HABARLAR

Deňiz gämileri bilen daşary ýurtlara daşalýan karbamidiň möçberi artýar

Türkmenistanyň günbataryndaky Balkan welaýatynda ýerleşýän Garabogazyň karbamid-ammiak zawody (Garabogazkarbamid) şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda 994 müň tonna golaý karbamid öndürdi. Munuň özi meýilleşdirilen möçberiň 101,2 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär. Bu möçberden 75 müň tonna golaýy içerki bazara, 1 million 17 müň tonnasy hem daşary ýurtlara iberildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Türkmen topragyndan — daşarky bazarlara

Bagtyýar halkymyz täze — 2025-nji ýyly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Şunda tamamlanyp barýan ýylda açylan täze kärhanalarda ýola goýlan netijeli önümçilikleriň hem mynasyp paýy bar. Oktýabr aýynda Türkmenabat şäheriniň eteginde açylyp ulanmaga berlen, buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň işini-de muňa mysal görkezmek bolar. Indi iki aýdan gowrak wagt bäri ýurdumyzda bu gymmatly önümiň ilkinji tonnalary öndürilýär. Kärhana şäheriň ikinji senagat zolagyndaky iň iri toplumlaryň biri bolup, onuň binalary deňesinden geçip barýan her bir ýolagçynyň ünsüni özünde egleýär. Kärhananyň altyn pula durýan önümlerine bolsa Merkezi Aziýanyň, tutuş yklymyň ünsi-islegi uly. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, glisirrizin turşusy goşulan derman serişdeleri adam bedenini howply wiruslardan goramakda peýdalanylýar. Häzirki wagtda bu gymmatly önüm bütin dünýäniň derman senagatynda giňden ulanylýar. Şoňa görä, bu önüme isleg hem diýseň ýokary. Glisirrizin turşusynyň kosmetologiýada, azyk senagatynda hem ulanylýan ýerleri seýrek däl. Şeýle gymmatly önümiň çig maly bolan buýan köki Jeýhunyň kenarynda näçe diýseň bar. Ýeri gelende aýtsak, müň kilometrden gowrak aralygy ýurdumyzyň çäginden akyp geçýän Amyderýanyň kenar ýakalar

«Asman» mebellerine isleg artýar

Welaýatymyzyň hususyýetçileri Täze ýyly zähmet üstünlikleri bilen mynasyp garşylaýarlar. Olaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki mebel önümlerini öndürýän «Asman» hususy kärhanasyny hem görkezmek bolar. — Döwrebap önümçiligimiz 2015-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Bu ýerde ilatyň ösen isleglerine laýyklykda mebel önümleriniň dürli görnüşi taýýarlanylýar. Hil derejesi ýokary bolan önümlere hyrydarlaryň sany hem günsaýyn artýar. Tamamlanyp barýan ýylda ilatyň hem-de edara-kärhanalaryň sargytlary esasynda mebelleriň onlarça görnüşini öndürdik. Önümçilik bölümlerinde Türkiýe döwletinden getirilen kämil enjamlary oturtdyk. Bu bolsa ýokary hil ölçeglerine gabat gelýän agaç hem-de aýna mebel önümlerini — aşhana we otag mebellerini, gapylary, ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda çagalara niýetlenilen mebelleri, ýatalgalary öndürmäge şert döretdi — diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy Alişir Resulow söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

Toprak hasylyny eçilende

Täze ýyl gapymyzy gowulyklar bilen kakyp dur. Biz eýýäm biri-birimize süýji arzuwlarymyzy aýdýarys, sowgatlarymyzy paýlaýarys. Iň gowy ýeri bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda önümleriň bolçulygynyň döredilmegidir. Gök önümlerdir miwelerden doly saçaklarymyz we bagtyýarlyk nuruna beslenýän öýlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döredilýän eşretli durmuşyň waspyny özünde jemleýär. Bu görnüşler ýurdumyzda ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň önümçilige üstünlikli ornaşdyrylmagy netijesinde azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik durmuş harytlarynyň bolçulygynyň dörändigine şaýatlyk edýär.

Ykdysadyýetimiziň berk binýady

Halkymyzyň abadançylygyny has-da gowulandyrmak babatynda durmuşa geçirilýän asylly işler öz netijesini yzygiderli berýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrundaky alnyp barlan işler has-da täze üstünliklere beslendi. Şeýle ähmiýetli işleriň özeninde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durandygyny agzamak mümkin. Bu resminama, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmakda we ösüşiň ýokary görkezijilerini gazanmakda ähmiýetli orny eýeleýär. Ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak durnukly ösüşi üpjün etmek bilen birlikde, halkara derejesinde özboluşly hem-de milli önümçilik kuwwatymyzy äşgär edýär. Bu ugruň hukuk binýady hem has-da pugtalandyrylyp, degişli ugruň tapgyrlaýyn ösüşi kemala gelýär. Täze taryhy döwürde ylmyň iň täze gazananlarynyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy sanly ulgamyň sanardan köp mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin şert döredýär. Häzirki wagtda internet arkaly dürli harytlary oturan ýerimizde sargamak, dürli söwda işlerini alyp barmak, gündelik neşirler bilen tanyş bolmak, islendik kitaby okamak, welaýatara gatnaýan ulaglaryň dürli görnüşle

Ösüşiň ak ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde ykdysady düzümleriň özgerdilmegi, harytlaryň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýasy, maýa goýumlaryň ösdürilmegi üçin oňyn şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň esasy görkezijileri, daşary söwda dolanyşygy has-da artýar. Milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmekde, ýurduň pul-karz syýasatynyň ähmiýetini ýokarlandyrmakda, şol sanda pudaklaryň strategik wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalarynda bellenilen wezipeler milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmekde, elektron senagatyny döretmekde, adamlaryň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar. Bu ugurda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy aýratyn ähmiýete eýedir. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň girizilmegi onuň hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin emeli aňyň, daş aralykdan hyzmat etmek üçin niýetlenen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank»

Täze desga ulanylmaga berildi

Baýramçylyk sowgady boldy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň bady artýar. Ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini gazanmak adam hakynda edilýän aladanyň biri bolup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Aýratynam, ýaşaýjylaryň arassa agyz suwy bilen ýeterlik üpjün edilmegi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Ösüşli geljegimiziň özeni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Okadylýan sapaklaryň täsirli guralmagynda multimediýa tagtasynyň täsiri örän uludyr.

Nebitçi — hormatly kär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda uly möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ulgamyň kärhanalaryny, önümçilik düzümlerini ösdürmekde, senagat kuwwatyny artdyrmakda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Pudaga sanly maglumat tehnologiýalarynyň, öňdebaryjy tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy bizi diýseň begendirýär. Men nebitçi kärini saýlap, nebitgaz pudagynda işlemegi çagalygymdan arzuw etdim. Häzir ýürekde beslän maksadymyza ýetmek üçin saýlap alan hünärimiziň inçe tilsimlerini irginsizlik bilen öwrenýäris. Welaýatymyzyň çäginde Goturdepe, Barsagelmez, Gamyşlyja, Keýmir, Çekişler, Akpatlawuk ýaly nebitgaz ýataklarynyň ençemesi bar. Şolar bilen birlikde, ýangyç gorlaryna baý täze meýdançalar hem senagat taýdan işjeň özleşdirilýär.

Ýurdumyzda noýabr-dekabr aýlary üçin zähmet haklary doly derejede tölendi

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow çykyş edip, 6-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyrygyna laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň ähli işgärlerine noýabr-dekabr aýlary üçin zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 20-nji dekabra çenli doly tölenendigi barada hasabat berdi.