HABARLAR

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany özara baglanyşdyrar

Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde sişenbe güni geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda arabaglanyşygy üpjün edýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sebit üçin esasy deňiz merkezi hökmünde strategiki ornuny belläp geçdi.  Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) halkara ulag geçelgesi Türkmenistanyň deňiz ulag pudagynyň mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrdy. Seýitguly Baýseýidow ykdysady ösüşi we söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň täze mümkinçiliklere hem-de özüne çekiji häsiýete eýe bolandygyny hem aýtdy.

RŽD Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär

Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada TASS habar berýär. Habarda bellenilişine görä, RŽD-niň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň dowamynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikde taraplar Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Gyzylarbatdaky awtoulag abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek we ýeke-täk logistika operatory döretmek meselesi boýunça pikir alyşdylar. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin, Russiýanyň demirýol edarasynyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak we Russiýanyň Demirýollary korporatiw uniwersitetinde türkmen demirýol işgärlerini taýýarlamak, Arkadag we Aşgabat şäherlerini birleşdirjek Türkmenistanda ilkinji elektrik otlynyň gatnawyny ýola goýmak ýaly meselelere garadylar.

Türkmen wekiliýeti Ýewrokomissiýanyň wekili we ispan kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen Ýewrokomissiýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça baş direktoryň orunbasary Miriam Ferranyň arasynda geçirilen duşuşyk. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýanyň Brýussel şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynyň çäginde sişenbe güni Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça baş direktoryň orunbasary Miriam Ferran we Ispaniýanyň “S2 Grupo SL” kompaniýasynyň Ýewropa boýunça baş müdiri Regis Pýer Kazenawe bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Halkara habarlar

Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy Golaýda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew Bütindünýä poçta birleşiginiň Baş direktory Masahiko Metoki bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini, şeýle-de aýry-aýry ugurlarda özara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Akylly» şäheriň lukmançylyk klasteri

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini, ýagny bir maksatly özara arabaglanyşykly derman we saglyk maksatly serişdeleri öndürýän lukmançylyk edaralaryny döretmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginde Germaniýanyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasy ýeňiji boldy. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiz Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan GFR-iň maslahat beriş kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, işlenip taýýarlanylan taslamany ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň GFR tarapyndan hödürlenjek anyk tekliplere garamaga taýýardygyny belledi. Alym Arkadagymyz ýurdumyzda daşary ýurtly hünärmenleriň, işewür düzümleriniň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini, türkmen tebigatynda, şol sanda Garagum sährasynda eksport ugurly harytlary öndürmek üçin ägirt uly çig mal serişdeler gorunyň bardygyna ünsi çekdi.

Türkmenistan — Germaniýa: hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerledip

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Watanymyz dünýäniň ähli döwletleri bilen giň gerimli, netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistanyň öňden gelýän we esasy hyzmatdaşlarynyň biri hem Germaniýa Federatiw Respublikasydyr. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar dostlukly, yzygiderli häsiýete eýedir. Däp bolan döwletara dialog okgunly ösüşe eýe bolup, dürli ugurlary, şol sanda hukuk ulgamyny hem öz içine alýar. Ýurdumyzda bu ulgamda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelerde öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we iş ýüzünde peýdalanmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanun çykaryjylyk işine ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi köpýyllyk netijeli gatnaşyklary pugtalandyrm

Demir ýol ulaglary pudagynda halkara derejeli duşuşyk geçirildi

Düýn Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginde  Russiýa Federasiýasynyň “РЖД” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekiliýeti bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň hünärmenleriniň halkara derejesindäki duşuşygy boldy. Duşuşykda iki döwletiň arasynda halkara ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmek şol sanda, demirgazyk-günorta ugry boýunça ýük gatnatmalaryny ösdürmek barada derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy: - ikitaraplaýyn ylalaşylan taslamalar tapgyrlaýyn işe girizmek şol sanda: Gyzylarbat şäherinde ýerleşýän “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Wagon abatlaýyş zawodyny döwrebaplaşdyrmak, Aşgabat-Arkadag şäherleriniň arasynda elektrikleşdirilen demir ýoluny gurmak we bu aralykda ýolagçy-ekspress otlusyny ýola goýmak, logistika ulgamyny ösdürmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, Russiýa Federasiýasynyň “РЖД” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanda açylan wekilhanasy we türkmen demirýolçularyny “РЖД”-niň Demir ýol uniwersitetinde okatmak ýaly meseleleriň üstünde durlup geçildi.

Türkmen wekiliýeti Brýusselde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynyň çäginde duşenbe güni birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň foruma gatnaşýan wekilleri habar berdiler. Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň ulag boýunça komissary Adina Welean, Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Tereza Çerwinskaýa, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Bakyt Torobaýew, Latwiýa Respublikasynyň ulag ministri Kaspars Brişkens, ÝHHG-nyň ykdysady we daşky gurşaw işleri boýunça utgaşdyryjy býurosynyň orunbasary Ralf Ernst, “Royal IHC” kompaniýasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça satuw müdiri Hans Hesen, OPEC gaznasynyň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika (MENA) boýunça sebitleýin direktory Musab Alomar we “Arterail” kompaniýasynyň wekilleri bilen aýratynlykda duşuşdy.

Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ulag merkezine öwrülmäge taýýardygyny mälim etdi

Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýük daşamak babatda möhüm üstaşyr merkeze öwrülmek üçin ähli zerur infrastruktura eýe. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew Brýusselde geçirilýän Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça «Global Gateway» maýa goýum forumynda eden çykyşynda mälim etdi. «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň habar bermegine görä, B.Annaýew öz çykyşynda soňky ýyllarda Türkmenistan ulag infrastrukturasyna, hususan-da, 5000 km-den gowrak demir ýollaryň çekilmegine, ýylda 17 million tonna ýük geçirmäge ukyply bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, täze howa menzilleriniň we Aşgabat — Türkmenabatyň gurluşygyna işjeň maýa goýandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgesiniň geçirijiligini ösdürmek boýunça çäre geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň harby gullukçylary ýükler barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça geçirilen bilelikdäki okuw çäresine gatnaşdylar. Ol Farap awtoýollary (Türkmenistan) we Alat (Özbegistan) gümrük nokatlarynda geçirildi. Ýakynda geçirilen çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.