HABARLAR

Arkadagyň aksakgallyk mekdebi

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Aşgabat mejlisinden soňky oýlanmalar Türki dünýä! Ol şahalary gol ýaýradan goja daragta çalymdaş. «Daragt kökünden suw içer» diýlişi ýaly, müňýyllyklara barabar bitewi taryh, medeni-ruhy ýakynlyklardyr umumy gymmatlyklar bu daragtyň köklerine dirilik nemini berýär. Şeýlekin uly kuwwat bu gün doganlyk döwletleriň syýasy erk-eradasy bilen birleşip, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) düýp esaslaryny, Ýewraziýa giňişligindäki täsirli ornuny has-da pugtalandyrýar. Öz işini dürli düzümlerdir geňeşler arkaly alyp barýan bu guramanyň Aksakgallar geňeşi bolsa türki halklaryň baý taryhy mirasyna belent sarpanyň ýüze çykmasydyr, iň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilmegidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy TDG-niň bitewi ulag strategiýasyny döretmäge çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň bitewi ulag strtaegiýasyny döretmäge çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär. Türki döwletleriň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi. Tagallalaryň birleşdirilmegi halkara hyzmatdaşlarymyz we iri maýadarlar bilen bu ugurda ylalaşyklary gazanmaga mümkinçilik berer.

Işewür hyzmatdaşlyk-döwrüň ösüş nusgasy

Dünýäniň uzak taryhyna nazar aýlanymyzda döwletleriň ösüşiniň, halklaryň ýaşaýyş durmuşynyň olaryň ykdysady kuwwaty arkaly kesgitlenendigine şaýat bolýarys. Bu üýtgewsiz ölçeg döwürleriň häsiýetli aýratynlyklaryny, talaplaryny, tizligini, akyl ýetiriş işjeňligini... özüne siňdirmek bilen wagt geçdigiçe gerimini giňeldip otyr. Islegleriň artmagy esasynda, barha kämilleşýän ykdysady gatnaşyklarda indi diňe bir ýurduň içerki önümçiligi ýa-da ösüşi göz öňünde tutulman, eýsem, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkeýän döwletlerde guralýan sergilere gatnaşmak, eksport etmek arkaly halkara, sebitara we bütindünýä jemgyýetçiligine ýetirmek bilen umumadamzat bähbidi aralýar. Harytlaryň ýokary hilliligi, köpdürlüligi, bäsdeşlige ukyplylygy ýüze çykarylyp, ynsan döredijiliginiň, zähmetiniň datly miwesi dünýä jemgyýetçiligine ýetirilýär. Munuň şeýledigine bahar paslynyň ilkinji günlerinde, ýagny 4-5-nji martda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýokary derejede, guramaçylykly geçirilen owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürlik maslahaty aýdyň mysaldyr. Türkmen topragynda ilkinji gezek guralan owgan harytlarynyň sergisine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslah

Wolga kenaryndaky «Arkadag»

Bu durmuşy hekaýatyň süýjüligini gözi bilen görenleriň dilinden eşidäýseň. Dogrusy-ha, biziň şeýlekin ösen zamanamyzda Älemiň haýsydyr bir alys künjeginde bolýan wakadyr ahwalaty, täzeligi el telefonyňda ýa-da kompýuteriňde edil ýanynda ýaly synlap oturmaly. Onsoň, zirre güman galmaýar.  Muny gör-le! Ýer ýüzüniň iň uzyn, iň bol suwly derýalarynyň biri hasaplanýan Wolganyň orta akymyndaky Nižniý Nowgorod şäheri hakda-ha eşidensiňiz. Ol Russiýa Federasiýasynda «Altyn halka» atlandyrylýan medeni-taryhy ýadygärlikler toplumyna girýän gadymy hem gözel şäherleriň biri. Asyl-ha, taryhyň habar bermegine görä, Rus döwletiniň döremegi şu ýerde gurlan köne knýazlykdan gözbaş alýar. Ine, ilaty 1 million 253 müňden agarak şu şäheriň ýaşaýjylarynyň aglabasynyň tanaýan hem juda hormatlaýan kişileriniň biri biziň ildeşimiz.

Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy — ileri tutulýan ugur

Ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlyk meselesi mart aýynyň başynda ýene-de ilkinji hatara çykdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1 — 2-nji martda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary muňa mysal bolup, onuň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleri geçirdi, üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş etdi, türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we žurnalistler bilen duşuşdy. Bu wakalary beýan eden daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleri türkmen tebigy gazyny Türkiýä eksport etmek, şeýle hem gazy Ýewropa ugratmak babatda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada söz açdylar.

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: köpýyllyk hyzmatdaşlyk ynamly ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň il-ýurt bähbitli milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Ýadyňyzda bolsa, 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň esasynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Döwletimiziň milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny döwrüň täzeçil talaplaryna laýyk getirmek, BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek teklip edildi.

Geçmişi sarpalap, geljege ynam bilen türki döwletleriň gadyrly gatnaşyklary has-da berkidilýär

Baýkaldan Balkan ýarymadasyna çenli uzaýan uly giňişlikde mekan tutunan türki halklar medeniýetiňdir diliň, diniňdir däp-dessurlaryň umumylyklaryny paýlaşyp, müňýyllyklardan gözbaş alýan dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň däplerini häzire-bu güne çenli dowam etdirip gelýärler. Türki dünýäde döredilen ilkinji halkara düzüm hasaplanýan Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) bolsa şol umumy gymmatlyklaryň mirasdüşeridir. Häzirki döwrüň juda çylşyrymly ýagdaýlary döwletlerdenem, halkara we sebit guramalaryndanam oýlanyşykly çemeleşmeleri, deňeçer çözgütleri talap edýär. Şoňa görä, TDG-niň agza we synçy ýurtlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri-de ýygy-ýygydan bir meýdançanyň başynda jemlenmek bilen, türki dünýäde toplanan iň gowy tejribeleri rowaçlandyrmagyň ýollaryny bilelikde ara alyp maslahatlaşýarlar. 11 — 13-nji martda paýtagtymyzda geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisi hem bu hakykaty aýdyň görkezýär. 2009-njy ýylda «Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi» ady bilen döredilip, 2021-nji ýylyň noýabrynda geçirilen Stambul sammitinde ady «Türki Döwletleriň Guramasy» diýlip üýtgedilen bu düzüme Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň doly hukukly agza, Türkme

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzasy bolar

6-njy martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň adatdan daşary Baş assambleýasynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle hem bu duşuşyga birleşigiň agza ýurtlarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Duşuşykda Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň we olary täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.

Türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrylýar

4 — 6-njy mart aralygynda paýtagtymyzda owgan harytlarynyň sergisi hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň, 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň uly wekilçilikli topary Aşgabada geldi. Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň aglabasy ýurdumyzda öz mümkinçiliklerini ilkinji gezek tanyşdyrýarlar. Olar köpugurly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.

Türkmen-owgan işewürlik maslahaty

4-nji martda gözden geçirilişiň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Bellenilişi ýaly, onuň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport, maýa goýum kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Maslahata gatnaşyjylar özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň çäklerinde şu gezekki çäräniň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.