HABARLAR

Döwrebap tehnologiýalar bilen ösüş ýolunda

Bilim işine öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýokary okuw mekdepleriniň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň şerti hasaplanýar. Şeýle wezipeleriň biri-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli hünär okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak bilen baglanyşyklydyr. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uniwersitetleri kämilleşdirmäge gönükdirilen «UI GreenMetric World University Rankings» sanawyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisiniň goşulmagy bu ugurda guwandyryjy ädimlerden habar berýär. Bu sanawda dünýä uniwersitetlerine 6 ugur — uniwersitet düzümleri we olaryň daşky gurşawa täsiri; energiýa sarp edilişiniň we onuň tygşytlanylyşynyň görkezijileri; galyndylary gaýtadan işlemek; ekologiýa babatda bilim bermek we ylmy gözlegler; suwdan rejeli peýdalanmak; ulag syýasaty boýunça baha berilýär.

Alyslara uzaýan ýakyn gatnaşyklar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýyly — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ilkinji günleri ýurdumyza hoş habarlaryň buşlugyny, hoşniýetli gatnaşyklaryň rowaçlanýandygynyň güwäsi bolan täzelikleri alyp geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary-da dostlukly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna şaýatlyk edýän wakalara beslendi. Bu günki gün oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat netijesinde Birleşen Arap Emirlikleri bilen däp bolan dostlukly hyzmatdaşlyklarymyz hil taýdan täze derejä çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurduň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynyň barşynda: «Birleşen Arap Emirlikleri biziň dostumyzdyr, ygtybarly ykdysady we söwda hyzmatdaşymyzdyr, häzirki döwrüň köp sanly örän möhüm soraglaryny çözmekde pikirdeşimizdir» diýen sözleri hem bu aýdylanlara şaýatlyk edýär. Energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar, ylym, medeniýet, sport ýaly ugurlar boýunça barha giň gerim alýan gatnaşyklaryň rowaç almagynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hy

Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri: gatnaşyklaryň mazmuny baýlaşdyrylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-5-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş sapary Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagynda nobatdaky möhüm waka boldy. Abu-Dabi hem-de Dubaý şäherlerinde geçirilen duşuşyklaryň barşynda birnäçe ugurlardaky däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipler beýan edilip, degişli ylalaşyklar gazanyldy. Türkmenistana uly gyzyklanma

Türkmenistan bilen Owganystan täze ammarlaryň we goşmaça demir ýol şahalarynyň gurluşygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow duşenbe güni Kabul şäherinde Owganystanyň Demirýol dolandyryşynyň (ARA) başlygy Baht-ur-Rahman Şarafat bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki tehniki topary tarapyndan kesgitlenen ýerlerde täze ammarlaryň we goşmaça demir ýol şahalarynyň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Owganystanyň Demirýol dolandyryşynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle-de Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda üstaşyr ýukleri daşamakda demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bagyşlanan duşuşykda “Hyrat-Turgundy” portunyň kuwwatyny ýokarlandyrmak meselelerine hem garaldy.

IRU: Hytaýyň iri önümçilik merkezi Özbegistan bilen täze TIR ugruny açýar

Şençžen söwda dolanyşygyny işjeňleşdirmek we eltip bermek möhletini azaltmak üçin Hytaýy Merkezi Aziýa bilen birleşdirýän TIR (Halkara ýol ulaglary) ulag geçelgeleriniň ösüşini çaltlandyrýar. 2023-nji ýylda Şençžen (Hytaý) bilen Almatynyň (Gazagystan) arasyndaky ýol ugrunyň üstünlikli işe girizilmeginden soň, Şençžen bilen Özbegistanyň Daşkent şäherini birikdirýän täze ugruň işjeňleşdirilendigini Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (ISU) habar berýär.

Geljegi uly hyzmatdaşlygyň bähbidine

Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly ata Watanymyzyň daşary syýasy ugry netijeli gatnaşyklaryň esasynda häzirki wagtda täze derejelere göterilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň «Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir» diýen parasatly sözleri halkara gatnaşyklar ulgamynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş sapary doganlyk ýurt bilen ýola goýulýan gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda möhüm ädime öwrüldi. Şu ýylyň 4-5-nji ýanwarynda Abu-Dabi we Dubaý şäherlerinde geçirilen netijeli gepleşikler iki ýurduň ýangyç-energetika pudagynda ýola goýan gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine badalga berdi. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň doganlyk ýurda iş saparynyň çäklerinde Dubaý şäherinde ýangyç-energetika ulgamynda ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan «Dra

Türkmenistan we Owganystan Turgundy portunyň kuwwatyny ýokarlandyrmagy ara alyp maslahatlaşdy

Golaýda Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Kabulda Owganystanyň demirýol müdirliginiň başlygy Maulawi Bahtur-Rahman Şarafat bilen duşuşdy. Duşuşyk iki taraplaýyn gatnaşyklary we Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol aragatnaşygy hem-de üstaşyr geçiş pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlandy diýip, «nCa» internet portaly habar berdi. Hususan-da, Hyrat—Turgundy portunyň kuwwatyny artdyrmak, Tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-owgan topary tarapyndan kesgitlenen ýerlerde täze angarlary we goşmaça şahalary gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Netijeli hyzmatdaşlyk — döwletimiziň durnukly ösüşiniň kepili

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji hepdesi hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň aýdyň beýanyna öwrülen möhüm wakalara baý boldy. 4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Zerewşan — Garagum geçelgesi umumadamzat gymmatlygydyr

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamasynyň kabul edilmegi sebitiň ekoulgamyny goramakda, medeni gatnaşyklary berkitmekde, tebigy täsinlikleri gorap saklamakda örän uly ähmiýete eýedir. Beýik Ýüpek ýoly ýüzýyllyklaryň dowamynda diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine däl, eýsem, medeniýetleriň baýlaşmagyna, aň-bilimleriň kämilleşmegine hem täsirini ýetirdi. ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna goşmaga hut Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Sebäbi Beýik Ýüpek ýolunyň bu geçelgesi halkara ýoluň iň wajyp bölegi hasaplanýar. Gymmat bahaly harytlardan mas ýüklenen kerwenler Hytaýyň öňki paýtagty Sian şäherinden Takly-Mekan sährasyna, soňra demirgazyk Týan-Şanyň eteklerini syryp, Kaşgara, Pamir daglarynyň jülgelerinden geçip, Fergana, Samarkanda hem-de Zerewşan sährasynyň üsti bilen Farap — Amul güzerine gelipdirler. Uzak ýollary külterläp gelen kerwen

Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi

Bahry-Hazaryň kenarynda mesgen tutan eždatlarymyz ata-baba balyk awlapdyrlar, beýleki halklar bilen suw ýoly arkaly özara söwda edipdirler. Suw üsti ýol ýasamak, elbetde, gury ýerdäki ýaly däl, onda ne yz bar, ne-de toz, ol deňizçiden iňňän uly tejribäni talap edýär. Esenguly, Çeleken, Gyzylsuw ýaly deňiz kenarynda ýaşan türkmen balykçylarynyň kiçi taýmyldan başlap, uly göwrümli gämileri ýasandyklary hakyndaky hakyda biziň şu günlerimize deňiç saklanyp galypdyr. Şol milli suw ulaglarynyň iň kiçisi taýmyl bolup, ol özüniň görnüşi boýunça adaty sport baýdarkasyna çalym edýär. Ol howa ýagdaýyna görä, ýelken hem-de kürek bilen dolandyrylýar. Taýmyl kenar ýakasynda balyk awlamakda, golaý aralykdaky obalara gidilende giňden peýdalanylypdyr. Geçen asyryň ortalarynda kenardaky Çekiçler, Gyzylsuw, Garagöl, Gyýanly obalarynda dommal, taýmyl ýaly suw ulaglary has-da ýörgünli bolupdyr. Şol ýerde ýaşan tejribeli balykçylaryň birnäçesi 1936-njy ýylda Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) — Moskwa aralygyna gurnalan taýmylly ýörişe gatnaşyp, 4 müň 653 kilometre golaý ýol aşyp, ussatlygyň ýokary derejesini görkezipdirler. Annak Geldiýew, Oraz Taganow, Garaderwüş Ilamanow, Baýjan Ataýew, Sary Orazow, Hajytuwak Mämmetannaýew, Hudaýberdi Baýramow, Berdiguly Aşyrow, Gurbanýaz Kowusow