HABARLAR

Dünýäniň iň gymmat kärhanalary

«Interbrand» maglumat agentligi 2024-nji ýyldaky dünýäniň iň gymmat kärhanalarynyň sanawyny düzdi. Bu sanawyň esasy 10-lugy şu yzygiderlilikde ýerleşdirilendir: «Apple» (488,9 milliard amerikan dollary), «Microsoft» (352,5 milliard amerikan dollary), «Amazon» (298,1 milliard amerikan dollary), «Google» (291,3 milliard amerikan dollary), «Samsung» (100,8 milliard amerikan dollary), «Toyota» (72,8 milliard amerikan dollary), «Coca-Cola» (61,2 milliard amerikan dollary), «Mercedes-Benz» (58,9 milliard amerikan dollary), «McDonald's» (53 milliard amerikan dollary), «BMW» (52 milliard amerikan dollary).

Täjigistanyň Russiýa eksporty artýar

Täjigistanyň Russiýa Federasiýasynyň oba hojalyk önümleriniň eksporty ýanwar — sentýabr aýlarynda 30 göterim ýokarlandy. Şol sanda Täjigistan Russiýa  Federasiýasyna pagta süýüminiň eksportyny 62, miwe we gök önümleriniňki 47, şeýle-de gury ir-iýmişlerini 60 göterim artdyrdy.

Şu ýyl Ýaponiýanyň ulag eksporty pese gaçdy

Ýaponiýanyň eksporty soňky 10 aýyň dowamynda ilkinji gezek ulag eksporty peseldi. Geçen sentýabr aýynyň hasabatyna laýyklykda, döwlet eksportdan 60,4 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Bu barada Ýaponiýanyň daşary işler ministrligi habar berýär. Ýaponiýanyň elektronika enjamlaryny hem-de awtomobil eksportynda öňdebaryjy döwletleriň biridigini bellemek ýerlikli bolar.

Millionerleriň sany 34 göterim artar

Adam Smit institutynyň geçiren seljermelerine görä, 2028-nji ýyla çenli Ýewropanyň üç ýurdunda millionerleriň sany has köpeler. Olar Türkiýe, Russiýa we Şwesiýa döwletleridir. Bu ugurda Ýewropanyň liderligi Türkiýä degişli bolup, 2028-nji ýyla çenli bu ýurtda nagt pullar, paýnamalar, gozgalmaýan emläk we hususy pensiýa gaznalary ýaly ähli maliýe aktiwleriniň umumy bahasy 1 million amerikan dollaryndan gowrak bolan adamlaryň 34 göterim ýokarlanjakdygy çaklanylýar.

Kriptowalýutanyň ulanylyşy rekord derejä ýetýär

Bu barada «a16z» maýa goýum kompaniýasynyň täze barlagyna salgylanýan «Unchainedcrypto» ýazýar. Hasabatda sentýabr aýynda 220 million salgynyň azyndan bir gezek blokçeýn bilen aragatnaşyk saklandygy, munuň 2023-nji ýylyň ahyryna garanyňda, üç esse köpdügi aýdylýar.

“Gara altynyň” täze ýatagy

Golaýda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Uzynada» käninde «Türkmennebit» döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirligi tarapyndan ýene-de bir çuň guýy burawlanyp işe girizildi. 80-nji belgili täze guýynyň çuňlugy 6720 metr bolup, ol bir gije-gündiziň dowamynda 70 tonnadan gowrak senagat derejeli nebitkondensat akymyny almaga mümkinçilik berýär. «Uzynada» käni 2017-nji ýylda sebitde ilkinji gezek taslama çuňlugy 7150 metr bolan gözleg guýusynyň burawlaýyş işleri tamamlanyp, ondan senagat derejeli gaz kondensatynyň uly akymynyň alynmagy bilen ulanyşa girizilipdi. 2022-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz «Uzynada» meýdançasyna gelip, bu ýerdäki hem-de «Demirgazyk Goturdepe» ýatagyndaky alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy. Milli Liderimiz şol gezekki iş saparynda bu ýerde geçirilýän işleriň gerimini giňeltmek we önüm beriji guýularyň sanyny köpeltmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. Täze guýynyň açylmagy ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

Aziýa Ösüş banky Türkmenistanyň demir ýol ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goldaw berýär

Aziýa Ösüş banky (AÖB) Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Türkmenabat, Mary, Aşgabat we Türkmenbaşy arasynda 1147 km demir ýol liniýasyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Bu barada bankyň Türkmenistandaky wekili Аrtur Andrisiak “Trend” habarlar gullugyna habar berdi. – Şu möhüm taslama gündogar-günbatar ugry boýunça 1147 km-lik demirýol liniýasyny döerebaplaşdyrmaga we elektrikleşdirmäge ýardam eder. Bu hem Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Tükrmenbaşy şäherini paýtagt Aşgabat hem-de Mary welaýaty bilen Özbegistan bilen serhetleşýän Türkmenabat şäherlerini birleşdirer – diýip, Аrtur Andrisiak belledi.

Durnukly ykdysady ösüşiň miweleri

Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürip, kuwwatlandyrmak babatda maksatnamalaýyn esasda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzda geçirilýän özgertmelere ýokary baha berdi. Ýurdumyzyň karz edaralarynyň arasynda bäsdeşlik gurşawy hereket edip, karz hyzmatlarynyň elýeterliligi, köp sanly bolmagy üpjün edilýär. Türkmenistanyň bank ulgamy ilkinjileriň biri bolup, karz edaralary tarapyndan hödürlenýän bank hyzmatlarynyň sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreleri durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda bankara elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, menzilara ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak, raýatlara howpsuz we tölegleri çalt geçirýän galtaşyksyz tehnologiýalary ulanýan döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak, olary yzygiderli kämilleşdirmek ýaly çäreler amala aşyrylýar.

Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş ykdysadyýetimiziň düýpli döwrebaplaşdyrylýan wagtynda demir ýol ulgamynyň hünärmenlerine hem uly talaplar bildirilýär. Şol talaplar olaryň işiniň dürli ugurlaryny — hojalygyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bazary öwrenmegiň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmak, serişdeler binýadyny yzygiderli täzelemek we häzirki zaman wagonlaryny netijeli peýdalanmak, ýolagçylar üçin hyzmatlaryň we howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek, işgärler üçin iş şertlerini döretmek ýaly ugurlary gurşap alýar. Türkmenistan halkara ýollarynyň strategik taýdan möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, üstaşyr gatnawlary amala aşyrmaga uly mümkinçiligi bolan döwlet hökmünde ulag pudagynda ençeme iri taslamalary durmuşa geçirmegi teklip edýär. Bu taslamalar ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilendir.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Ösüşli geljegimiziň ulgamy Dünýäniň aglaba ýurtlarynda giňden peýdalanylýan sanly ykdysadyýetiň biziň ýurdumyzda-da ornaşdyrylmagy ösüş-özgerişli ýolumyzda möhüm ädim boldy. 2019-njy ýylda Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. Bu resminamanyň çäklerinde milli ykdysadyýetimizi we beýleki ulgamlary sanly ulgama geçirmek bilen bagly işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy ulgamyň ornaşdyrylmagynyň meselelerine uly üns berip, bu babatda anyk wezipeleri öňde goýýar.