HABARLAR

Öňdebaryjy kärhanada

Ugurdaş kärhanalaryň arasynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan Bäherden etrabyndaky ýüplük fabriginde önümçilik meýilnamalary aýma-aý üstünlikli ýerine ýetirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on bir aýynyň önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem oňa göz ýetirmek bolýar. Fabrigiň işçi-hünärmenleriniň agzybirlikli zähmetiniň netijesinde, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 156 million 256 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada 154,45 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny görkezýär. Kuwwaty ýylda nah ýüplügiň 8100 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy kärhanada, esasan-da, 27/1, 34/1 belgili nah ýüplükler öndürilýär. Şanly ýylymyzyň başyndan bäri bu ýerde öndürilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply ýüplükler sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy.

Sanly ykdysadyýete ynamly badalga

Berkarar döwletimiziň gurujy, dörediji, oýlap tapyjy, ösen aň-düşünjeli intellektual ýaşlary kemala getirmek Türkmenistanyň şu günki täze taryhy döwrüniň möhüm aýratynlygydyr. Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu jähetden önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologik enjamlaryň netijeli ulanylmagy biziň ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýedir. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürligine we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky uly işler sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar.

Ýüz ýaşly kärhanada

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen sahawatly topragymyzda ýetişdirilýän pagtany gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň işleriniň ilerlemegine gönükdirilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Çünki obasenagat toplumy, dokma önümçiligi milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Welaýatymyzyyň ähli pagta arassalaýjy kärhanalary bilen bir hatarda Çärjew pagta arassalaýjy kärhanasynda hem zähmetkeş babadaýhanlarymyzyň ýetişdirýän gowaça hasylyny gaýtadan işlemekde uly üstünlikler gazanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 100 ýaşy dolan bu kärhananyň agzybir işgärleriniň alyp barýan işleri aýratyn hormat-sarpa mynasypdyr. Olar geçen 2023-nji ýylda hem 39 müň 200 tonnadan gowrak pagtany gaýtadan işläp, 10 müň 600 tonna süýüm, 20 müň tonna golaý çigit,1 müň 42 tonna lint we 400 tonna golaý ulýuk almagy başardylar. Olar şu ýyl hem bu görkezijileri has-da artdyryp, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgady bilen garşylaýarlar.

«Jeýhunda» işler ileri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletli tutumlar uly rowaçlyklara beslenýär. Bu babatda döwletimiz tarapyndan önümçilik kärhanalaryna berilýän yzygiderli goldawdyr kömekler, döredilýän uly ýeňillikler welaýatymyzda hem oňyn netijelerini berýär. Azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň hatarynda welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň «Jeýhun» miwe we gök-bakja önümlerini gaplaýjy kärhanasyny hem görkezmek bolar. Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň çäginde ýerleşýän bu kärhana dünýa ýurtlarynyň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, uly önümçilik mümkinçilige eýe. Onda her gije-gündizde gök-bakja önümleriniň we miweleriň alty tonna golaýy gaplanylyp, gaplamalaryň 10-dan gowrak görnüşi taýýarlanylýar.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Iri pudagyň gadamlary Döwlet Baştutanymyz halk hojalygynyň möhüm pudagy bolan elektroenergetika pudagynyň durnukly ösüşiniň gazanylmagyna örän uly üns berýär. Çünki, elektroenergetika pudagynyň ösdürilmegi diňe bir halk hojalygymyzyň beýleki ugurlarynyň döwrebap ösdürilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçinem elektroenergetika pudagynyň depginli ösüşini gazanmak wajyp wezipe bolup durýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine buýan köki, jins matasy we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 167 müň dollaryndan gowrak boldy.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HARYT-ÇIG MAL BIRŽASYNYŇ GEÇEN HEPDEDÄKI SÖWDALARY

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Germaniýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen yşyklandyryjy kerosini, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri we halylar satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 4 million 167 müň 600 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Mahabatyň giňden ýaýran görnüşleriniň biri her bir adam üçin adaty bolan bannerler, bilbordlar (bildiriş tagtasy), afişalar (bildiriş plakatlary) we ýazgylardyr. Mahabatyň bu görnüşi köp adamyň görmegi üçin ýörite desgalarda, gurluşlarda ýerleşdirilýär. Bu görnüş diňe wizual (görüş) kabul ediş üçin niýetlenendir. Onuň oňyn taraplary her bir görkeziş üçin arzan baha, auditoriýany giňden gurşap almagy, täsiriň dowamlylygy, ýerleşdirmegiň köp görnüşliligidir. Mahabatyň bu görnüşiniň oňyn däl taraplary bolsa, desgalaryň döredilmeginiň gymmatlygy, howa, gurşaw şertlerine we günüň wagtyna baglylygy, maglumat möçberiniň azlygy bolup durýar.

Marketingiň esaslary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Marketing işini gowulandyrmak we özüniň uzak wagtlyk hereket etmegini üpjün etmek üçin firma ikitaraplaýyn aragatnaşyga (gözegçilik edilmeýän daşky gurşaw, guramanyň işi we onuň marketing meýilnamasynyň netijeliligibarada maglumat) eýe bolmalydyr. Munuň üçin bolsa, sarp edijileriň kanagatlanmak derejesini kesgitlemelidir, bäsdeşlikdäki meýilleri öwrenmelidir, munda hökümet edaralary bilen özara gatnaşyklara baha berilmelidir, ykdysadyýetiň ýagdaýyna we serişdeleriň ýetmezçilik etmek mümkinçiligine syn etmelidir, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini öwrenmelidir, harytlary ýerlemegiň we girdejiniň ösüşini seljermelidir, ýerleýiş ulgamlarynyň dürli gatnaşyjylary bilen gepleşikler alnyp barylmalydyr, şeýle hem maglumaty almagyň we peýdalanmagyň dürli usullaryny ulanmalydyr. Bu maglumatyň esasynda firma öz strategiýasyny daşky gurşawa uýgunlaşdyrmalydyr, şunda özüniň tapawutlandyryjy artykmaçlyklaryny peýdalanmagyny dowam etdirmelidir. Uzak möhletli üstünlik üçin ol marketingiň umumy meýilnamasyna laýyk gelýän täze mümkinçilikleri hemişe agtarmalydyr we marketing strategiýasyna gaýtadan garap, bazaryň bolup biläýjek howplaryna seslenmelidir.

Sanly ykdysadyýet — batly ösüşiň guraly

Täze taryhy döwrümizde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmeklik halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga, maglumat giňişligini kemala getirmäge, ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki zaman dünýäsini sanly tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk iň täze ylmy-tehniki çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylyşy, ösen tehnologiýalaryň netijeliligi bilen kesgitlenilýär. Aslynda, «sanlylaşdyrmak» düşünjesiniň özi harytlaryň önümçiligini we hyzmatlaryň dolandyrylyşyny döwrebap intellektual tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly kämilleşdirmegiň täze tapgyryny göz öňünde tutýar. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň esasy sebäbi döwlet dolandyryşyny, maliýe ulgamyny, lomaý we bölek söwdany, jemagat-durmuş hyzmatlaryny öz içine alýan gurşawyň ösmegi bilen baglydyr.