard amerikan dollaryndan gowrakdygyny hem nygtady. Bellenilişine görä, häzirki wagtda Gazagystanda german maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen müňlerçe kärhana hereket edýär.

4,7% artdy

2024-nji ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Gyrgyz Respublikasynyň daşary söwda dolanyşygy 8,8 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Munuň özi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,7 göterim köpdür. Hasabat döwründe ýurduň eksporty 3,7 göterim azalyp, 1,6 milliard amerikan dollaryna, importy bolsa 6,7 göterim ýokarlanyp, 7,21 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, ýurduň daşary söwda dolanyşygynyň 18,2 göterimi eksportyň, 81,8 göterimi bolsa importyň paýyna düşdi.

«Amazon» işgärleriniň zähmet hakyny sagatda 22 amerikan dollaryna çykardy

«Amazon» öz ammarlaryndaky işgärleriniň, şeýle-de sürüjileriň we eltip berijileriň zähmet haklaryny sagatda 22 amerikan dollaryna çenli ýokarlandyrdy. Ozal bu görkeziji 20,5 amerikan dollaryna deňdi. Ýeri gelende bellesek, «Amazon» kompaniýasynda 1,5 milliondan gowrak işgär zähmet çekýär. Olaryň aglabasy harytlary kabul edip almak we ugratmak bilen meşgullanýarlar. Maglumat üçin, «Amazonyň» bazar kapitaly 2024-nji ýylyň başyndan bäri 22,3 göterim ýokarlanyp, 1,96 trillion amerikan dollaryna ýetdi.

300 konteýner otlusy geler

Şu ýyl Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen 300 konteýner otlusy Hytaýdan Azerbaýjana gelip gowşar. Bu barada «Azerbaýjanyň demirýollary» kompaniýasynyň başlygy Rowşan Rustamow mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, Hytaýdan gelýän ýükleri Baku — Tbilisi — Kars ugry boýunça daşamak baradaky ylalaşyk esasynda, konteýner otlusynyň Sian şäherinden (Hytaý) Bakuwa (Azerbaýjan) gelýänça sarp edýän wagty 11 güne çenli azaldy. Şonuň üçin hem şu ýyl Hytaýdan 300 konteýner otlusynyň Azerbaýjana gelmegine garaşylýar.

Hindistan altynyň importyny artdyrdy

Hindistan 2024-nji ýylyň awgust aýynda umumy bahasy 10,06 milliard amerikan dollaryna deň bolan altyn import etdi. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende 2 esse, şu ýylyň iýul aýyndaka garanyňda bolsa 3 esse artykdyr.  Hindistanyň söwda we senagat ministriniň orunbasary Sunil Barthwal altyn importynyň ýokarlanmagyny gümrük paçlarynyň azalmagy hem-de baýramçylyk möwsüminiň öňüsyrasynda hindi halkynda gymmat bahaly metallary toplamaga islegiň artýandygy bilen düşündirdi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Hindistanyň altyn importy 32,29 milliard amerikan dollaryna deň boldy.